Eneler ýylgyrsa, ýylgyrýar Zemin

13 Mart 2024
447

Galkynyşdan ganatlanan döwrümizde zenanlara goýulýan sarpa barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiz zenan mertebesini beýgeltmek bilen, käbä deňelýän enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany kemala getiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, köp perzentli maşgalalara täze öýleriň açarlarynyň gowşuryllyp, durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi olara goýulýan hormatyň beýik nusgasydyr.

Gül Diýarymyzyň bezegi bolan eneleriň şatlygy, Zemini ýagtyldýan ýylgyryşlary baýramçylyk dabaralarynyň toý şatlygyny artdyryp, köňüllere sowulmajak ýazy bagyşlaýar. Şeýle bagtly zenanlaryň biri hem sekiz çagaly ene ― Dänew etrabynyň Berzeň geňeşliginiň ýaşaýjysy Nartäç Saparowadyr.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.