Goşa şatlyk getiren baýram

13 Mart 2024
396

Mährem eneleriň, gelin-gyzlaryň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ýurdumyzda uly aladalar edilýär. Şu ýyl bellenilen Halkara zenanlar güni biziň agzybir maşgalamyza goşa şatlyk bolup doldy. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagynyň hem-de täze, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açarynyň gowşurylmagynyň meni nähili begendirendigini söz bilen beýan edip bilemok. Bu meniň durmuşymda hiç haçan ýatdan çykmajak wakadyr.

Köp çagaly maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň, ýaşaýyş-durmuş şertlerimiziň gowulanmagynyň hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýandygy bizi — eneleri diýseň begendirýär. Döwletimizde çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda edilýän işler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan söýgi-buýsanjymyzy artdyrýar. Ýaş nesliň döwlet tarapyndan uly alada bilen gurşalýandygyny görmek, duýmak uly bagt.

Ogulnäzik Durdyýewa,
Balkanabat şäherinden öý hojalykçy, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi.