Goşa şatlyk — goşa toý

13 Mart 2024
378

Halkara zenanlar güni Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň uly topary üçin goşa baýramçylyga öwrüldi. Şol günde «Şähergurluşyk we hyzmat» hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasynyň baş potratçy bolmagy bilen hem-de «Rowaçly pursat» we «Höwesli ugur» hususy kärhanalarynyň bu kärhana ýakyndan ýardam bermeginde şäheriň Zelili köçesiniň ugrunda dört gatly 24 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi gurlup, ulanylmaga berildi. Täze öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylan maşgalalar şatlyklaryny paýlaşmak üçin gelen myhmanlara toý saçaklaryny giňden ýazdylar. Täze öýlerde mekan tutunan bagtly zenanlaryň birnäçesi biziň bilen ýürek buýsançlaryny paýlaşdy:

Güljemal ŞERMATOWA,

Ýazga geçiren Ilmyrat BERDIÝEW.