Watançylyk mekdebi

13 Mart 2024
414

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy ähli halkymyzy çäksiz begendiren ajaýyp waka boldy. Bu eser ýaş nesillerde watansöýüjiligiň kemala gelmeginde gymmatly gollanmadyr. Döwlet Baştutanymyz kitapda: «Esasy bilim, iň wajyp terbiýe watançylykdadyr. Beýik ösüşlere ýetmek üçin, ilki Watany söýmegi öwrenmeli» diýip belleýär. Bu jümleleriň ýaşlarymyzyň kalbynda, aňynda hemişelik orun alyp, olaryň watansöýüjilik duýgusyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedigi şübhesizdir.

Döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen köňül buýsandyryjy şygary halkymyzyň ýürek törüne aýdym bolup ýazyldy, durmuş ýolunyň şamçyragyna öwrüldi. Watana bolan söýgini ilkinji orunda goýup: «Watana söýgi — halka söýgi. Bu ýöne bir döräýen jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmegi üçin tutumly işleri durmuşa geçirýär. Milli ruhly, watansöýüji ýaşlary kemala getirmek bolsa döwrüň talaby bolup durýar. Watan söýgüsi ömrümize many çaýyp, edýän işiňe ruhubelent, yhlasly ýapyşmaklyga itergi berýär.

Körpe Seýitnazarow,
Magtymguly etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.