Biz — bagtyýar eneler

13 Mart 2024
411

Gurbangül Nazberdiýewa,
Bereket etrabyndan öý hojalykçy, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi:

— Türkmen zenanlary — bagtdan paýly, ykballary nurly zenanlar. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem şol bagtdan, nurly ykbaldan nyşandyr. Şeýle sylaga mynasyp bolan eneleriň arasynda özümiňem bolmagym maşgalamyzyň ähli agzalarynyň başyny göge ýetirdi. «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşany bilen birlikde, Galkynyş şäherçesinden ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýynyň açarynyň gowşurylmagyna begenjimiň, buýsanjymyň çägi bolmady.