«Şir ýag» öz önümçiligini ýola goýdy

13 Mart 2024
476

Düýn Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde «Asuda akym» hojalyk jemgyýetine degişli bolan «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglarynyň önümçiligi öz işine başlady. Bu wakanyň hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza amala aşyran saparyna gabat gelmegi täze zawodyň zähmet adamlarynda çäksiz buýsanç döretdi.

Önümçilikde mineral we sintetiki ýaglaryň dürli görnüşi öndürilip başlandy. Awtoulaglar, senagat we oba hojalyk tehnikalary üçin niýetlenilen ýaglaryň ilkibaşda 25 görnüşini öndürmek meýilleşdirildi. Soňy bilen ony iki essä çenli köpeltmek maksat edinilýär. «Şir ýag» haryt nyşanly önümler dürli ölçegdäki plastik gaplara gaplanylyp, alyjylara hödürlenilýär.