Arassa agyz suwy

12 Mart 2024
364

«Daşoguzwelaýatagyzsuw» birleşiginiň Görogly etrap bölüminiň işgärleri ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp işlemek bilen, göwnejaý netijeleri gazanýarlar. Şeýlelikde olaryň yhlasly zähmeti bilen etrabyň Görogly şäherinde, Abadanlyk, Zaman, Bereket, Ýagtylyk, H.Myradow adyndaky geňeşlikleriniň we beýleki ilatly ýerleriň ýaşaýjylaryna arassa agyz suwy bökdençsiz ýetirilýär. Şonda etrabyň çäginde bar bolan onlarça dik guýulardan, suw geçirijilerden netijeli peýdalanylýar. Şeýle üstünlikleriň gazanylmagynda bu ýerde zähmet çekýän 70-e golaý işçi-hünärmenleriň mynasyp goşantlary bar. Ýeri gelende bellesek, kärhanada agyz suwuny ulaglaryň kömegi bilen öýlere eltip bermegiň hem ýola goýulmagy ilat arasynda hoşallyk döredýär.

* * *

Ýörite habarçymyz.