Zenanlaryň keşbinde döwrümiziň bagty bar

13 Mart 2024
354

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda ähli taraplaýyn ösüşini üpjün etmek babatynda alnyp barylýan işler belent sepgitleri nazarlaýar. Jemgyýetiň esasy bolan maşgalanyň abadanlygyny üpjün etmekde, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda, sagdyn nesli kemala getirmekde, eneligi goramakda durmuşa geçirilýän işlerem diňe öwgä mynasypdyr.

«Zenan mähek daşydyr» diýen pähime eýeren pederlerimiz zenan mertebesini hemişe gorap gezipdirler, aýal-gyzlaryň jemgyýetde tutýan ornuna ýokary baha beripdirler. Ajaýyp zamanamyzda bu ýörelge döwrebap many-mazmuna beslenip, dowamat-dowam bolýar. Zenan maşgala mukaddes öý-ojagyň synmaz sütüni, ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasy bolup durýar.

Bibijan Nurmämmedowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary, welaýat halk maslahatynyň agzasy.