"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bagtly geljegiň röwşen ýoly

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetde gazanýan üstünlikleri yzygiderli artýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň üstümizdäki ýylyň iki aýynda ykdysadyýetde gazanylan netijeleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinden hem göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Hususan-da, nebiti gaýtadan işlemek, benzini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, öndürmek, nebiti we ugurdaş gazy çykarmak, «mawy ýangyjyň» eksportyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimizgurluşyk we senagat toplumyna maýa goýumlaryny çekmek bilen, şol bir wagtda pudaga degişli edara-kärhanalaryň hususylaşdyrylmagyny çaltlandyrmak barada tabşyryklary bermegi ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açylýandygyny ýene-de bir mertebe aýdyň görkezýär.

Tohumyňyz müň bolsun, merdana pagtaçylar!

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiň gün tertibinde ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Watanymyzyň göwher gaşy

Ýurtlar, döwletler, halklar paýtagty bilen tanalýar. Paýtagt — döwletiň, halkyň ýüzi bolup çykyş edýär. Mähriban Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat geçen 140 ýylyň dowamynda, gör, nähili özgerdi! Munça möhlet, bir seretseň, ol diýen känem däl, haçan-da, şol ýyllardan çawuş çakýan köne, saralyp giden fotosuratlary synlanyňda welin, kän zatlaryň özgerendigine düşünýärsiň. Bu gün türkmen paýtagtynda döwrebap durmuş gaýnap joşýar. Müň bir yşykly ajaýyp şäher agşamlarynyň özüne çekijiligini wasp etmegi diňe ussat şahyrlar başaryp bilerler. Hawa, obalar mirasy, hakydany saklaýjylardyr, olar däp-dessurlary geçmişden geljege äkidýärler, şäherler bolsa täze däpleri döredýärler, olaryň ümzügi diňe öňe. Şäherleriň yza garamaga wagty ýok, çünki olary geljek, kämilleşmek barha özüne dartýar...

Gutly bolsun, Milli bahar baýramy!

Zeminiň läle-reýhana beslenip, tebigatyň hoşroýluk kamatyna eýe bolýan günlerinde, ýagny 20-nji martda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekişlik dabarasy geçirildi. Onuň yzysüre, 21-nji martda bolsa, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni paýtagtymyzda we Diýarymyzyň welaýatlarynda täsirli çärelere, şowhunly dabaralara beslendi. Agzybirlikli zähmet joşgunyny döreden bu asylly çäreler oňa gatnaşanlara ruhubelentlik joşgunyny paýlady. Baýram gününde Garagum derýasynyň kenarynda guralan dabara toý şowhunyny has-da artdyrdy. Bu ýerde zergärleriň, suratçylaryň, nakgaşlaryň, halyçylaryň döredijilik eserlerinden guralan sergi tomaşaçylara özboluşly bahar ýalkymyny bagyşlady. Folklor we tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdymdyr tanslary baýramçylyga aýratyn bir öwüşgin çaýdy. Biz hem bu baýramçylyk dabaralaryna gatnaşan ildeşlerimiziň käbirleriniň köňül kelamlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik:

Dost-doganlygyň, gülleýşiň baýramy

Türkmen halkynyň baýramçylyklarynyň naýbaşysy bolan Nowruz baýramy ençeme asyrlardan bäri uludan bellenilip gelinýär. Gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan bu baýramçylyk täze günüň – döreýşiň, janlanyşyň baýramydyr. Tebigatdaky guşlaryň we beýleki janly-jandarlaryň gyş ukusyndan oýanmagy, ýaýlalarda, sähralarda al-ýaşyl bolup otlaryň gögermegi, gülleriň açylmagy, baglaryň pyntyk ýarmagy, garlaryň eräp, Günüň jana ýakymly şöhlesiniň älem-jahana ýylylyk eçilmegi Nowruzyň bezegidir we zemine eçilýän serpaýydyr. Tebigatyň bu täsirli we täsin janlanmasy, görklenmesi ynsan kalbyny heýjana getirýär, ruhuny göterýär. Kalbynda ýaşaýşa, durmuşa bolan söýgini joşdurýar. Nowruz, taryhdan belli bolşy ýaly, örän gadymy baýramçylyklaryň biri bolup, käbir maglumatlara görä ol dört müň, käbir maglumatlarda bolsa, bäş müň ýyldan bäri bellenilýär. Şeýlelikde, Nowruz güni baharyň ajaýyplygy hasaplanylypdyr, çünki mart aýynyň 21-inden 22-sine geçilende, gije-gündiziň ýazky deňleşýän wagty bolmak bilen, gyş pasly tamamlanyp, ýaz pasly başlaýar. Şol günden başlap hem tebigatda gündiz uzalyp ugraýar. Daýhanlar täze hasylyň ekişine başlaýarlar we uly umyt bilen ýere tohum taşlaýarlar. Şonuň üçin hem ol güni täze ýylyň başlangyjy hökmünde kabul edipdirler. Nowruz, ilkinji nobatda, ýerden önýän ekin hasylynyň bereketli bolmagy arzuw edilýän gündür. Nowruz baýramy myhmansöýerligiň, ynsanperwerl

Halklary we kalplary ýakynlaşdyrýan baýram

Täzelenişiň we gülläp ösüşiň nyşany hasaplanýan ajaýyp bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýetip geldi. Ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrmakdaky, ýurtlardyr halklary ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgeleri esasynda jebisleşdirmekdäki orny göz öňünde tutulyp, 2009-njy ýylda Nowruz baýramynyň geçiriliş däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi Nowruz baýramynyň adamzat gymmatlygy hökmünde ähmiýetini has-da artdyrdy. Dünýä bileleşiginde bu sene indi 12-nji gezek halkara baýram hökmünde bellenilýär. Gazetimiziň baýramçylyk sanlarynda Nowruzy biziň bilen bilelikde milli baýram hökmünde giňden dabaralandyrýan döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gutlaglarydyr ýürek arzuwlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Täze günüň telwasy

Serediň, honha, gözýetimde gyzaran şapagyň tellerinden ýapyşyp, Gün çykyp gelýär. Täp-täzeje Gün. Ýaňy ýylysy ýaýrap, kamaty gözüňi jadylaýan, altyn şöhleleri bilen kükregiňi gyjyklap, geljegiňe umyt yşygy bolup ýaýraýan, arly gyşda «ýyly mährini» küýseden, täze gelin mysaly sülmüräp, «uz ýaşynyp», dogup gelýän Gün. Belki, her dogan Günüň gadyryny bilmegimiziň zerurdygyna yşarat edýändigi üçindir, ol ertir dogjak Günüň has eşretli, adalatly, nurana, şuglaly bolmagynyň maýasy ýaly bolup görünýär. Munuň şeýle görünmeginde we her atan daňyň ýagşylyga ýorulmagynda ata-babalarymyzdan miras galan her ynsanyň iň uly baýlygynyň öçmejek umyt, ýagşy arzuw hem-de synmaz ynamdygy bilen baglanyşykly düşünjeleriň-de täsiriniň az däldigi düşnüklidir. Üstesine-de, milletiň Lideriniň bu ümmülmez Diýary Diýarlaryň iň naýbaşysyna, dadyndan doýup bolmaýan şu durmuşy durmuşlaryň iň gözeline öwürmek üçin edýän ýadawsyz tagallalaryny göreniňde, kükregiň galkyp, gerdeniň dikelýär. Onsoň, täze dogan her bir Günden-de, ýaňy ýüzüni görkezen näzli helaldan-da özüňçe many, mazmun, arzuw, umyt agtaryp oturansyň. Çünki olaryň her birinde diňe ýeke adamyň däl, tutuş halkyň döwlet Baştutanyna bolan ynamy, söýgüsi, buýsanjy hem-de ýagşy arzuw-dilegleri jemlenen. Geçen, 2020-nji ýylyň — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 21-nji martynda hormatly Prezidentimiziň badalga bermeginde, köpçüli

Dostluk döwresinde

Halkara derejede giňden bellenilýän Nowruz baýramy halklary dostluk, hoşniýetlilik we doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşdyrýar. Munuň şeýledigine täze durmuşy buşlap, kalplary mähirden doldurýan bu ajaýyp baýram mynasybetli Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen dabaralar aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Bu ýerde Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyňdyr onuň Medeniýet merkeziniň guramagynda geçirilen baýramçylyk dabarasy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bu gün has-da işjeňleşip, täze many-mazmuna eýe bolýandygyny alamatlandyrdy. Amaly-haşam sungatynyň bilelikde guralan sergisiniň we dost-doganlyk konsertiniň açylyş dabarasyna welaýat häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we onuň Medeniýet merkeziniň wekilleri hem-de beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini özünde jemleýän Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de şanly senä bagyşlanýan çäreleriň ähmiýetini bellediler. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki sungat sergisi we konsert iki goňşy ýurduň medeni gatnaşyklarynyň barha rowaç

Ýylyň gelşi nowruzyndan bellidir

Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Zeminiň zynaty Nowruzym geldi!» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän halypa we ýaş žurnalistler, şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim alýan, döredijilik bilen meşgullanýan talyplar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa çykyş edip, milli Liderimiziň başda durmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli, beýik işler hakda hem-de baýramçylyk gutlaglaryny aýtdy. Halypa şahyr ýaş zehinlere döredijilik bilen bagly gymmatly maslahatlary berdi. Onuň Arkadagly Diýarymyz, döwletli döwranymyz, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden bellenilýän ajaýyp ýaz pasly barada okap beren şygyrlary bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsir galdyrdy. Şeýle-de döredijilik duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň çeper edebiýatda, halk döredijiliginde, gadymy golýazmalarda şöhlelenişi, ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde türkmen milli oýunlarynyň, däp-dessurlarymyzdyr baýramçylyklarymyzyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler. Halypa hem-de ýaş şahyrlaryň okap beren goşgularynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrü

Päkizeligiň we sazlaşygyň şäheri

«Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys» diýýän hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda baýram edilýän Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny ýokary guramaçylykly we döwrümiziň ösüşlerine laýyk derejede geçirmegiň möhümdigini yzygiderli nygtaýar. Şoňa görä-de, häzirki günlerde bu şanly senäni mynasyp garşylamak boýunça meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu günki gün ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp keşbi, gaýtalanmajak gözelligi, ykdysadyýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş, aragatnaşyk, medeniýet ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ýeten belent derejeleri halkymyzyň baş şäherimize buýsanjyny has-da artdyryp, ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar. Aşgabat — Watanymyzyň ýüregi. Onda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna dahylly taryhy çözgütler kabul edilýär, il-ýurt bähbitli beýik işler amala aşyrylýar. Aşgabat — ýurdumyzyň ýüzi. Baş şäherimizde ýurdumyza gelen wekiliýetler, syýahatçylardyr myhmanlar mynasyp derejede garşylanýar. Olar paýtagt şäherimize seredip, tutuş ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine baha berýärler. Şoňa görä-de, Aşgabadyň gözellikleri, haýran galdyryjy bina

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Mähriban halkym!Eziz watandaşlar! Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýetip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy.

Päkize umytlaryň gönezligi

Halkara Nowruz baýramyny bellemek däbi bize ata-babalarymyzdan miras galypdyr. Gündogaryň beýik danasy Omar Haýýamyň «Nowruznama» atly eserinde bu gadymy baýram bilen baglanyşykly däp-dessurlar, edim-gylymlar barada söhbet açylýar. Käbir halklarda dowam edip gelýän däplere görä, Nowruzy öýüňde garşylamak göwne makul hasaplanylýar. Irki döwürlerde şol gün öýüň gapysyny ýapmandyrlar, uzak gije çyrany söndürmändirler. Nowruz däpleri adamlaryň arasynda birek-birege ynanyşmak, ýagşylyk etmek ýaly duýgulary döredipdir. Pederlerimiz bu baýramy öýke-kineleriň unudylýan, täze umyt-arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň şineleýän baýramy diýip hasaplaýarlar. Baýramçylyga görülýän ählumumy taýýarlyk — köpçülik bolup bag nahallaryny oturtmak, ýaplary arassalamak, milli tagamlary taýýarlamak ýaly ýörelgeler gönüden-göni Nowruzyň gelmegi bilen berk baglanyşyklydyr hem-de her ynsanyň kalbyna nur bolup dolýan päkize umyt-arzuwlaryň gönezligidir. Gözýetmez ýaýlalarymyzyň ýaşyl begrese bürenip, gül-gülälekli sähralarymyzda saýrak guşlaryň hoş owazynyň joşgunly ýaňlanyp, owlak-guzularyň sesleri bilen özboluşly sazlaşyk tapýan günlerinde uludan toýlanylýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bagtyýarlyk döwrümizde has-da berkän il agzybirligini, jebisligini ähli aýdyňlygy bilen görkezýän naýbaşy baýramlarymyzyň biridir. Ol hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ählumumy

Toý döwresi köňle şatlyk paýlaýar

Türkmen iline bahar geldi. Bahar ― Zeminiň gelşigi, köňülleriň soltany, ýaşaýşyň gözbaşy. Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň gelmegi bilen, bu barlykda oýanyş, direliş başlanýar. Owadanlygy bilen bilbilleri özüne bendi eden bahar pasly daň şemaly ýaly näzik, säher şapagy kimin tämiz Milli bahar baýramyny alyp geldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ösüşleriň ajaýyp belentliklerine barýan Diýarymyzda Milli bahar baýramy uludan bellenilýär. Öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruzyň gelmegi adamlaryň bahardaky şatlygyny goşalandyrýar. Bu baýramyň ýurdumyzda bellenilişi, Nowruz däpleri dogrusynda Halaç etrabynyň Garabekewül şäher çagalar sungat mekdebiniň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Gülşat Begiýewa şeýle gürrüň berdi:

Tebigatyň hem durmuşyň sazlaşygy

Nowruzyň gelmegi bilen tebigat jana gelip, ynsan kalbynda joşgun emele getirýär. Her ýyl bahar aýynda bellenilýän Nowruz baýramy ir zamanlardan gözbaş alýar. Gadymy halklar bu baýramçylygy gaýgy-gamyň unudylýan, şadyýanlygyň, saz-söhbediň, täzelenişiň, päklenmegiň we sahylygyň baýramy hökmünde ykrar edipdirler. Ferdöwsiniň «Şanama» eserinde Nowruz baýramy Jemşit patyşanyň döwri bilen baglanyşdyrylypdyr. Eserde Jemşidiň «gudratly jamynyň» bolandygy şol jama seredip, öz patyşalygynda bolýan ähli zatlara syn edip bilendigi, bu ahwalyň şahyrdyr suratkeşleriň üns merkezinde bolandygy beýan edilýär. Gadymy rowaýatlara görä, Jemşit uzak wagtlap patyşalyk edipdir. Onuň döwründe gowulyklar, ahlak arassalygy höküm sürüpdir. Jemşit patyşa halklara geýim tikmegiň, jaý gurmagyň, ekerançylygyň syrlaryny öwredipdir. Nowruz baýramy baradaky maglumatlary Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinden-de okamak bolýar.

Semeni

Nowruz baýramynda taýýarlanýan esasy tagamlaryň biri-de semenidir. Milli bahar baýramynyň ýakynlaşýan günlerinde ýurdumyzyň şäherdir obalarynda bu datly tagam bilen baýramçylyk saçaklary bezelýär. Semeni taýýarlamak örän hysyrdyly iş bolup, ol wagt talap edýär. Halkymyz bu baýrama öňünden taýýarlyk görüp, dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen agzybirlikde semeni taýýarlaýarlar. Nesibämiz çekip, Kaka etrabynyň gojaman Köpetdagy etekläp oturan Artyk obasynyň ýaşaýjysy Ogulbaýram Annaýewanyň maşgalasynda myhmançylykda bolanymyzda semeni tagamynyň taýýarlanyşynyň şaýady bolduk. Obanyň gelin-gyzlary ak bugdaýy gowy arassalap, aşa dok we sagdyn bugdaý dänejiklerini saýlaýarlar. Saýlanan bugdaý dänelerini ýedi gezek gowy ýuwup, ýyly ýerde ýörite taýýarlanan agzy giň gaplarda, agaç gapaklaryň ýa-da ak matanyň üstünde 3-4 barmak galyňlykda ýaýradyp, tä şineleýänçä saklap, ony her gün üç wagtyna çyglap durýarlar. Adatça, bugdaý däneleri 2-3 günüň dowamynda şineleýär. Olar giň ýalpak gaplaryň üstüne endigan ýaýradylyp ýerleşdirilýär. Semeni üçin ekilen bugdaý maýsasy, adatça, bäş güne ýetip-ýetmän gögerýär. Maýsa ösüp, bir serä ýetende, ony akja şinesi bilen bile gyrkyp alýarlar. Bugdaý maýsajygyny çagalaryň bagjygyna ýa-da saçbagyna dakýarlar. Şeýle etmek bilen neslimiz dowam etsin diýlip yrym edilýär.

Ak şähere seýil-seýran mübärek

Gözel paýtagtymyz seýilgähleriň şäheridir. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyza we Ahal welaýatyna iş saparynda bolup, iri gurluşyklardaky işler bilen tanşanda, gurulýan binalary bagy-bossanlyga büremek, ýaşyl zolaklary döretmek bilen bagly aýdanlary buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Bag diýmek — ýaşaýyş diýmek. Baglar gözellik döredişi bilen birlikde howany arassalap, onuň tämiz bolmagyna, netijede, adamlaryň ömür dowamlylygynyň uzamagyna ýardam edýär.

Garaşsyzlyk: Taryhyň bagtyýar döwri

Garaşsyzlyk baýramy — toý-baýramlaryň seresi, ol il-ýurduň sowulmaz ýaz ýaly bagtynyň güwäsi. Bu baýramçylygy her ýyl uly dabaralar bilen belleýäris. Bu ýyl bolsa ony «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyndaky garşy alşymyz has-da üýtgeşik. Sebäbi bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyza 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hasyl bolan asuda ýaşaýşyň, erkana zähmetiň we abadan ösüşleriň ýakymy il-ýurt bagtyýarlygynyň binýady bolup, göwnümize ganat berýär. Bu gün Garaşsyzlygyň eçilýän miweleri il ykbalynyň asyl manysyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz sanlyja ýylyň içinde Garaşsyz ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykardy. Ýurdumyzyň paýtagty, ähli etrap-şäherlerimiz, obalarymyz tanalmaz derejede özgerdi. Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlyk, parahatlyk mukamy sazlaşykly hem-de belentden-belent ýaňlanýar.

Sag bol, eziz Arkadag!

Waspyn edip WatanyňBu gün saýraýar dilim.Garaşsyz, gül DiýardaŞat geçýär aýym-günüm. Ösýäris, boý alýarys,Zamana owaz goşup.Göýä bagyň bilbili,Saýraýyp, heňler joşup.

«Güneşiň» ýürek arzuwlary

Zeminiň zynaty, eziz eneler! Siz — dünýäsi gülden görkli, zybany bal-şerbetli, ýüreklerdäki ornuny hiç kim dolduryp bilmejek, iň mähriban ynsanlarsyňyz! Gün öz howruny mähriňizden, tebigat asyl gözelligini keşbiňizden alýar. Mylaýym ýeller siziň hoşgylawlygyňyzy, bereketli toprak siziň sahylygyňyzy gaýtalamak isleýär. Ak garlar arzuwyňyzdan, läle-reýhanly meýdanlar ýaşaýşa bolan hyjuwyňyzdan reňk alýar. Eý, jennet aýaklarynyň astynda diýlen eziz eneler, siziň her sözüňizde perzent göwnüne ganat bitirýän gudratly güýç bar. Siz — bu dünýäniň altyn-zerden zyýada ruhy baýlygyny gyzgyn ýüregiňizde jemleýän mähriban käbelerimiz! Siz — adamzat ýaşaýşynyň beýik manysy, güýç-kuwwaty, görki hem durkusyňyz! Goý, nesil dowamatyny bar edýän ene gudraty siziň bilen baky berkligini gorasyn. Goý, ene gujagynda, ata ojagynda ösüp, kemala gelen perzentler ene süýdüni yhlas bilen haklap, Watan duzuna her demde wepaly bolsunlar. Siziň barlygyňyzda asmanymyz asuda, durmuşymyz abadan, dünýämiz ala-ýaz bolsun! Bu gün siziň baýramyňyz, eziz eneler! Baýramyňyz gutly bolsun! Gahryman Arkadagly asuda Watanda saglyk hem göwün hoşlugy bilen uzak ýaşaň, mähribanlar! ***