Dostluk döwresinde

21 Mart 2021
795

Halkara derejede giňden bellenilýän Nowruz baýramy halklary dostluk, hoşniýetlilik we doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşdyrýar. Munuň şeýledigine täze durmuşy buşlap, kalplary mähirden doldurýan bu ajaýyp baýram mynasybetli Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen dabaralar aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Bu ýerde Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyňdyr onuň Medeniýet merkeziniň guramagynda geçirilen baýramçylyk dabarasy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň bu gün has-da işjeňleşip, täze many-mazmuna eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.

Amaly-haşam sungatynyň bilelikde guralan sergisiniň we dost-doganlyk konsertiniň açylyş dabarasyna welaýat häkimliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we onuň Medeniýet merkeziniň wekilleri hem-de beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy. Dabarada çykyş edenler parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini özünde jemleýän Halkara Nowruz güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler hem-de şanly senä bagyşlanýan çäreleriň ähmiýetini bellediler. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki sungat sergisi we konsert iki goňşy ýurduň medeni gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagynyň nyşanydyr.

(Öz habarçymyz).
Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.