Tohumyňyz müň bolsun, merdana pagtaçylar!

21 Mart 2021
860

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiň gün tertibinde ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

«Bereketli toprak».