Täze günüň telwasy

21 Mart 2021
882

Serediň, honha, gözýetimde gyzaran şapagyň tellerinden ýapyşyp, Gün çykyp gelýär. Täp-täzeje Gün. Ýaňy ýylysy ýaýrap, kamaty gözüňi jadylaýan, altyn şöhleleri bilen kükregiňi gyjyklap, geljegiňe umyt yşygy bolup ýaýraýan, arly gyşda «ýyly mährini» küýseden, täze gelin mysaly sülmüräp, «uz ýaşynyp», dogup gelýän Gün. Belki, her dogan Günüň gadyryny bilmegimiziň zerurdygyna yşarat edýändigi üçindir, ol ertir dogjak Günüň has eşretli, adalatly, nurana, şuglaly bolmagynyň maýasy ýaly bolup görünýär. Munuň şeýle görünmeginde we her atan daňyň ýagşylyga ýorulmagynda ata-babalarymyzdan miras galan her ynsanyň iň uly baýlygynyň öçmejek umyt, ýagşy arzuw hem-de synmaz ynamdygy bilen baglanyşykly düşünjeleriň-de täsiriniň az däldigi düşnüklidir. Üstesine-de, milletiň Lideriniň bu ümmülmez Diýary Diýarlaryň iň naýbaşysyna, dadyndan doýup bolmaýan şu durmuşy durmuşlaryň iň gözeline öwürmek üçin edýän ýadawsyz tagallalaryny göreniňde, kükregiň galkyp, gerdeniň dikelýär. Onsoň, täze dogan her bir Günden-de, ýaňy ýüzüni görkezen näzli helaldan-da özüňçe many, mazmun, arzuw, umyt agtaryp oturansyň. Çünki olaryň her birinde diňe ýeke adamyň däl, tutuş halkyň döwlet Baştutanyna bolan ynamy, söýgüsi, buýsanjy hem-de ýagşy arzuw-dilegleri jemlenen.

Geçen, 2020-nji ýylyň — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 21-nji martynda hormatly Prezidentimiziň badalga bermeginde, köpçülikleýin bag ekmek dabarasy bilen başlanan we tutuş ýyllap dowam tapan çärelerde baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň şanyna 25 million düýp pürli, saýaly hem-de beýleki görnüşli bag nahallary oturdylypdy. Olar eýýäm bir ýaşyny dolduryp, ýaşyl ýapynja bürenip otyr. Ýaşatmak, ösdürmek, ulaltmak, megerem, sogaplaryň hem haýyrlaryň iň ulusy bolsa gerek. Şondan ugur alýan türkmen şeýle asylly däplerde maksady hem menzili hemişe uludan tutagan halk. Munuň şeýledigini düýn — 20-nji martda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabaralary-da aýdyň görkezdi.

Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».