Watanymyzyň göwher gaşy

21 Mart 2021
816

Ýurtlar, döwletler, halklar paýtagty bilen tanalýar. Paýtagt — döwletiň, halkyň ýüzi bolup çykyş edýär. Mähriban Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat geçen 140 ýylyň dowamynda, gör, nähili özgerdi!

Munça möhlet, bir seretseň, ol diýen känem däl, haçan-da, şol ýyllardan çawuş çakýan köne, saralyp giden fotosuratlary synlanyňda welin, kän zatlaryň özgerendigine düşünýärsiň. Bu gün türkmen paýtagtynda döwrebap durmuş gaýnap joşýar. Müň bir yşykly ajaýyp şäher agşamlarynyň özüne çekijiligini wasp etmegi diňe ussat şahyrlar başaryp bilerler. Hawa, obalar mirasy, hakydany saklaýjylardyr, olar däp-dessurlary geçmişden geljege äkidýärler, şäherler bolsa täze däpleri döredýärler, olaryň ümzügi diňe öňe. Şäherleriň yza garamaga wagty ýok, çünki olary geljek, kämilleşmek barha özüne dartýar...

Öwezgeldi ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.