Bagtly geljegiň röwşen ýoly

21 Mart 2021
960

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetde gazanýan üstünlikleri yzygiderli artýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň üstümizdäki ýylyň iki aýynda ykdysadyýetde gazanylan netijeleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinden hem göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Hususan-da, nebiti gaýtadan işlemek, benzini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, öndürmek, nebiti we ugurdaş gazy çykarmak, «mawy ýangyjyň» eksportyny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynda hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimizgurluşyk we senagat toplumyna maýa goýumlaryny çekmek bilen, şol bir wagtda pudaga degişli edara-kärhanalaryň hususylaşdyrylmagyny çaltlandyrmak barada tabşyryklary bermegi ýurdumyzda telekeçilige giň ýol açylýandygyny ýene-de bir mertebe aýdyň görkezýär.