Täzelenişiň we gülläp ösüşiň nyşany hasaplanýan ajaýyp bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýetip geldi. Ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrmakdaky, ýurtlardyr halklary ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgeleri esasynda jebisleşdirmekdäki orny göz öňünde tutulyp, 2009-njy ýylda Nowruz baýramynyň geçiriliş däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa 21-nji marty «Halkara Nowruz güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi Nowruz baýramynyň adamzat gymmatlygy hökmünde ähmiýetini has-da artdyrdy. Dünýä bileleşiginde bu sene indi 12-nji gezek halkara baýram hökmünde bellenilýär.
Gazetimiziň baýramçylyk sanlarynda Nowruzy biziň bilen bilelikde milli baýram hökmünde giňden dabaralandyrýan döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gutlaglarydyr ýürek arzuwlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.