Tebigatyň hem durmuşyň sazlaşygy

20 Mart 2021
928

Nowruzyň gelmegi bilen tebigat jana gelip, ynsan kalbynda joşgun emele getirýär. Her ýyl bahar aýynda bellenilýän Nowruz baýramy ir zamanlardan gözbaş alýar. Gadymy halklar bu baýramçylygy gaýgy-gamyň unudylýan, şadyýanlygyň, saz-söhbediň, täzelenişiň, päklenmegiň we sahylygyň baýramy hökmünde ykrar edipdirler.

Ferdöwsiniň «Şanama» eserinde Nowruz baýramy Jemşit patyşanyň döwri bilen baglanyşdyrylypdyr. Eserde Jemşidiň «gudratly jamynyň» bolandygy şol jama seredip, öz patyşalygynda bolýan ähli zatlara syn edip bilendigi, bu ahwalyň şahyrdyr suratkeşleriň üns merkezinde bolandygy beýan edilýär. Gadymy rowaýatlara görä, Jemşit uzak wagtlap patyşalyk edipdir. Onuň döwründe gowulyklar, ahlak arassalygy höküm sürüpdir. Jemşit patyşa halklara geýim tikmegiň, jaý gurmagyň, ekerançylygyň syrlaryny öwredipdir. Nowruz baýramy baradaky maglumatlary Omar Haýýamyň «Nowruznama» eserinden-de okamak bolýar.

Mäti ANNANUROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.