Semeni

20 Mart 2021
1196

Nowruz baýramynda taýýarlanýan esasy tagamlaryň biri-de semenidir. Milli bahar baýramynyň ýakynlaşýan günlerinde ýurdumyzyň şäherdir obalarynda bu datly tagam bilen baýramçylyk saçaklary bezelýär. Semeni taýýarlamak örän hysyrdyly iş bolup, ol wagt talap edýär. Halkymyz bu baýrama öňünden taýýarlyk görüp, dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen agzybirlikde semeni taýýarlaýarlar. Nesibämiz çekip, Kaka etrabynyň gojaman Köpetdagy etekläp oturan Artyk obasynyň ýaşaýjysy Ogulbaýram Annaýewanyň maşgalasynda myhmançylykda bolanymyzda semeni tagamynyň taýýarlanyşynyň şaýady bolduk. Obanyň gelin-gyzlary ak bugdaýy gowy arassalap, aşa dok we sagdyn bugdaý dänejiklerini saýlaýarlar. Saýlanan bugdaý dänelerini ýedi gezek gowy ýuwup, ýyly ýerde ýörite taýýarlanan agzy giň gaplarda, agaç gapaklaryň ýa-da ak matanyň üstünde 3-4 barmak galyňlykda ýaýradyp, tä şineleýänçä saklap, ony her gün üç wagtyna çyglap durýarlar. Adatça, bugdaý däneleri 2-3 günüň dowamynda şineleýär. Olar giň ýalpak gaplaryň üstüne endigan ýaýradylyp ýerleşdirilýär.

Semeni üçin ekilen bugdaý maýsasy, adatça, bäş güne ýetip-ýetmän gögerýär. Maýsa ösüp, bir serä ýetende, ony akja şinesi bilen bile gyrkyp alýarlar. Bugdaý maýsajygyny çagalaryň bagjygyna ýa-da saçbagyna dakýarlar. Şeýle etmek bilen neslimiz dowam etsin diýlip yrym edilýär.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugatüpjünçilik» maddy-tehniki üpjünçilik kärhanasynyň baş hünärmeni.