''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

GÖRNÜKLI DIPLOMAT, HALYPA MUGALLYM

Her gezek halypanyň iş otagynyň gapdalyndan geçenimde, bir zada haýran galýaryn. Ol iş stolunyň üstündäki kompýuterde bir zatlary ýazyp oturandyr. Ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, halypa hemişe täzeçilligiň gözleginde. Pikirler ummanynda ýüzüp ýören mahalyň: «Tüweleme, munça güýç-gaýrat nireden gelýär?» diýen tolkun bilen zol-zol çaknyşýarsyň. Muňa guýmagursak zehin diýjekmi ýa-da zähmetsöýerlik... Meniň pikirimçe, Amangeldi Rahmanowa bularyň ikisi hem berlipdir. Ol 1944-nji ýylyň 25-nji iýulynda Mary topragynda, Murgap derýasynyň sapaly kenarynda dünýä inýär. Oňa goýlan at hem pederiniň Watan öňündäki borjuny birkemsiz ýerine ýetirip, sag-aman Watanyna dolanyp gelendigi bilen bagly. Belki, körpeje Amangeldi doglanda, käbesidir kyblasy öz perzentleriniň geljekde ata Watanyndan ilkinji bolup, abraýly halkara guramada işlejekdigini pikirem eden däldirler...

MAGTYMGULYNYŇ PAÝHAS HAZYNASY

Türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy XIX asyrdan bäri gündogary öwreniji alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şahyryň çuňňur pelsepä, ynsanperwerlige, parasatly nesihatlara eýlenen edebi döredijiligini öwrenmäge berilýän üns has-da güýçlendirildi. Halkymyzyň beýik şahyrynyň il-günümiziň abadan, bagtyýar durmuşy, berkarar döwletlilik hakyndaky arzuwlarynyň wysaly bu günki gün täze taryhy döwrüň mysalynda aýdyň şöhlelenýär. Şeýle hem, akyldar şahyryň döredijiliginiň tutuş süňňüne siňdirilen mertlik, ahlaklylyk, giň gözýetimlilik, adamkärçilik hakyndaky garaýyşlary, şahyrana pikirleri halkymyzyň paýhas hazynasy hasaplanýar. Onuň döredijiligindäki ynsanperwer garaýyşlar diňe bir halka dahylly däl-de, umumadamzat ähmiýetine eýedir.

BIR WAKANYŇ ÜÇ ŽANRDAKY BEÝANY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzda taryhy-medeni mirasy aýawly saklamak we çuňňur öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny dünýäde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna bolan çäksiz söýgüsini has-da artdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli aýdym-saz sungatymyza ägirt uly goşant goşan beýik sungat ussatlaryna, bagşy-sazandalara aýratyn sarpa goýulýar. Olar hakyndaky rowaýatlar halkyň arasynda ýaşap, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ol rowaýatlarda beýik şahsyýetlerimiziň durmuş ýörelgeleridir geljek nesillere galdyran sungat miraslary hakyndaky hakykatlar özboluşly şöhlelenýär.

RAÝAT JEMGYÝETINI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ KANUNÇYLYK ESASLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan düýpli demokratik özgertmeler ýoly bilen bedew batly öňe barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda raýat jemgyýeti has-da kämilleşýär. Bilşimiz ýaly, raýat jemgyýeti ýoluna geçmekliginiň özboluşly ýoly bar. Onuň döremegi we ösmegi üçin ykdysady, syýasy, durmuş şertler zerurdyr. Raýat jemgyýeti hususy eýeçiligiň we bazar gatnaşyklarynyň bar ýerinde kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ykdysadyýeti bazar gatnaşyklarynyň esasynda ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermek, önümçilik pudaklarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam berýär» diýlip berkidilmegi aýdylanlary doly tassyklaýar.

KIŞMIŞLI KEKS

Süýjilikleriň arasynda ýönekeýligi we özboluşly tagamy bilen tapawutlanýan keksleriň birnäçe görnüşleri bar. Olaryň arasynda çagalyk ýyllarymyzy ýatladýan kişmişli keksiň tagamy has-da üýtgeşik bolýar. Žurnalymyzyň bu gezekki sanynda kişmişli keksiň taýýarlanylyşyny Siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. Gerekli önümler:

«BEDEW MÜNEN HASSA BOLSA, SAG OLUR»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende galdy. Ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlary gaýtadan dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär. Yhlasly we döredijilikli zähmet çekýän türkmen atşynaslary ady dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny köpeltmek boýunça uly işler alyp barýarlar. «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi ― biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewlerimize goýýan belent hormatyndan nyşandyr. Türkmen halkynyň bedewlere bolan garaýyşlary öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Biologiýa ylmynda ewolýusiýa ösüşiniň ýokary basgançagynda duran adama iň ýakyn ýerleşen jandary maýmyn hasap edýän bolsalar, halkymyz bedew aty adama iň ýakyn jandar hasaplaýar. Oňa Magtymguly Pyragynyň: «Bedew atlar adam ýaly syzýar» diýen sözleri şaýatlyk edýär. Türkmen halky bedewleri öz ýakyn syrdaşy hasap edipdir.

ÜNSSIZLIKMI ÝA PERWAÝSYZLYK?!

Amerikaly ussat skripkaçy Joşua Belliň döredijilik babatdaky meşhurlygy 1975-nji ýyldan bäri sazandalara gowşurylýan abraýly sylag – Eweri Fişeriň baýragyna mynasyp bolandan soň has-da artdy. Hatda adamlar Joşuanyň çalýan sazlaryny zalyň birinji hatarynda hezil edip diňlemek üçin 415 dollarlyk petege-de puluny gaýgyrmaýardylar. Emma sazyň ölemen janköýerleri filarmoniýadan daşarda sazandanyň ussatlygyna mynasyp baha berip bilýärmikä? Bu sowalyň jogabyny «The Washington Post» neşiriniň geçiren jemgyýetçilik tejribesi has-da aýdyňlaşdyrdy.

«ARKADAG» ÝYLDYZY – ÄLEM-JAHAN ŞUGLASY

«Aý dogsa, älem görer» diýleni! Halkyň bu hikmetli sözi täze taryhy döwrüň beýik gudraty hökmünde belent ykrara eýe bolan Arkadag şäheriniň mysalynda öz aýdyň güwäsini tapýar. Sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde peýda bolan döwrebap innowasiýaly Arkadag şäherinde bu günki gün bütin dünýäniň nazary eglenýär. Bu hakykaty sebitde ýeke-täk «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynda şähere halkara güwänamalaryň we diplomlaryň 21-siniň gowşurylmagy hem tassyklaýar. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly dabaralara beslenip toýlanmagy özboluşly mazmuna eýe boldy. Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli hem-de bu şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşany hökmünde asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Bu baradaky güwänamanyň hem-de teleskopyň we onuň düşüren suratynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagy şanly ýylyň möhüm wakasy hökmünde täsirli pursatlara beslendi.

ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär we olaryň döwrebap ylym-bilim almagyna, hünär eýesi bolmagyna, döredijilikli işlemegine ähli mümkinçilikleri döredýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargytlaryny ýüregine siňdirip, ýaşlara diňe okamak, öwrenmek, döretmek, halk üçin, Watan üçin işlemek galýar. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat etmekde mynasyp goşandyny goşan, şeýle hem edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde üstünlikler gazanyp, döredijilik başarnygyny görkezen ýaşlary «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy» bilen sylaglaýar.

DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI

ALKYŞNAMA Täze eýýam içre gözel Watanmyz,

AZYK HOWPSUZLYGY – DÖWRÜŇ TALABY

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, degişli ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine we ornaşdyrylmagyna, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürilýär. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň wekilleri we BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy «Hemra suratlarynyň we geografik maglumat ulgamlarynyň kömegi bilen öri meýdanlarynyň monitoring ulgamyny gowulandyrmak», «Balyk gorlaryna baha bermek we gözegçilik etmek» ýaly başlangyçlaryň çäklerinde Türkmenistana tehniki taýdan kömek bermäge meýillidigini mälim etdiler.

DEMOKRATIK ESASLARDA GEÇIRILEN SAÝLAWLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzda saýlaw ulgamynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzda saýlawlary guramaçylykly, milli kanunçylyga we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirmegiň oňyn tejribesi toplanyldy. Saýlawlar islendik döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, ol ýurtda syýasy ulgamyň kämilliginiň ölçeg terezisi hasaplanylýar. Saýlawlar döwletiň raýatlarynyň saýlamak we saýlanmak bilen bagly esasy syýasy hukuklarynyň biri bolup, olar jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýanyň ýüze çykmagynyň esasy çeşmesidir. Şu jähetden, ýurdumyzda saýlawçylar ses bermäge agzybirlik bilen işjeň gatnaşyp, mynasyp dalaşgäriň saýlanylmagy üçin uly goşant goşýarlar.

ENERGETIKA PUDAGYNYŇ ÖSÜŞ UGURLARY

Ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmak we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilişiniň möçberini yzygiderli artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ata Watanymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine uly ähmiýet bermek, bu ugurda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda suw we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmäge we topragyň zaýalanmagyna garşy göreşmek babatynda toplumlaýyn işler geçirilýär. Munuň özi öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, elektrik energetikasy pudagyny okgunly ösdürmek bilen baglylykda möhüm ähmiýete eýedir.

«EMELI AŇ» — ADAMZAT AŇYNYŇ KÄMIL ÖNÜMI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň döwrebap şertlerde ýaşamagy, kämil bilim almagy hem-de zähmet çekmegi üçin zerur tagallalar durmuşa geçirilýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi,  sanly tehnologiýalaryň hem-de innowasion usullaryň giň gerimde ornaşdyrylmagy ylym, bilim, ykdysadyýet, oba hojalyk, saglygy goraýyşy, medeniýet we senagat pudaklarynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda yzygiderli ösýän we kämilleşýän tehnologiýalaryň durmuşymyza tiz ornaşýandygyny we dünýämizi düýpgöter özgerdýändigini, barha döwrebaplaşdyrýandygyny aýdyň duýýarys. Şol sebäpli hem soňky wagtlar adamzat durmuşyny tehnologiýalar göz öňüne getirmek hem kyn. Tehnologiýalar we «akylly» tilsimatlar ýaşaýyş-durmuş şertlerimizi ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Sanly we innowasion tehnologiýalar ýaşaýyş-durmuş terzimize amatlylyk, tizlik we rahatlyk bagyşlaýar.

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE

ÝAŞ ALYM ELEKTROHEREKETLENDIRIJILERIŇ ÖŇÜNI ALJAK USULY OÝLAP TAPDY

DÜNÝÄ ÝAŞLARA DAÝANÝAR

Abraýly halkara guramalaryň hasaplamalaryna görä, dünýä ilatynyň agramly bölegi ýaşlardan ybarat. Ýaşlar – döwrüň hereketlendiriji güýji, dünýäniň we adamzadyň geljeginiň berk binýady. Bu gürrüňsiz hakykata häzirki wagtda has hem uly ähmiýet berilýär. Ählumumy parahatçylygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlyk arkaly ösüşiň üpjün edilmegi, ekologiýa abadançylygynyň we halklaryň arasynda ynsanperwerlik ýörelgeleriniň berkarar edilmegi ýaly döwrüň öňe sürýän möhüm syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli meseleleri, uzak geljegi nazarlaýan başlangyçlar dünýä ýaşlaryny has-da jebisleşdirýär, olaryň arasynda ruhy we ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan raýdaşlygy emele getirýär. Golaýda Özbegistan Respublikasynda geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň mysalynda muňa aýdyň göz ýetirmek mümkin. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallasy bilen hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň syýasy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny höweslendirmek, işewürlik we döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyň bu ugruna möhüm ähmiýet berilýär. Bu babatda döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň işjeň gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ilerledilýär.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY ESERINDE TERBIÝÄNIŇ YLMY ESASLARYNYŇ ŞÖHLELENDIRILIŞI

Nesil terbiýesini durmuşynyň özeni hasaplaýan türkmen halky bu ugurdaky köpasyrlyk tejribesini, ýol-ýörelgesini «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Çagany ýaşdan, edebi başdan», «Edepli ile gerekli», «Adam bir ýaşar, edebi – iki» ýaly onlarça nakyllardyr atalar sözlerinde, rowaýatlarda çugdamlap, geljekki nesillere miras goýupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlaryna berýän  her bir sargydynda, öwüt-ündewinde, Watançylyk sapaklarynda, dürdäne kitaplarynda hem edep-terbiýe meselesi aýratyn orun eýeleýär. Milli Liderimiz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserinde edep-terbiýe baradaky oý-pikirlerini çugdamlap, olary ylmy esaslandyrmalary bilen halkymyza ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseri turuwbaşdan ata Watana, il-güne söýgi, ata-babalarymyzdan miras galan edep-terbiýe mekdebiniň gymmaty dogrusyndaky pikirlere ýugrulandyr. Kitabyň «Terbiýe – bagtyýarlygyň çeşmesi» bölümi bolsa tutuşlygyna edep-terbiýäniň ylmy esaslaryna we halkymyzyň milli garaýyşlaryna, olary utgaşykly ulanmagyň geljekki bagtyýar nesli, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekdäki ähmiýetine bagyşlanýar. Gahryman Arkadagymyz kitabyň bu bölüminde halk arasynda giňden belli bolan «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň terbiýeli nesil ýetişdir» diýen pähimi getirmek we oňa seljerme be

DOSTLUKLY GATNAŞYKLARYŇ NETIJELI UGRY

Hoşniýetli gatnaşyklary giňeltmek, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän beýik işler daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmekde, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygy kemala getirmekde oňyn netijeleri berýär. Şonuň üçin-de, ýurdumyz dünýä hem-de sebit döwletleri bilen medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini barha giňeldýär.

ADY DÜNÝÄ DOLAN BEÝIK PYRAGY

Güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, milli medeniýetimizi, edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Toý-baýramlaryň goşadan gelýän ülkesinde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem barha giň gerime eýe bolýar. Akyldar şahyryň baý many-mazmunly döredijiliginiň, gyzyldan gymmatly şygyrlarynyň bu günki gün diňe bir türkmen halky tarapyndan däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden öwrenilmegi dana şahyryň mertebesiniň belentdigini aýdyň görkezýär. Ynsan kalbynda ajaýyp duýgulary döredip, agzybirlige çagyrýan beýik akyldaryň bize galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, dünýäde dabaralanýar.

TÜRKMEN HALKYNYŇ ASYLLY ÝÖRELGESI

Diýarymyzda jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna, raýat jemgyýetini pugtalandyrmaga, syýasy, ykdysady, demokratik özgertmeleri has-da işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyz ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerini ykrar edip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak we şahsyýetiň ähli hukuklaryny we azatlyklaryny dolulygyna goramak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri bir uly işiň başyny tutanda ýaşulular bilen maslahatlaşyp, köpi gören adamlar bilen geňeş edipdir. Pederlerimizden miras galan asylly ýörelge häzirki ajaýyp zamanamyzda hem mynasyp dowam etdirilýär. Demokratik ýörelgelere eýerilip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütler kabul edilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi halkyň bähbidiniň ileri tutulmagyny üpjün edýär. Döwletimizde halk bilen geňeşmek, halk maslahatlaryny yzygiderli geçirmek asylly däbe öwrüldi.