"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Oýun bilen sazlaşykly terbiýe

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty köpugurly ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Dünýä ýaryşlarynda, olimpiada oýunlarynda Watanymyzy şöhratlandyrmak üçin ukyply, zehinli türgenleri taýýarlamak we kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hasaplanylýar. Sporty we olimpiýa hereketlerini ösdürmek hem-de oňa ýaşlarymyzy çekmek işi umumy orta bilim berýän mekdeplerden başlanýar. Şeýlelikde, bu iş ýaşlarda zähmet endiklerini kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek, halkymyzyň ruhy medeni gymmatlyklaryny döredijilikli baýlaşdyrmak ýaly asylly sypatlar bilen utgaşdyrylmalydyr. Elbetde, ýaşlarda zähmet endiklerini terbiýelemekde türkmen milli oýunlaryň hem ähmiýeti uludyr.

Cagalar we ulular üçin tennisiň peýdalary

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Sport bilen başlanan säher bütin günüň dowamynda bedene kuwwat berýär. Munuň nerw ulgamynyň rahatlygyna we sazlaşyklylygyna hem täsiri uludyr. Bilşimiz ýaly, hereket durmuşdyr, şonuň üçin sport bilen meşgullanmak diňe bir peýdaly bolman, eýsem zerurdyr.

Ösümliklerden taýýarlanylýan dermanlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Ýur­du­my­zyň çä­gin­de duş gel­ýän der­man­lyk ösüm­lik bo­lan gum ço­mu­jy ba­ra­da mag­lu­mat

Gyzykly sport görnüşi

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 1900-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň hataryna goşulyp, 1920-nji ýylda Olimpiadanyň sanawyndan aýrylan ýüp çekmek ýaryşy (Tug of War) iki toparyň özara güýç synanyşmagy esasynda geçirilýär. Ýüp çekmek ýaryşynyň gelip çykyşy belli däl, ýöne taryhy maglumatlarda irki döwürlerde Kamboja, Müsür, Gresiýa, Hindistan we Hytaý sebitlerinde bu oýnuň oýnalandygy barada bellenilýär. Ýüp çekmek ýaryşy ilkibaşda «ýagtylyk bilen garaňkylygyň göreşmegi» diýen manyda geçirilipdir. Soňlugy bilen adaty sport görnüşine öwrülipdir.

Bir lukma et

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Boksçy Tom King undan taýýarlanan sousyň iň soňky damjasyny, iň soňkuja çörek bölejigi bilen okaradan syryp aldy-da gözlerini bir nokada dikip, howlukman çeýnedi. Ol aýalydyr, aç ýatan iki çagasyny eklemek üçin güzeranyny aýlamalydy. King öňünde goýlan nahardan doýmansoň saçagyň başyndan içiňe-bagryňa düşüp barýan açlyk duýgusy bilen turdy. Onuň aýaly asly işçi maşgalasyndan bolan ýuka ýürek, hamrak zenandy. Ol sous taýýarlamak üçin uny goňşularyndan karzyna alypdy. Iň soňky ýarym pennä bolsa, çörek satyn alypdy. 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy IIM-niň aw­tou­lag mer­ke­zi­ne tä­ze ge­lip gow­şan sport ula­gy­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­nyş­dy

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de ýer­leş­ýän Sport-ulag mer­ke­zi­ne gel­di hem-de bu ýer­de mer­ke­ze tä­ze ge­lip gow­şan sport ula­gy­ny sy­nag­dan ge­çir­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz IIM-niň Sport-ulag mer­ke­zi­ne tä­ze ge­lip gow­şan hä­zir­ki za­man sport ula­gy­nyň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem-de onuň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy bi­len ta­nyş­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, be­den­ter­bi­ýe we sport halk­la­ry­dyr ýurt­la­ry je­bis­leş­dir­mek bi­len, bü­tin dün­ýä­de dur­nuk­ly­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýär.

Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasy

Aja­ýyp za­ma­na­myz­da hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da» ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar­da ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň: «Ösüş bi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­my­zyň baş mak­sa­dy­dyr» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, aja­ýyp za­ma­na­myz­da gur­mak, dö­ret­mek, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ös­dür­mek ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu aý­dy­lan­la­ra «Ar­ka­dag şä­he­ri­niň» gur­lu­şy­gy aý­dyň ke­pil bo­lup dur­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zidentimiziň baş­lan­gy­jy bi­len tä­ze şä­her­de hä­zir­ki wagt­da döw­re­bap enjam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport des­ga­la­ry, me­de­ni­ýet eda­ra­la­ry we beý­le­ki bi­na­lar gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Şo­la­ryň bi­ri hem Ar­ka­dag şä­he­ri­niň mer­ke­zin­dä­ki Hal­ka­ra at­çy­lyk ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da 2022-nji ýy­lyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan gi­ňiş­le­ýin Hö­kü­met mej­li­si ge­çi­ril­di. On­da türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy bo­lan at­la­ryň to­hum aras­sa­ly­gy­ny go­rap sak­la­mak we baş sa­ny­ny kö­pelt­mek, bu ugur­da ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri top­lum­la­ýyn hem-de yl­my esas­da taý­ýar­la­mak mak­sa­dy bi­len, Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­k

Türkmenistan– Katar: sport hyzmatdaşlygy pugtalanýar

2023-nji ýy­lyň 19–20-nji mar­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow döw­let sa­pa­ry bi­len Ka­tar­da bol­dy. Bu ge­zek­ki sa­par dost­luk we bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan, öza­ra bäh­bit­li türk­men-ka­tar hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­riň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Ka­tar Döw­le­ti bi­len hyz­mat­daş­ly­gy dost­luk däp­le­ri­niň, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­syn­da äh­li ugur­lar bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär. Iki ýur­duň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1996-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ýo­la go­ýul­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ýur­da no­bat­da­ky sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Do­ha şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ka­tar Döw­le­tin­dä­ki il­çi­ha­na­sy­nyň açyl­ma­gy döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň hil taý­dan tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­di.

Se­bi­tiň göw­her ga­şy

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ar­ka­dag şä­he­ri­  ba­ra­da buý­sanç ke­la­my Ga­raş­syz ýur­du­myz­da gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýän bi­na­lar­dyr des­ga­la­ryň, tä­ze şä­her­çe­le­riň­dir şä­her­le­riň ha­ta­ry bar­ha ar­typ bar­ýar. Ýur­du­my­zyň Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de, Kö­pet­da­gyň etek­le­rin­dä­ki gö­zel kün­jek­le­riň bi­rin­de bi­na edi­len tä­ze Arkadag şä­he­ri bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýän hä­zir­ki za­man aja­ýyp şä­her­dir.

Demokratiýanyň dabaralanmagy

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan we Arka­dag­ly Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän za­ma­na­bap sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler ne­ti­je­sin­de, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň kons­ti­tu­sion esas­ly dün­ýe­wi, de­mok­ra­tik we hu­kuk bin­ýat­la­ry­ny yzy­gi­der­li ber­kit­mek, ýurt­da halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. 2023-nji ýy­lyň 26-njy mar­tyn­da ýur­du­myz bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň, halk mas­la­ha­ty­nyň we Ge­ňeş ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň my­sal­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na we de­giş­li ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň 18 ýa­şa ýe­ten her bir ra­ýa­ty saý­law­la­ra bir ses hu­ku­gy bi­len gat­na­şyp bil­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry­nyň saý­la­wy gö­ni ses be­ril­me­gi, ýag­ny her bir kä­mil­lik ýa­şy­na ýe­ten ra­ýa­tyň özü­niň gös-gö­ni ses ber­mä­ge gat­naş­ma­gy esa­syn­da ge­çi­ril­ýär. Il­deş­le­ri­miz döw­let, il-ýurt bäh­bit­li her bir asyl­ly iş­de bol­şy ýa­ly, bu ge­zek­ki saý­law­la­ryň işi­ne hem ag­zy­bir­lik­de, je­bis­lik­de iş­jeň gat­naş­dy­lar. Saý­law­lar ra­ýat­la­ryň öz saý­lan da­laş­gär­le­ri­ne er­kin ses ber­mek­le­ri esa­syn­da ge­çi­ril­di.

Wagt bi­zi saý­la­dy

Her bir yn­san öz öm­rü­niň, dur­muş ýo­lu­nyň us­sa­sy. Ola­ryň äh­li­si şol ge­çen ýo­lun­da jem­gy­ýe­te peý­da­ly iş­ler bi­len meş­gul­la­nyp, ýag­şy amal­la­ra ýa­ran bol­ma­gyň ug­run­da he­re­ket ed­ýär­ler. Ömür diý­len­de, adat­ça, di­ňe ýag­şy amal­lar göz öňü­ňe gel­ýär. Çün­ki ta­ryh­da ýa­şap ge­çen akyl­da­ryň ýa­şan ýa­şy­ny bi­ti­ren iş­le­ri­niň sa­ny­na gö­rä kes­git­leý­şi ýa­ly, ömür ýo­lun­da di­ňe go­wy ne­ti­je­ler, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler şam­çy­rag ýa­ly ýa­nyp, il­ki gö­ze il­ýär. Şo­nuň üçi­nem heň­ňam­lar aý­lan­sa-da, şol yn­sa­nyň ady di­ňe onuň ýag­şy amal­la­ry bi­len ýat­lan­ýar. Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň: «Ýag­şy iş et, sen­den ýag­şy at ga­lar» diý­şi ýa­ly, äh­li yn­san­lar özün­den soň­ky dö­wür üçin ýag­şy at goý­ma­ga ym­tyl­ýar. Gahryman Arkadagymyz «Öm­rü­miň ma­ny­sy» at­ly ki­ta­byn­da: «Men yn­san öm­rü­niň ma­ny­sy bi­ti­ren go­wy iş­le­rin­de bol­ýar di­ýen dü­şün­jä uý­ýa­ryn. Se­bä­bi her bir adam bi­ti­ren şeý­le go­wy iş­le­ri bi­len beý­gel­ýär, şo­lar bi­len ýal­kan­ýar» di­ýip bel­le­ýär.

Sport ulgamynyň wekilleri Nowruz baýramyny gutlaýarlar

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de baý me­de­ni mi­ras­ly hal­ky­my­zyň aja­ýyp däp-des­sur­la­ry, baý­ram­çy­lyk­la­ry we toý da­ba­ra­la­ry tä­ze ma­ny-maz­mu­na eýe bol­dy. Ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň kal­byn­da ha­syl bo­lan ar­zuw­la­ryň öz­bo­luş­ly be­ýa­ny­na öw­rül­di. Hä­zir­ki wagt­da ru­hy-ede­bi we ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­my­zy öw­ren­mek, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li ba­har baý­ra­my — Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni bi­len bag­la­ny­şyk­ly däp­le­ri, ede­bi eser­le­ri, halk oýun­la­ry, toý ta­gam­la­ry öz göz­ba­şy­ny ga­dy­my­ýet­den alyp gaýd­ýar. Now­ru­zyň ta­ry­hy­ny eke­ran­çy­ly­gyň ir­ki ojak­la­ry bi­len bag­la­nyş­dy­ryp öw­ren­mek mak­sa­da­la­ýyk bo­lar. Eger Now­ru­zy, il­kin­ji no­bat­da, te­bi­ga­tyň tä­ze­le­ni­şi, eke­ran­çy­lyk iş­le­ri­niň baş­la­ny­şy bi­len bag­la­nyş­dyr­ýan bol­sak, on­da bu baý­ra­myň göz­ba­şy­ny hut şu be­re­ket­li top­rak­dan göz­le­me­li­di­ris. Bu aja­ýyp baý­ram gö­bek ga­ny­my­zyň da­man ýe­ri­niň mu­kad­des­li­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Now­ruz baý­ra­my­ňyz mü­bä­rek bol­sun, mäh­ri­ban wa­tan­daş­lar! Po­li­na GUR­ÝE­WA,olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň kü­müş me­da­ly­nyň eýe­si.

Barha pugtalanýan hyzmatdaşlyk

2023-nji ýy­lyň 27-nji few­ra­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len res­mi­na­ma­la­ryň top­lu­my­na gol çe­kil­di. Bu da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň we­kil­le­ri hem gat­naş­dy. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ilat gaz­na­sy­nyň (UNF­PA) ara­syn­da­ky 2023-nji ýyl üçin «Türk­me­nis­tan­da 2021 — 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, be­den­ter­bi­ýe we sport ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gy, gen­der deň­li­gi­ni iler­let­mä­ge ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gy­nyň gu­ral­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak» at­ly iş me­ýil­na­ma­sy­na gol çe­kil­di.

Hal­ka­ra sport gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk­lar gi­ňe­ýär

Be­den­ter­bi­ýe we sport jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän gym­mat­lyk­dyr. Ýur­du­myz­da bu ul­ga­my ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýurt­da bu ugur­da he­re­ket­le­riň tä­ze usul­la­ry ke­ma­la ge­ti­ril­ýär, us­sat tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak ug­run­da top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti ös­dü­ril­ýär. Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ös­dü­ril­me­gi, ada­myň kuw­wa­ty­nyň mad­dy we ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­gy ne­ti­je­sin­de, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri ke­ma­la gel­ýär. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça mil­li tür­gen­le­ri­mi­ziň ösüp ýe­tiş­me­gi ne­ti­je­sin­de, sport bo­ýun­ça hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi has-da gi­ňe­ýär.

Dost­lu­k we pa­ra­hat­çy­ly­k

Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz be­dew ba­dy bi­len ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne sa­ry öňe bar­ýar. Bag­ty­ýar­lyk­dan bagt ta­pan mäh­ri­ban hal­ky­myz bu gün eş­ret­li dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň äh­li pu­da­gyn­da bol­şy ýa­ly, sport ul­ga­myn­da hem be­lent sep­git­le­re, uly ösüş­le­re eýe bo­lun­ýar, türk­men spor­tu­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Ça­ga­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň oýun mek­de­bi

Ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni or­naş­dyr­mak bi­len bag­ly dur­mu­şa ge­çir­ilýän be­ýik iş­le­ri­ň düýp mak­sa­dy ýaş­la­ra sag­dyn ter­bi­ýe ber­mek­dir. Spor­tuň dür­li he­re­ket­li we aň-paý­has gör­nüş­li ugur­la­ry bi­len meş­gul­lan­mak ýaş­lar­da, şol san­da mek­dep okuw­çy­la­ryn­da az he­re­ket­li­lik se­bäp­li dö­re­ýän kem­çi­lik­le­riň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi ola­ryň boş wagt­la­ry­nyň esa­sy bö­le­gi­ni he­re­ket­siz, komp­ýu­ter­le­riň we el te­le­fon­la­ry­nyň ba­şyn­da ge­çir­mek­le­ri­niň or­nu­ny ça­lyş­ýar. Küşt oý­ny hal­ky­my­zyň ara­syn­da ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri söý­lüp oý­nal­ýan aň-paý­has oý­nu­dyr. Mu­ňa as­ly türk­men top­ra­gyn­dan bo­lan As-Su­li­niň dün­ýä­de küşt bo­ýun­ça res­mi däl il­kin­ji çem­pion ha­sap­lan­ma­gy hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Şeý­le-de, 1939-njy ýyl­da türk­men küşt­çü­si Täş­li Taý­ly­ýew öň­ki so­ýu­zyň kol­hoz­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ry­şyň çem­pio­ny bo­lup­dyr. Ha­ly­pa küşt­çi Aman­my­rat Ka­ka­gel­di­ýew öz ma­ny­ly öm­rün­de 24 ge­zek Türk­me­nis­ta­nyň, 2 ge­zek SSSR-iň çem­pio­ny bo­lup­dy. Mäh­ri Gel­di­ýe­wa iki ge­zek (1996-njy we 1998-nji ýyl­lar­da) Bü­tin­dün­ýä küşt Olim­pia­da­sy­nyň çem­pio­ny­nyň be­lent mün­be­ri­ne çy­kyp­dy.

Sagdynlyk —ruhubelentlik

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Her ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de ýur­du­myz­da hem-de dün­ýä ýü­zün­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. «Sag ba­şym – sol­tan ba­şym», «Sag­ly­gym – beg­li­gim» di­ýip, sag­ly­gy­ny ba­şy­na täç ed­ýän adam üçin her gün toý-baý­ram­dyr. Çün­ki yn­san üçin sag­lyk­dan gym­mat­ly baý­lyk ýok­dur. Bi­ziň eziz Di­ýa­ry­myz­da bol­sa her bir yn­sa­nyň sag­dyn ýa­şa­ma­gy üçin taý­syz ta­gal­la­lar edil­ýär. Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­na hem-de «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, mil­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň dü­züm­le­ri düýp­li öz­ger­dil­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş ba­bat­da äh­lu­mu­my ösüş­le­riň, aba­dan­çy­ly­gyň we bag­ty­ýar­ly­gyň bäh­bi­di­ne hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek­de oňyn tej­ri­be­ler top­lan­ýar.

Şa serpaýly türgenler

Be­lent Be­lent we buý­san­dy­ry­jy ösüş­le­riň aý­dyň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan­da 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» il-halk bäh­bit­li bü­tin­dün­ýä äh­mi­ýet­li iş­ler bi­len Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýag­ty gel­je­ge ta­rap ba­dal­ga al­dy. Şeý­le be­lent mak­sat­la­ra ýet­mek­de türk­men ýaş­la­ry­na uly orun be­ril­ýän­di­gi biz — ýaş­la­ry diý­seň buý­san­dyr­ýar. «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­nyň» ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len gi­ren Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň pa­la­ta­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da, bi­le­lik­de ge­çen mej­li­sin­de türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň baş­lyk­ly­gy­na bel­le­nil­me­gi, şeý­le-de, dün­ýä­de yk­rar edi­len Gahryman Arkadagymyzyň Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideridiginiň ka­nun taý­dan ber­ki­dil­me­gi ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň buý­san­jy­ny has-da art­dyr­dy.

Sport we gö­zel­lik ter­bi­ýe­si

Su­ra­tlan­dyr­ma (za­ri­sow­ka) oçerk bi­len ugur­daş, ýö­ne ýor­dum­syz (sýu­žet­siz) ýa­zyl­ýan pub­li­sis­tik eser­dir.Su­ra­tlan­dyr­ma be­ýan ed­ýän ug­ry, ýe­ri, wag­ty bi­len bag­ly­lyk­da: peý­zaž­ly za­ri­sow­ka, bir­leş­di­ri­len (as­so­sia­tiw) za­ri­sow­ka, keşp­le­ýin (port­ret) za­ri­sow­ka ýa­ly gör­nüş­le­re bö­lün­ýär.Peý­zaž­ly su­ra­tlan­dyr­ma ― be­ril­jek bo­lun­ýan esa­sy ha­ba­ry, go­ýul­ýan baş me­se­lä­ni peý­zaž bi­len bag­lap su­rat­lan­dyr­ýar. Ol mal­dar­la­ryň, eke­ran­çy­la­ryň, gur­lu­şyk­çy­la­ryň işi ba­ra­da ýa­zy­lyp bil­ner.Bir­leş­di­ri­len su­ra­tlan­dyr­ma ― su­rat­lan­dyr­ma­nyň bir­nä­çe usu­ly­nyň öza­ra ut­gaş­ma­sy esa­syn­da ýa­zyl­ýar. Ol işiň bir­nä­çe ug­ry ba­ra­da ut­ga­şyk­ly ha­bar ber­mä­ge ni­ýet­le­nen gör­nüş­dir. Keşp­le­ýin su­ra­tlan­dyr­ma ― gür­rü­ňi be­ril­jek bo­lun­ýan zäh­met ada­my­nyň alyp bar­ýan işi­ni onuň ýüz-keşp we iç­ki dün­ýä keş­bi­niň be­ýa­ny bi­len ut­gaş­dy­ryp su­rat­lan­dy­ryp be­ýan et­mek üçin ýa­zyl­ýar. Keşp­li su­rat­lan­dyr­ma adam­dan beý­le­ki ob­ýekt­ler (dö­wür, peý­zaž we ş.m.) bi­len bag­la­ny­şyk­ly hem dö­re­di­lip bil­ner. Su­ra­tan­dyr­ma­da me­se­le goz­gal­maz­dan, esa­san, gö­züň bi­len gö­rüp du­ran wa­ka­la­ryň, ha­dy­sa­la­ryň, jan­ly şa­ýat bo­lan mag­lu­mat­lar oky­jy­la­ra aýan edil­ýär. ― Nur­mu­ham­met üns ber! ― di­ýip, tä­lim­çi Şi­rin Ba­ba

Sport media giňişliginde

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­tan ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň we köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň bat­ly dep­gin­de ös­ýän, hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän ýur­dy hök­mün­de dün­ýä­de ta­nal­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, ýo­ka­ry de­re­je­li spor­ty ös­dür­mek, de­giş­li ugur­lar­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki za­man spor­ty jem­gy­ýet üçin mö­hüm äh­mi­ýet­li gym­mat­lyk bo­lup, yn­san ba­şar­nyk­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek ýa­ly umu­ma­dam­zat bäh­bit­le­ri­ne, yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne gul­luk ed­ýär. Sport ýa­ryş­la­ry­ny be­ýan et­mek we hä­zir­ki za­man spor­tun­da­ky oňyn çöz­güt­le­ri­ni tap­ma­gyň ýol­la­ry­ny göz­le­mek köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ry­na gir­ýär.