Bir lukma et

18 Iýun 2023
762

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023

Boksçy Tom King undan taýýarlanan sousyň iň soňky damjasyny, iň soňkuja çörek bölejigi bilen okaradan syryp aldy-da gözlerini bir nokada dikip, howlukman çeýnedi. Ol aýalydyr, aç ýatan iki çagasyny eklemek üçin güzeranyny aýlamalydy. King öňünde goýlan nahardan doýmansoň saçagyň başyndan içiňe-bagryňa düşüp barýan açlyk duýgusy bilen turdy. Onuň aýaly asly işçi maşgalasyndan bolan ýuka ýürek, hamrak zenandy. Ol sous taýýarlamak üçin uny goňşularyndan karzyna alypdy. Iň soňky ýarym pennä bolsa, çörek satyn alypdy. 

Terjime eden
Ýegenmämmet TAÝLYÝEW.