Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän zamanabap syýasy, ykdysady özgertmeler netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň konstitusion esasly dünýewi, demokratik we hukuk binýatlaryny yzygiderli berkitmek, ýurtda halk häkimiýetliligini pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. 2023-nji ýylyň 26-njy martynda ýurdumyz boýunça geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlary bu aýdylanlara aýdyň mysaldyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we degişli kanunçylyk namalaryna laýyklykda, Garaşsyz ýurdumyzyň 18 ýaşa ýeten her bir raýaty saýlawlara bir ses hukugy bilen gatnaşyp bilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawy göni ses berilmegi, ýagny her bir kämillik ýaşyna ýeten raýatyň özüniň gös-göni ses bermäge gatnaşmagy esasynda geçirilýär. Ildeşlerimiz döwlet, il-ýurt bähbitli her bir asylly işde bolşy ýaly, bu gezekki saýlawlaryň işine hem agzybirlikde, jebislikde işjeň gatnaşdylar. Saýlawlar raýatlaryň öz saýlan dalaşgärlerine erkin ses bermekleri esasynda geçirildi.