Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» ýurdumyzda ähli ugurlarda ösüşler gazanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip belleýşi ýaly, ajaýyp zamanamyzda gurmak, döretmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak, ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu aýdylanlara «Arkadag şäheriniň» gurluşygy aýdyň kepil bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen täze şäherde häzirki wagtda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, sport desgalary, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Şolaryň biri hem Arkadag şäheriniň merkezindäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisi geçirildi. Onda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamak we baş sanyny köpeltmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri toplumlaýyn hem-de ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyny döretmek baradaky Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň garamagyna berildi.