Wagt bi­zi saý­la­dy

31 Mart 2023
471

Her bir yn­san öz öm­rü­niň, dur­muş ýo­lu­nyň us­sa­sy. Ola­ryň äh­li­si şol ge­çen ýo­lun­da jem­gy­ýe­te peý­da­ly iş­ler bi­len meş­gul­la­nyp, ýag­şy amal­la­ra ýa­ran bol­ma­gyň ug­run­da he­re­ket ed­ýär­ler.

Ömür diý­len­de, adat­ça, di­ňe ýag­şy amal­lar göz öňü­ňe gel­ýär. Çün­ki ta­ryh­da ýa­şap ge­çen akyl­da­ryň ýa­şan ýa­şy­ny bi­ti­ren iş­le­ri­niň sa­ny­na gö­rä kes­git­leý­şi ýa­ly, ömür ýo­lun­da di­ňe go­wy ne­ti­je­ler, ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler şam­çy­rag ýa­ly ýa­nyp, il­ki gö­ze il­ýär. Şo­nuň üçi­nem heň­ňam­lar aý­lan­sa-da, şol yn­sa­nyň ady di­ňe onuň ýag­şy amal­la­ry bi­len ýat­lan­ýar. Mag­tym­gu­ly ata­my­zyň: «Ýag­şy iş et, sen­den ýag­şy at ga­lar» diý­şi ýa­ly, äh­li yn­san­lar özün­den soň­ky dö­wür üçin ýag­şy at goý­ma­ga ym­tyl­ýar. Gahryman Arkadagymyz «Öm­rü­miň ma­ny­sy» at­ly ki­ta­byn­da: «Men yn­san öm­rü­niň ma­ny­sy bi­ti­ren go­wy iş­le­rin­de bol­ýar di­ýen dü­şün­jä uý­ýa­ryn. Se­bä­bi her bir adam bi­ti­ren şeý­le go­wy iş­le­ri bi­len beý­gel­ýär, şo­lar bi­len ýal­kan­ýar» di­ýip bel­le­ýär.

Gül­şat JO­RA­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by.