"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Ýaş türgenler — geljekki çempionlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Bagtyýar çagalygy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Çagalara aýratyn üns bermek, olar barada çäksiz alada etmek asyrlaryň dowamynda halkymyzyň mizemez ýörelgeleri bolmagynda galýar. Ýurdumyzda gadymdan gözbaş alýan däplere eýerilip, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge, olar üçin ähli babatda abadan durmuşy üpjün etmäge, ýaşlaryň intellektual kuwwatyndan has netijeli peýdalanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen işler yzygiderli amala aşyrylýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän strategik döwlet maksatnamalary hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň hukuk esaslary

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ýur­du­myz­da esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­niň bi­ri bol­mak bi­len jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň: «Sport jem­gy­ýe­ti­mi­zi je­bis­leş­dir­ýän kuw­wat­ly güýç­dir» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan­da sport bi­len meş­gul­lan­ýan­la­ryň sa­ny has-da art­dy we onuň jem­gy­ýet­dä­ki äh­mi­ýe­ti we wa­jyp­ly­gy ýo­kar­lan­dy. Şol nuk­daý­na­zar­dan, äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da be­den­ter­bi­ýe we sport ul­gam­la­ry­ny ka­da­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ýur­du­myz­da kä­mil ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy he­re­ket ed­ýär.

Tomusky dynç alyş hakynda

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Dynç alyş hemmeleriň hem gulagyna ýakymly eşidilýän bolsa gerek?! Eýsem, siz onuň kim tarapyndan döredilendigi, näme üçin gerekdigi hakynda käbir maglumatlary bilýärsiňizmi? Aşakda dynç alyş bilen bagly bilýänlerimizi siz bilen paýlaşýarys.

Sportuň rowaçlanýan ýurdy

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Katarda dünýä çempionaty geçirildi. Bu ägirt uly sport baýramçylygy diňe bir halklary ýakynlaşdyrman, eýsem, döwletiň içerki ykdysady ösüşine-de uly täsir etdi. Edil şunuň ýaly, iri taryhy ähmiýetli sport baýramçylygy biziň ýurdumyzda-da 2017-nji ýylda ýaýbaňlandyrylyp, giň gerime eýe boldy. Bütin Aziýa yklymynyň ähli halklaryny sportuň 20-den gowrak görnüşi boýunça özünde jemlän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçirilip, halklary jebisleşdirdi. Täze dostluga, täze ösüşlere, täze hyzmatdaşlyklara ýol açdy.

Sport we kino: kämilligiň gözleginde

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Kino atly jadylaýjy sungatyň güneşli Diýarymyza sary ilkinji gadamlary sportdan we sporty söýüjileriň guramaçylygyndan başlanypdy. Türkmenistanyň ýaşaýjylary ХХ asyryň ilkinji ýylynda ilkinji gezek Aşgabadyň welosipedçiler jemgyýetiniň klubynda hereket edýän suratlara tomaşa etdiler. Aşgabadyň ýaşaýjylary üçin bu uly täsinlikdi. Tomaşa diňe saýlama ýolbaşçylar, käbir atly adamlar üçin elýeterlidi. 1901-nji ýylyň 22-nji aprelinde welosipedçileriň klubynda ikinji gezek kino görkezişi bolýar. Şonda tomaşaçylar 80 sany gysgajyk filmi görüpdirler. Bu barada Bütindünýä welosiped gününi bellemek başlangyjynyň esasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gürrüň bermegi aýratyn buýsançlydyr.

Sporty ösdürmekde milli oýunlaryň ähmiýeti

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ýörelgelerimize daýanmak, ýaş nesli ahlak gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, şol bir wagtyň özünde-de ýaşlaryň döwür bilen sazlaşykly ösmegini gazanmak maşgalanyň gaýragoýulmasyz wezipesidir.

Saz — ruhuň we bedeniň lukmany

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Aýdym-saz ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Saz, onuň gudraty, jadylaýjy güýji hakyndaky gürrüňlere biz gündelik durmuşymyzda kän duşýarys. Eýsem, saz näme? Biz diňe onuň gaty inçe sungatdygyny, duýga täsir edýändigini bilýäris. Şahyr aýtmyşlaýyn, söýgi hem onuň manysyn düşündirmek kyn bolanda söýgüdir. Belki, saz hem düşündirilmeýän närsedir?! Çünki ony düşündireniňden, eşidip, syzanyň ýeňil bolaýmasa. Kerim Gurbannepesow: «...Goşgy diýilýän zat dil bilen gürrüň berip bolmaýandygy üçin ýazylýar ahbeti» diýýär. Saz hem ony dilde aýdyp bolmaýandygy üçin SAZDYR... Bu biziň pikirimiz. Sazyň kesgitlemesini onuň içinde ýaşap ýören adamdan sorap görmek has gyzykly. Biz şu sowal bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýörite fortepiano kafedrasynyň mugallymy, kompozitor Şemşat Amannepesowa ýüzlendik:

Boksçulary ýaryşa taýýarlamak

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Häzirki wagtda türgeniň taýýarlygyny üstünlikli dolandyrmak üçin iki sany möhüm ýagdaýy göz öňünde tutmak zerurdyr: birinjiden, soňky onýyllygyň dowamynda türgenleşik meýilnamalarda türgenleşik agyrlyklarynyň möçberiniň we depgininiň düýpli artmagy we olaryň ýokary netijeler sportunda biologiki kadalaryň çäginden çykmagy;  ikinjiden, dünýäniň öňdebaryjy türgenleriniň türgenleşikleriniň mukdar görkezijileriniň we ussatlyk derejesiniň deňeçerleşmegi.

Welosiped sporty

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Merdana halkymyzyň saglygyny goramaga, ýurdumyzda, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen tagallalar Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde barha rowaçlanýar.

50 mile aňrybaş ylgawdaky aňrybaş aldaw

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Durmuşda, onda-da sportda şan-şöhrat gazanmaga bolan höwes gaty uly bolarly. Kimseler bu maksada ýetmek üçin aýlap-ýyllap surnukdyryjy türgenleşik geçýärler, öwrenýärler, yhlas edýärler. Olaryň yhlasy hem, köplenç halatda, myrat bolýar. Ýöne sport üstünligini gazanmak üçin her-hili pyssy-pyjurlyk edýänlerem ýok däl. Olar üstünlik gazanmagyň aňsat usulyny gözläp, her zada baş urýarlar. Ilçilik-dä, süri agsaksyz bolýarmy, näme? Onça-onça zatlar sportda bolman duranok, indem bolar. Ýöne Mançesterden Liwerpula çenli 50 mil (80 kilometr töweregi) aralyga geçirilen ylgawda şotlandiýaly türgen gyz Ýosiýa Zakşewskiniň çykaran hokgasy sportuň müň bir öwüşginli dünýäsinde ençeme çarşenbäni başdan geçiren žurnalistleriňem ýakasyny tutdurdy. Dogrusyny aýtsaň, Zakşewskiýniň türgen hökmünde abraýy ýetik, ol geçen ýyl Taýbeý ultramarafonynda dünýäniň rekordyny goýdy, şonda ol 48 sagadyň dowamynda 255,66 mil (411,45 km) aralygy ylgap geçipdi. Şeýle hem ol 200 km aralykda Britaniýanyň rekordynyň eýesi. Onuň başga gazanan üstünlikleri hem bar. Ýöne bu gezek bu türgeniň ylgawyň belli bir böleginde görkezen tizligi öňküleriň çeni-çaky bolmady, ol şol bölegi heniz görlüp-eşdilmedik tizlik, ýagny sagatda 35 mil tizlik bilen ylgap geçipdir. Şeýle ýüwrük adamyň ýanynda, Useýn Bolt dagy nämejik, tozanyna eýgerjekmi onuň? Ýöne bu ylgawda şotland türgen

Şöhrata beslenen ömür

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Her döwrüň öz gahrymanlary bolýar. Olar öz ukyp-başarnyklary, yhlasy, ynsanperwerlik, adamkärçilik häsiýetleri bilen öz atlaryny adamzadyň taryhyna ömürbaky ýazýarlar. Olar hakynda ýagşy ýatlamalary aý-ýyllaram, asyrlaram ynsan balasynyň hakydasyndan öçürip bilmeýär. Olaryň ömür ýoly hakynda hekaýatlar, rowaýatlar dilden-dillere geçýär, nesilleriň hakydasynda baky orun alýar. Biziň döwrümizde Sport äleminde taryhyň gatlaryna öz adyny ömürbaky öçmejek harplar bilen ýazan biziň döwrümiziň gahrymanlary hakynda gürrüň edilende ilki bilen hakydaňa «Futboluň şasy» diýlip ählumumy ykrar edilen, ady rowaýata öwrülen Pele ýadyňa düşýär. Eýsem-de bolsa Peläniň şeýle egsilmez şöhrada eýe bolmagyna diňe onuň futbol topuna deňsiz-taýsyz derejede erk etmegi başaranlygy sebäp boldumyka? Şeýle sowal berilse sport muşdaklarynyň aglabasy, megerem, başyny ýaýkar. Hawa, Peläniň Pele bolmagyna, elbetde, futbolçy hökmünde ýokary ussatlygy hem sebäp bolsa bolandyr, ýöne onuň millionlarça (belkem-de milliardlarça) adamlaryň kalbynda orun almagyna, megerem, belent adamkärçilik sypatlary, jemgyýetdäki abraýy ýaly sporta degişli bolmadyk ýagdaýlar sebäp bolandyr. Ikinji bir tarapdanam onuň durmuşynda şunuň ýaly ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolan, elbetde, futboldyr. Görşümiz ýaly, bu babatda «medalyň arka ýüzüniň» ähmiýetini hem inkär edip bolmaz. Pelän

Garagum sährasyndaky sazak ösümligi

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Sazak ösümligi biziň Türkmenistan döwletimiziň Garagum sährasynda ösüp ýetişýän köpýyllyk ösümlikdir. Ösümligiň häsiýetli aýratynlygy öz-özüňden tebigi taýdan köpelmek bilen bir sazagyň doly ösüp ýetişmekligi üçin ortaça 15-20 ýyl töweregi wagt gerek bolýar. Garagum sähramyzda bitýän sazak ösümligi barada halkymyz tarapyndan peýdaly maglumatlar bar. Howanyň çyglylygyny saklamakda, arassalygyny ýokarlandyrmakda, şeýle hem dermanlyk häsiýetli aýratynlyklary-da bardyr. Diňe bir mallara ot-çöp bolmak bilen çäklenmän, adam saglygy üçin hem örän peýdaly ösümlikdir. Ol göz kesellerinde irki zamandan bäri bejermekde halkymyzyň arasynda giňden peýdalanylypdyr. Sazagyň ajy tüssesi gözüň sowuklama ýagdaýyny hem ajy tüssäniň göze siňmegi bilen gözden monjuk-monjuk ýaş akmagy gözi arassalaýar diýlen peýdaly sözler halkymyzyň arasynda saklanyp galypdyr. Bulardan başga-da, Garagum sähramyzdaky obalarda ýaşaýan adamlar, esasan-da, türkmen göreşi bilen meşgullanýan pälwanlaryň aýtmagyna görä, sazaklyk ýerde türgenleşmek işi geçirilende, adam saglygy üçin örän peýdalylygyny nygtap aýdýarlar. Sazak ösümliginiň hoşboý ysy jana şypa berýär. Ruhy hem-de beden taýdan taplanmagyň üçin örän haýyrlydyr.

Saglygyň sakasy

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen türkmen sportuny ösdürmek, ynsan saglygyny goramak döwletimiziň öňünde durýan esasy wezipeleriň birine öwrüldi.

Saglyk we sport medeni ösüşiň sazlaşykly binýadydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglyk, sport we medeniýet ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.Şol mümkinçilikerden peýdalanyp, türkmen türgenleri ýurdumyzdaky hem-de halkara derejesindäki ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler. Saglyk durmuşyň ynsana eçilen iň naýbaşy gymmatlygy hasaplanylýar. Saglygy gorap saklamak we berkitmek üçin sport bilen meşgullanmak gerek. Şonuň üçin adamyň durmuşynda sporta aýratyn orun berilýär. Sport şahsyýetiň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy we kämilleşmegi bilen birlikde bellibir düzgünlere görä ýeňiş ugrundaky göreşde üstünlik gazanmaga gönükdirilen hereketdir. Häzirki döwürde jemgyýeti sagdyn durmuşa gönükdirmekde sport wajyp orny eýeleýär.

Semizligi bejeriş bedenterbiýesi

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Semizlik adatdan daşary patologik ýagdaýdyr. Ol adam bedeniniň deri astynda we agzalarynda ýagyň artykmaç mukdarynyň ýygnanmagynyň netijesinde döreýär. Şeýle-de, bedende metabolik hadysalaryň bozulmagynda, gormonlaryň mukdary üýtgäninde, dürli agzalaryň we ulgamlaryň işjeňligi peselende ýüze çykyp bilýär.

Tomus. Teşnelik. Mineral suwlar

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Dowamly täsir edýän ýokary gyzgynlyk adam bedeninde we onuň ähli ulgamlarynda üýtgemeleriň ýüze çykmagyna getirýär. Bu bolsa köp mukdarda der bölünip çykmagyna, agyz boşlugynyň guramagyna, işdäniň peselmegine, ýadawlyga, ysgynsyzlyga getirýär. Adam derlän halatynda der bilen köp mukdarda bedene gerek bolan maddalaryň birnäçesi bölünip çykýar. Suwuklyk ýitgisiniň öwezini dolmak üçin önümleriň suwuk görnüşini ulanmak zerurdyr.

Bedew söhbeti

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Boz duman aýakly, bezbent toýnakly

Biz we Alpinistler

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Belentlige ýetmek üçin belentlige dyrmaşmagyň ýeterlik däl. Belentlik — bu köňül arzuw-islegleriň hötdesinden gelip, öz öňüňdäki geçmesi kyn bolan kynçylyklardan, ýaýdanmalardan, ikirjiňlenmelerden ätläp, asyl maksadyňa tarap ädim ätmekdir. Ýöne bir ädim ätmegem däl, ähli üns-üşügiňi, yhlasyňy nyşanaň onlugyna tarap gönükdirip bilmek zerur. Üstünlige, belentlige ýetäýmek edil daga dyrmaşýan alpinistleriň iň ýokarky nokada ýetmeginden hem diýseň agyr görünýär.

Ylgamagyň saglyk üçin peýdasy

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Ylgamagyň saglyk üçin peýdasy doly subut edilen faktdyr, ony hiç kim inkär edip bilmez. Hut şonuň üçin hem ylgamaklyk sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän adamlaryň arasynda iňňän uly meşhurlykdan peýdalanýar. Ylgawlaryň dünýä ýüzünde iň giňden ýaýran sport maşky bolmagynyň ýene bir sebäbi onuň hemmeler üçin elýeterli bolmagydyr. Ylgaw bilen meşgullanmak üçin hiç hili enjamam, esbabam gerek däl. Boş wagt tapmaly, ýeňiljek geýinmeli hem-de ylgabermeli. Onuň saglyk üçin peýdasyny bolsa näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Ylgawyň saglyga peýdasyny öwrenmek üçin dünýä ýüzünde ýüzlerçe ylmy tejribeler, synaglar geçirildi.

Aerobika

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023 Ritmiki saz, maşklaryň we tans hereketleriniň garyndysy we suwdaky maşklar toplumy – bularyň ählisi aerobikada jemlenýär.