Şöhrata beslenen ömür

19 Iýun 2023
428

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023

Her döwrüň öz gahrymanlary bolýar. Olar öz ukyp-başarnyklary, yhlasy, ynsanperwerlik, adamkärçilik häsiýetleri bilen öz atlaryny adamzadyň taryhyna ömürbaky ýazýarlar. Olar hakynda ýagşy ýatlamalary aý-ýyllaram, asyrlaram ynsan balasynyň hakydasyndan öçürip bilmeýär. Olaryň ömür ýoly hakynda hekaýatlar, rowaýatlar dilden-dillere geçýär, nesilleriň hakydasynda baky orun alýar. Biziň döwrümizde Sport äleminde taryhyň gatlaryna öz adyny ömürbaky öçmejek harplar bilen ýazan biziň döwrümiziň gahrymanlary hakynda gürrüň edilende ilki bilen hakydaňa «Futboluň şasy» diýlip ählumumy ykrar edilen, ady rowaýata öwrülen Pele ýadyňa düşýär. Eýsem-de bolsa Peläniň şeýle egsilmez şöhrada eýe bolmagyna diňe onuň futbol topuna deňsiz-taýsyz derejede erk etmegi başaranlygy sebäp boldumyka? Şeýle sowal berilse sport muşdaklarynyň aglabasy, megerem, başyny ýaýkar. Hawa, Peläniň Pele bolmagyna, elbetde, futbolçy hökmünde ýokary ussatlygy hem sebäp bolsa bolandyr, ýöne onuň millionlarça (belkem-de milliardlarça) adamlaryň kalbynda orun almagyna, megerem, belent adamkärçilik sypatlary, jemgyýetdäki abraýy ýaly sporta degişli bolmadyk ýagdaýlar sebäp bolandyr. Ikinji bir tarapdanam onuň durmuşynda şunuň ýaly ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolan, elbetde, futboldyr. Görşümiz ýaly, bu babatda «medalyň arka ýüzüniň» ähmiýetini hem inkär edip bolmaz. Peläniň fenomenine, ýagny üýtgeşik adamlygyna düşünmek üçin, iň gowusy onuň şöhrada beslenen ömür ýoluna ser salalyň. 

Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy.