"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Döw­re­bap des­ga­la­r

Ýurdumyzda dürli ýaryşlaryň, şol sanda halkara derejesindäki ýaryşlaryň guralmagy we geçirilmegi sport boýunça milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Aşgabadyň gözümiziň alnynda dünýäniň iň iri sport merkezleriniň birine öwrülip barýandygy biziň her birimizi, şu berkarar ýurduň raýaty hökmünde, diýseň buýsandyrýar. Paýtagtymyzdaky stadionlar, buzly köşk, suw toplumy, Gyşky oýun­lar sport toplumy we beýleki desgalaryň ençemesi ilatyň iň köp barýan ýerlerine öwrüldi. Olim­pi­ýa şä­her­çesiniň gu­rul­ma­gy ýur­du­my­zyň tä­ze be­lent­lik­le­re we dün­ýä ga­za­nan­la­ry­na ta­rap ok­gun­ly he­re­ke­ti­mi­ziň be­ýa­ny­ny ala­mat­lan­dyr­dy. Türkmenistan döwletimiz sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde, Halkara Olimpiýa komiteti, Azi-ýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki iri sport guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat dün­ýä­de sport paýtagty hök­mün­de ta­nal­ýar.

Sport hakda Söz ?

Sö­zü­miň ba­şy­ny ba­şym­dan ge­çi­ren wa­kam bi­len baş­la­mak is­le­ýän. Bir­nä­çe gün bä­ri ki­çi­rä­jik iş ala­da­la­ry­na be­ri­lip, bu ma­ka­la­nyň ba­şy­na bar­ma­ga wagt tap­ma­dyk bo­lup ýör­düm. Hatda suw top­lu­my­na, ýo­ga mer­ke­zi­ne gat­na­ýan gün­le­ri­mi hem syp­dyr­dym. Bu gün-ä ha­sam ýa­daw ge­lip­dim, gö­züm ga­çyp gel­ýär­di, kel­läm agyr­ýar­dy, öý­de-de bir­to­par iş ma­ňa ga­raş­ýar­dy. Bu zat­la­ryň üs­te­si­ne ma­ka­la­my ýe­tiş­dir­me­di­gim üçin mu­gal­ly­mymdan ötünç so­ra­ma­ga ýü­züm hem ýok­dy. Her­nä­me-de bol­sa, ýü­re­gi­mi bi­re bag­lap: S.Gel­di­ýe­wiň «Öz duý­gu­çyl ta­ly­by­ňy ba­gyş­la!» di­ýe­ni­ni nus­ga edi­nip, «Öz ýa­lan­çy ta­ly­by­ňy­zy ba­gyş­laň!» di­ýip ýaz­dym-da, bo­ýun­jy­gy­ny bu­rup, tem­mä ga­raş­ýan ça­ga­jyk ýa­ly al­my­ty­my al­ma­ga ga­raş­dym. «Sen meň ýa­lan­çy däl, ju­da ze­hin­li ta­ly­bym­syň, ma­ka­la­ňy şu gün–er­te ýe­tiş­dir­se­ňem bor» di­ýen jo­gap, be­gen­jim­den ýa­ňa se­kiz gat as­ma­na nout­bu­gy­my bi­len çy­kyp, şol ýer­de hem, bu­lut­la­ryň ara­syn­da bu ma­ka­la­my baş­la­ma­gy­ma ge­tir­di. Ýog­sa, mu­gal­ly­myň öz ta­ly­byn­dan beý­le zat­la­ra ga­raş­man­dy­gy­ny aý­dyp käý­ýe­mä­ge-de, ta­lap et­mä­ge-de do­ly ha­ky bar­dy. Ýa­daw­ly­gym, kel­le agy­rym edil el bi­len aý­ry­lan ýa­ly bol­dy. Suw top­lu­my­na, ýo­ga mer­ke­zi­ne gü­na­şa­dan gat­nap tap­ýan haý­ry­my bir mi­nut­

«Sa­ňa at diý­me­rin, gar­daş di­ýe­rin…»

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Bu se­tir­le­ri öz gür­rü­ňi­mi­ze söz­ba­şy edip al­ma­gy­myz ýö­ne ýer­den däl. Se­bä­bi türk­men hal­ky hiç bir dö­wür­de-de be­de­wi­ni özün­den aý­ry gör­män­dir. Ony ýa­kyn hos­sar, dost, syr­daş sa­ýyp­dyr, hor­mat­lap­dyr. Mu­nuň özi ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len bi­le­lik­de ge­çi­len müň­ýyl­lyk­la­ra si­ňip gid­ýän ýol bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Şat­lyk­ly gün­le­ri-de, has­rat­ly gün­le­ri-de bo­lan şol uzak ýol­da türk­men bi­len be­dew at di­ýen dü­şün­je aý­ryl­maz bi­te­wi­li­ge öw­rül­di.

Plog­ging — hem yl­ga­mak, hem tä­miz­le­mek

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Bir­nä­çe ýyl mun­dan öň Skan­di­na­wi­ýa­dan göz­baş alan tren­de la­ýyk­lyk­da, yl­gaw be­den üçin hem-de pla­ne­ta­my­zyň tä­miz­li­gi üçin peý­da­ly sport çä­re­si­ne öw­rül­ýär.

Ýe­ňil at­le­ti­ka­nyň sag­ly­ga tä­si­ri

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Ýe­ňil at­le­ti­ka spor­tuň iň meş­hur we iň köp­ta­rap­ly gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Şol se­bäp­li oňa «spor­tuň şa­sy» diý­lip at be­ril­me­gi esas­ly­dyr di­ýip aýt­mak bo­lar.

Uzak ýa­şlylaryň maşgalasy

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Türk­men hal­ky di­leg eden­de: «Uzak ýa­şa!», «Öm­rüň uzak bol­sun!», «Gö­rog­ly­nyň ýa­şy­ny ýa­şa» di­ýäý­me­si bar­dyr. Bu di­leg-ar­zuw — her ki­miň eşit­mek is­le­ýän ke­la­my, jüm­le­si. Se­bä­bi uzak ýa­şa­ma­gy ar­zuw et­me­ýän yn­san ýok­dur. As­lyn­da, öm­rüň uzak­ly­gy sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ata Wa­ta­ny­myz­da sport hem be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­la­nyp, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän il­deş­le­ri­miz şol di­leg­ler­dä­ki ýag­şy ar­zuw-is­leg­le­re öz­le­ri eýe bol­ýar­lar: uzak ýa­şa­ýar­lar, sag­dyn hem bag­ty­ýar dur­muş­da döw­ran sür­ýär­ler. Ine, sag­dyn­ly­gyň hem bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny ha­sap­la­nyl­ýan Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de er­ka­na ýa­şa­ýan uzak ýaş­ly ata-ene­le­ri­mi­zi diň­lä­ni­miz­de, uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry­nyň bag­ty­ýar­lyk­da, zäh­met­de, yzy­gi­der­li he­re­ket­de, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni berk ber­jaý et­mek­de jem­len­ýän­di­gi­ni gür­rüň ber­ýär­ler. Bi­zem 60 ýyl bäri mugallymçylyk edip gelýän Te­jen et­ra­byn­da­ky 5-nji or­ta mek­de­biň 87 ýaş­ly mu­gal­ly­my Gow­şut Ese­no­wyň uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry ba­ra­da­ky be­ren gy­zyk­ly gür­rüň­le­ri­ni okyjylar bi­len paý­laş­ma­gy ma­kul bil­dik:

Güýz duýgulary

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Сколько дней мы в разлуке,друг дорогой, —Дикий рис уже выросУ наших ворот.И цикадаУж свыклась с осенней порой,Но от холода плачетВсю ночь напролет.

Azia­da­lar­dan Olim­pia­da çen­li Hytaýyň Huanjou şäheri tomusky Aziýa oýunlaryny kabul etdi

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 1994-nji ýyl­da­ky to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry ýat­da­ga­ly­jy wa­ka­la­ra baý bol­dy. Il­kin­ji çy­kyş­lar, il­kin­ji ne­ti­je­ler, il­kin­ji me­dal­lar... Azi­ada­nyň ta­ry­hyn­da ga­za­ny­lan il­kin­ji al­tyn me­dal we Al­ty­my­rat Oraz­dur­dy­ýe­wiň ba­şy­ny baş­lan üs­tün­lik­le­re bes­le­nen men­zil­ler mynasyp dowam etdirilýär.

Sport — kä­mil­li­giň göz­ba­şy

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Fi­zi­ki iş­jeň­li­giň ça­ga­la­ryň we ýet­gin­jek­le­riň di­ňe bir be­den taý­dan ösü­şi­ne däl-de, aň-paý­has müm­kin­çi­lik­le­ri­ne-de oňaý­ly tä­sir ed­ýän­di­gi köp san­ly tej­ri­be­ler ar­ka­ly su­but edi­len ha­ky­kat­dyr. Be­den­ter­bi­ýe maşk­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi beý­ni­niň ka­da­ly ösü­şi­ne kö­mek ed­ýär, üns­lü­li­gi we ýat­keş­li­gi ös­dür­ýär, şeý­le hem dart­gyn­ly­gy aýyr­ýar. Sport ýa-da oýun gör­nü­şin­dä­ki bäs­le­şik­ler­dir ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak ça­ga­la­ryň, ýet­gin­jek­le­riň umu­my ösü­şi­ne we ola­ryň mek­dep­dä­ki ýe­ti­şi­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ata-ene­ler we mu­gal­lym­lar fi­zi­ki iş­jeň­li­giň okuw­da üs­tün­lik ga­zan­ma­gyň aça­ry­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär.

Sport. saglyk. ekologiýa.

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Sport saglykdyr. Saglyk bolsa diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki, ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mesele Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Sport we sungat

Yn­san sun­ga­ta ma­ýyl. Adam be­ge­nen ma­ha­ly ýa-da gaý­gy-gus­sa ba­tan ma­ha­ly öz hal-ah­wa­ly­ny be­ýan ed­ýän aý­dy­ma hiň­le­ne­ni­ni ýa-da özi goş­gy se­tir­le­ri go­şa­ny­ny, iň bol­man­da ýa­dyn­da ga­lan goş­gu­dan bir bö­le­gi aý­da­ny­ny duý­man gal­ýar. Sun­gat adam­la­ry­nyň sport bi­len meş­gul­lan­ýan­dyk­la­ry­ny bil­mek bol­sa has-da gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Türk­men ede­bi­ýa­ty­nyň meş­hur ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň ömür ýo­ly bi­len ta­nyş bo­la­nyň­da, ola­ryň be­den­ter­bi­ýä, spor­ta öz dur­muş­la­ryn­da uly äh­mi­ýet be­ren­dik­le­ri­ne göz ýe­tir­ýär­siň. Sö­zü­miz gu­rak bol­maz ýa­ly, kä­bir mag­lu­mat­la­ra ser sa­la­lyň! Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Hal­ka­ra baý­ra­gy­nyň eýe­si, Türk­me­nis­ta­nyň halk ýa­zy­jy­sy, ha­ly­pa şa­hyr Gö­zel özü­niň dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len hem ýaş­la­ra gö­rel­de bo­lup, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne berk eýer­ýär. Ol bu ba­ra­da ge­çi­ril­ýän her bir du­şu­şyk­da bel­läp geç­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ja­nyp­keş­lik bi­len zäh­met çe­ken ha­ly­pa žur­na­list Ba­tyr Hal­ly­ýe­wiň ýat­la­ma­la­ry bi­len tan­şa­nym­da, Gö­zel ha­ly­pa­nyň ýaş­lyk döw­rün­den bä­ri sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip gel­ýän­di­gi­niň şa­ýa­dy bol­dum. Gö­rüp otur­sak, bel­li şa­hy­ry­myz suw­da ýüz­me­gi ha­la­ýar eken. Ha­ly­pa şa­hy­ry

Sport we žurnalistika

Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­myz­da ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän ýaş­la­ryň kä­mil bi­lim­li hü­när­men­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da yzy­gi­der­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, Ar­ka­dag­ly Serdarymy­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len, hä­zir­ki za­man jem­gy­ýe­ti­miz­de be­den­ter­bi­ýe we sport sag­dyn­ly­gyň we rur­hu­be­lent­li­giň nus­ga­sy­na öw­rül­di. Şun­dan ugur alyp, ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni or­naş­dyr­mak­da, ýo­ka­ry sport­da ýur­du­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny dün­ýä ýaý­jak us­sat tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak­da top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Türkmen gyzy Bütindünýä Uniwersiadanyň medalyny gazandy

Türk­men gy­zy Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Çen­du şä­he­rin­de ge­çi­ri­len to­mus­ky Bü­tin­dün­ýä Uni­wer­sia­da­da hor­mat mün­be­ri­ne çyk­ma­gy ba­şar­dy. Şol ýa­ryş­la­ra il­deş­le­ri­miz spor­tuň 4 gör­nü­şi bo­ýun­ça gat­naş­dy­lar.  Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Aý­gö­zel Gur­ban­gel­di­ýe­wa Bü­tin­dün­ýä Uni­wer­sia­da­da has ta­pa­wut­la­nyp çy­kyş et­di. Ze­hin­li gyz uşu-san­da bo­ýun­ça 52 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de gu­ra­lan bäs­le­şi­ge gat­naş­dy. Baş­lan­gyç tut­lu­şyk­da pa­kis­tan­ly Fiz­za Fiz­za­ny ýeň­li­şe se­ze­war et­me­gi il­de­şi­mi­ziň ýa­ryş­da­ky ynam­ly çy­ky­şy­nyň baş­lan­gy­jy bol­dy.

Ýaş­la­ryň aga­sy, ýa­şu­lu­la­ryň ini­si

«Wa­tan» ga­ze­ti­niň fo­to­ha­bar­çy­sy Mak­sat Gy­ly­jow bizde myhmançylykda Dö­re­di­ji­lik adam­sy hak­da gür­rüň edi­len­de, onuň ni­re­de iş­lä­ni ýa iş­le­ýä­ni hak­da­ky mag­lu­mat­lar, adat­ça, öňe tutulmaýar. Se­bä­bi dö­re­di­ji­lik adam­sy öz uky­by­ny Wa­ta­ny­na, il-gü­nü­ne sarp ed­ýär. Olar dö­re­di­ji­li­ge, has dog­ru­sy, sun­ga­ta hyz­mat ed­ýär­ler. «Wa­tan» ga­ze­ti­niň fo­to­ha­bar­çy­sy Mak­sat Gy­ly­jow hem ter­ji­me­ha­ly bi­len ta­nyş­saň, dog­ru­sy, ozal dö­re­di­ji­li­giň gaý­nap joş­ýan ýe­rin­de iş­le­män­dir. Ter­ji­me­hal­da: «Et­rap su­wa­ryş ul­gam­la­ry mü­dir­li­gin­de sü­rü­ji bo­lup iş­le­dim, et­rap sal­gyt bö­lü­min­de ha­sap­da du­rup, te­le­ke­çi­lik iş­le­ri bi­len meş­gul­lan­dym» di­ýil­ýär. Soň­ky iş ýe­rin­de su­ra­ta dü­şür­mek ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ren­di­gi­ni sö­zü­niň üs­tü­ne go­şan Mak­sat Gy­ly­jo­wyň fo­toap­pa­rat ar­ka­ly su­rat al­ma­gyň ada­ty bir iş däl­di­gi­ni, onuň göz­ýet­mez gi­ňiş­lik­dä­ki ser­he­di­niň bir ýe­rin­de sun­gat bi­len sep­leş­ýän­di­gi­ni di­le ge­tir­ýär. Ýog­sam, ozal­ky «Me­de­ni­ýet» žur­na­ly­na (hä­zir «Me­de­ni­ýet we sun­gat») fo­to­ha­bar­çy bo­lup işe gel­mez­di.

«Ýü­pek ýo­ly» hal­ka­ra ral­li­si

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Türkmen türgenleri «Ýü­pek ýo­ly — 2023»  hal­ka­ra ral­li­si­nde baýrakly orunlary eýelediler

Sport bilen meşgullanýan döredijilik işgärleri

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 1. Spor­tuň haý­sy gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­gy ha­la­ýar­sy­ňyz? To­ma­şa ed­ýän sport oýun­la­ry­ňyz bar­my?2. Spor­tuň dö­re­di­ji­li­gi­ňi­ze ýe­tir­ýän tä­si­ri.3. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si ba­ra­da mas­la­hat­la­ry­ňyz.

Ýa­şu­lu­lar — ýaş­ nesle gö­rel­de

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Türk­men hal­ky he­mi­şe pä­him-paý­has ýü­ki ýe­tik ak­sak­gal go­ja­la­ry­na, pa­ra­sat­ly ýa­şu­lu­la­ry­na ge­ňeş sa­lyp, ola­ra uly hor­mat-sar­pa go­ýup­dyr­lar. Her ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­da ýur­du­myz­da Hal­ka­ra Ýa­şu­lu­lar gü­nü­niň baý­ram­çy­lyk hök­mün­de ulu­dan bel­le­ni­lip ge­çil­me­gi ýa­şu­ly nes­le go­ýul­ýan sar­pa­nyň bir ny­şa­ny­dyr. Bu baýramçylyk gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, ýaşulularyň ab­raý-mertebesini belende götermek ýaly ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baý-laşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar.

Dün­ýä ýurt­la­ryn­da mek­dep be­den­ter­bi­ýe­si

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek is­len­dik döw­rüň we is­len­dik hal­kyň esa­sy ala­da­la­ry­nyň bi­ri bo­lup­dyr. Ça­ga­la­ry be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­ga hö­wes­len­dir­mek şol we­zi­pä­niň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de be­den­ter­bi­ýe sa­pak­la­ry­nyň ta­la­ba­la­ýyk ýo­la go­ýul­ma­gy sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­me­giň iň yg­ty­bar­ly ýo­ly­dyr. Dün­ýä ýurt­la­ry­nyň her bi­rin­de okuw­çy­lar we ta­lyp­lar bi­len be­den­ter­bi­ýe sa­pa­gy­ny gu­ra­mak­da öz­bo­luş­ly çe­me­leş­me­ler peý­da­la­nyl­ýar.

At­ly spor­tuň sag­ly­ga tä­si­ri

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 At­ly sport ada­ma fi­zi­ki taý­dan tap­lan­mak bi­len bir wagt­da ru­hy taý­dan dur­nuk­ly, ru­hu­be­lent bol­ma­ga ýar­dam ed­ýär. At­ly sport fi­zi­ki we ru­hy taý­dan kä­mil­li­ge ýet­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän bir­nä­çe gör­nü­şi öz içi­ne al­ýan sport gör­nü­şi­dir. Ru­hy kä­mil­lik fi­zi­ki sag­dyn­ly­gyň, he­re­ket­le­ri ut­ga­şyk­ly ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çyk­ýar.

Türgenleşik we tejribe

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Tür­gen­le­şik. Ýa­rys. Tej­ri­be. Bu üç söz ma­ny taý­dan dür­li bol­sa-da, sport hak­da­ky söh­be­ti­miz­de bir pi­ki­re hyz­mat ed­ýär. Üs­tün­li­ge ýet­mek üçin ja­ny­ňa dö­züp, tür­gen­leş­me­li. Yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lyp, döw­re­bap ýö­rel­ge­ler­den ugur al­nyp ama­la aşy­ryl­ýan tür­gen­le­şik­ler, ýa­ryş­lar­da my­na­syp çy­kyş et­me­giň gi­re­wi bo­lup dur­ýar. Ýa­ryş­lar­da yzy­gi­der­li çy­kyş et­mek bi­len tür­gen­ler tej­ri­be top­la­ýar­lar. Tej­ri­be­li tür­gen­ler­den bol­sa di­ňe ýeň­şe we me­dal­la­ra ga­ra­şyl­ýar.