«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023
Türgenleşik. Ýarys. Tejribe. Bu üç söz many taýdan dürli bolsa-da, sport hakdaky söhbetimizde bir pikire hyzmat edýär. Üstünlige ýetmek üçin janyňa dözüp, türgenleşmeli. Ylmy taýdan esaslandyrylyp, döwrebap ýörelgelerden ugur alnyp amala aşyrylýan türgenleşikler, ýaryşlarda mynasyp çykyş etmegiň girewi bolup durýar. Ýaryşlarda yzygiderli çykyş etmek bilen türgenler tejribe toplaýarlar. Tejribeli türgenlerden bolsa diňe ýeňşe we medallara garaşylýar.