Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlaryň kämil bilimli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen, häzirki zaman jemgyýetimizde bedenterbiýe we sport sagdynlygyň we rurhubelentligiň nusgasyna öwrüldi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ornaşdyrmakda, ýokary sportda ýurdumyzyň at-abraýyny dünýä ýaýjak ussat türgenleri taýýarlamakda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar.