«Sa­ňa at diý­me­rin, gar­daş di­ýe­rin…»

25 Sentýabr 2023
390

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023

Bu se­tir­le­ri öz gür­rü­ňi­mi­ze söz­ba­şy edip al­ma­gy­myz ýö­ne ýer­den däl. Se­bä­bi türk­men hal­ky hiç bir dö­wür­de-de be­de­wi­ni özün­den aý­ry gör­män­dir. Ony ýa­kyn hos­sar, dost, syr­daş sa­ýyp­dyr, hor­mat­lap­dyr. Mu­nuň özi ahal­te­ke be­dew­le­ri bi­len bi­le­lik­de ge­çi­len müň­ýyl­lyk­la­ra si­ňip gid­ýän ýol bi­len dü­şün­di­ril­ýär. Şat­lyk­ly gün­le­ri-de, has­rat­ly gün­le­ri-de bo­lan şol uzak ýol­da türk­men bi­len be­dew at di­ýen dü­şün­je aý­ryl­maz bi­te­wi­li­ge öw­rül­di.

My­rat HU­DAÝ­GU­LY­ÝEW,
žurnalist.