"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Mil­li ter­bi­ýä­niň pel­se­pe çuň­luk­la­ry

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Ru­hy­ýet köş­gün­de Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni my­na­sy­bet­li gu­ran umu­my sa­pa­gyn­da ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­re be­ren öwüt-ün­dew­le­ri her bi­ri­miz­de buý­sanç duý­gu­la­ry­ny ös­dü­rip, gel­jek ba­ra­da, mäh­ri­ban Wa­ta­nyň, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň öňün­de jo­gap­kär­çi­lik duý­gu­la­ry­my­zyň has-da art­ma­gy­na iter­gi ber­di.

Arkadag şäherinde dörän şygyr

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde birnäçe giň gerimli çäre geçirildi. Biz hem şolar baradaky maglumatlarymyzy siziň bilen paýlaşmagy maksat edindik. 

Ki­tap – paý­has­ly söz­den bi­na edi­len gym­mat­lyk­dyr

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Türk­men hal­ky­nyň owal-ahyr­da iň eziz­län gym­mat­lyk­la­ry­nyň bi­ri-de ki­tap­dyr. Onuň ke­re­mi, tä­si­ri, lez­ze­ti dog­ru­syn­da aý­dy­lan zat­lar ju­da kän. Se­bä­bi ol dün­ýä­dä­ki iň uly, iň äh­mi­ýet­li ha­zy­na­ny — söz baý­ly­gy­ny özün­de jem­le­ýär. 

Bu ber­ka­rar, bag­ta uzan dö­wür­den, Öz­ge bagt ýok eke­ni, Ar­ka­dag!

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Deň­ziň mil­li­on­lar­ça dam­ja­dan, çö­lüň san­syz dä­ne­jik­ler­den yba­rat bol­şy ýa­ly, yn­sa­nyň öm­ri hem bi­ha­sap gün­ler­den, aý-ýyl­lar­dan dü­zü­len. Öm­re peş­geş ber­len şol aý-gün­le­ri, ýyl­la­ry ma­ny­ly ötür­mek, ýag­şy­ly­ga bes­le­mek yn­sa­nyň özü­ne bag­ly. Öm­rüň gym­ma­ty hem on­da ýa­şa­lan ma­ny­ly gün­ler, ýe­ti­len sep­git­ler, paý­la­nan ha­ýyr-ýag­şy­lyk­lar bi­len öl­çe­nil­ýär. Ine, öm­rü­ni il-gü­nü­niň ýag­ty gel­je­gi, nu­ra­na yk­ba­ly üçin ba­gyş eden Gah­ry­man Ar­ka­da­gymyzyň ömür ýo­ly, bi­ti­ren be­ýik iş­le­ri bu gün her bi­ri­miz üçin nus­ga­lyk­dyr, ýol-ýö­rel­ge­dir.

To­ma­şa­ly toý­la­ryň be­ze­gi

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Türk­men be­dew­le­ri­niň öz döw­rün­de-de ýe­ten de­re­je­le­ri, ga­za­nan at-ab­raý­la­ry, şan-şöh­rat­la­ry az däl­dir. Olar hem edil yn­san de­ýin öz döw­rün­de bel­li bir de­re­je­de öz ugur­la­ry, tut­ýan orun­la­ry bo­ýun­ça iş­le­ri bi­ti­rip bil­di­ler. Şo­ňa gö­rä-de at­çy­lyk sun­ga­tyn­da yz go­ýan uç­ma­hy be­dew­le­ri­mi­zi hem ýat­lap dur­ma­gy parz ha­sap­la­ýa­rys. Ga­ly­ber­se-de esa­sy gür­rü­ňe geç­mez­den ozal Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň dür­dä­ne eser­le­rin­dä­ki «Geç­mi­şi bol­ma­dy­gyň gel­je­gi bol­maz» di­ýen jüm­le­le­ri­ni ýat­la­lyň. On­so­ňam, at­şy­nas­lyk ba­bat­da yz go­ýan se­ýis­le­ri­mi­zi, meş­hur­ly­ga ýe­ten be­dew­le­ri­mi­zi ýat­la­mak bi­len ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň öz ata-ba­ba­la­ry­na, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­na bo­lan söý­gini, hor­ma­ty ola­ryň aňyn­da ter­bi­ýe­le­mek has-da äh­miýet­li­dir.

Ýaşlar babatda alada

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Ýaş ne­sil­le­riň sag­dyn, ru­hu­be­lent, ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, zäh­met­sö­ýer, wa­tan­sö­ýü­ji adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler Ar­ka­dag­ly Serda­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty ýer­ler­de iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek­de ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim, ka­nun­çy­lyk, be­den­ter­bi­ýe-sport we beý­le­ki eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň öňün­de mö­hüm we­zi­pe­ler dur­ýar.   

Bedenterbiýe we saglyk

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Häzirki döwürde ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny gorap saklamak, ýaş nesliň geljekde beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrülýär.

Tä­ze bi­lim oja­gy il­kin­ji ta­lyp­la­ry­na gu­ja­gy­ny giň­den aç­dy

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Tä­ze okuw ýy­ly mil­li bi­lim ul­ga­my­nyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­dy. Al­tyn güý­züň il­kin­ji gü­nün­de, ýag­ny Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­nün­de Arka­dag şä­he­rin­de Aba An­na­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra at­çy­lyk aka­de­mi­ýa­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­di.

Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy ­

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň ýol-ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy bar­ha ös­dü­ril­ýär. Dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýol­lar, köp­rü­ler, es­ta­ka­da­lar we baş­ga-da en­çe­me ob­ýekt­ler bi­na edil­ýär. Ata Wa­ta­ny­my­zyň se­bi­tiň esa­sy ulag-lo­gis­ti­ka mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­me­gi, hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr da­şa­ma­la­ry üçin ýur­du­my­zyň ýol-ulag dü­zü­mi­niň iň amat­ly ugur­la­ryň bi­ri bol­ma­gy yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň de­giş­li pu­da­gy­ny ös­dür­mek­de tä­ze sep­git­le­re ýet­mek­li­gi şert­len­dir­ýär. Ýur­du­my­zyň aw­to­mo­bil ýol­la­ryn­da ýol-ulag he­re­ke­ti­ne gat­na­şy­jy­lar ta­ra­pyn­dan he­re­ket ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­ni ga­zan­mak, ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­li­ge ýar­dam ber­ýän teh­ni­ki se­riş­de­le­riň or­naş­dy­ryl­ma­gy, ylaý­ta-da, san­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giň­den peý­da­la­nyl­ma­gy bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­le­riň aý­ryl­maz dü­züm bö­le­gi bol­mak bi­len, olar mak­sat­na­ma­la­ýyn hem-de top­lum­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ýar. «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly şy­ga­ryň as­tyn­da ýur­du­myz­da her ýyl ge­çi­ril­ýän çä­re­le­riň top­lu­my bu aý­dy­lan­la­ra do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär.

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy öz göz­ba­şy­ny Gahryman Arkadagymyzyň dur­mu­şa or­naş­dy­ran adyl sy­ýa­sa­tyn­dan alyp gaý­dyp, onuň çäk­le­rin­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan düýp­li öz­gert­me­ler ila­tyň ýo­ka­ry hil­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi­ni, oňa äh­lu­mu­my el­ýe­ter­li­li­gi şert­len­dir­ýär. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mä­ge, ömür do­wam­ly­ly­gy­ny has-da art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Halkara ykrarnama

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edildi

Buý­sanç­ly ýaş­la­ryň ne­şi­ri

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 2023-nji ýy­lyň «Ar­ka­dag­ Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi tu­ruw­baş­dan ýaş­la­ra bil­di­ril­ýän be­ýik yna­myň, aý­dyň mak­sat­la­ryň ýü­ze çyk­ma­sy bol­dy. Bu ýyl­da ylym-bi­lim öw­re­nip, bel­li bir hü­nä­riň eýe­si bol­mak, öz yh­la­syň, ukyp-ba­şar­ny­gyň bi­len döw­le­tiň be­ýik ösüş­le­ri­ne go­şant goş­mak uly borç­dur. Bu bor­jy ýe­ri­ne ýe­ti­rip, il-gü­ne, ata Wa­ta­na ge­rek­li, il­ha­lar adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek ýaş­la­ryň yh­la­sy­na, ukyp-ba­şar­ny­gy­na bag­ly. Bu ba­bat­da ýur­du­myz­da ýaş­lar üçin dö­re­dil­ýän müm­kin­çi­lik­ler, şert­ler sa­nar­dan kän. Ine, hor­matly Preziden­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýy­lyň ba­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň ýa­nyn­da­ky «Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» at­ly elekt­ron žur­na­lyň dö­re­dil­me­gi bag­ty­ýar ýaş­lar üçin uly sow­gat bol­dy. 3 dil­de (türk­men, iň­lis, rus) taý­ýar­la­nyl­ýan elekt­ron žur­nal ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik ukyp­la­ry­ny açyp gör­kez­mä­ge, ýü­rek buý­sanç­la­ry­ny, kö­ňül ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­mä­ge, şeý­le-de dür­li ugur­lar­da öz pi­kir-ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­mä­ge dö­re­di­len öz­bo­luş­ly gol­lan­ma­dyr. On­da dür­li ugur­lar­da uly üs­tün­lik­le­re, tä­ze açyş­la­ra ta­rap ym­tyl­ýan ýaş­la­ryň yl­my ma­ka­la­la­ry, dö­re­di­ji­lik bi­

Elektron sport geljegiň sporty

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­la­ma­gy we hor­mat­ly Prezidentimi­ziň ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­my­zyň sport ul­ga­my bar­ha tä­ze ösüş­le­re iler­le­ýär. Ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­riň spor­tuň gör­nüş­le­ri ba­bat­da örü­le­ri we dü­jün­je­le­ri gün­sa­ýyn gi­ňe­ýär.

Baý­ra­ma öw­rü­len däp

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023 Asyr­la­ryň do­wa­myn­da baý dur­muş tej­ri­be­si­ni we aň kä­mil­li­gi­ni top­lan hal­ky­my­zyň aýt­ma­dyk za­dy ýok. «Kö­ne­si bol­ma­dy­gyň tä­ze­si bol­maz» diý­li­şi ýa­ly, dur­mu­şyň is­len­dik ug­ru­ny ala­nyň­da il­ki onuň ta­ry­hy, geç­mi­şi, ge­çen ýo­ly ba­ra­da gy­zyk­lan­ýar­syň. Bi­ziň şu gün­ki dur­mu­şy­myz­da ulan­ýan äh­li mad­dy we ru­hy baý­lyk­la­ry­my­zyň sün­nä­le­nip ne­pis­li­gi bi­len hä­zir­ki wag­ta ge­lip ýet­me­gin­de bol­sa ýa­şu­ly nes­li­mi­ziň tut­ýan or­ny bi­çak ulu­dyr. Olar gar­ry­sy­ny gaz­na de­ňän hal­ky­my­zyň ara­syn­da jan­ly en­sik­lo­pe­di­ýa ha­sap­lan­ýar. Ýa­şu­lu­la­ryň dur­muş­da tut­ýan or­ny, ola­ryň sar­pa­sy ba­ra­da pe­der­le­ri­miz «Gar­ry — öýüň sü­tü­ni», «Sen sy­la­saň gar­ry­ny, Taň­ry sy­lar ba­ry­ňy», «Ýi­git­lik — sö­weş­de, gar­ry — ge­ňeş­de» di­ýen ýa­ly bir­nä­çe na­kyl­lar­dyr ata­lar söz­le­ri­ni dö­re­dip­dir­ler.

Ar­ka­dag şä­he­ri­nde sport we bedenterbiýe

Se­bit­de we Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji «akyl­ly» şä­her bo­lan Ar­ka­dag şä­he­rin­de ra­hat we sag­dyn dur­muş üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len des­ga­lar hal­ka bir­kem­siz hyz­mat ed­ýär. Ola­ryň ara­syn­da jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek­de go­şant goş­ýan sport des­ga­la­ry hem bar. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni hö­wes­len­dir­mek we ös­dür­mek, oňa ila­ty, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ýaş­la­ry giň­den çek­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler bi­len aý­ryl­maz baglanyşyklydyr. Şä­he­riň gör­kü­ne görk ber­ýän sport des­ga­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­ni, Kö­pu­gur­ly sport top­lu­my­ny we Sport mer­ke­zi­ni (Suw-sport top­lu­my), 10 müň orun­lyk sta­dio­ny ag­za­mak bo­lar. Ola­ryň äh­li­si hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len­dir. Bu ýer­de spor­tuň ba­şa-baş sö­weş gör­nüş­le­ri, fut­bol, wo­leý­bol, bas­ket­bol, uly we stol us­tün­dä­ki ten­nis, agyr we ýe­ňil at­le­ti­ka, gim­nas­ti­ka, gy­lyç­laş­mak, küşt, şaş­ka we beý­le­ki­ler, şol san­da spor­tuň suw gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li şert­ler d

Bagtyň reňkine boýalan şäher

Tebigatyň ýaradan peşgeşi bilen adamzadyň döreden eseri birigende ajaýyp keşp peýda bolýan ekeni. Şonda iki ussatlyk utgaşyp şeýle bir gözel görk döreýär welin, ony synlap doýup bolmaýar. Gözleriň-ä ondan doýanok, akylyň bolsa haýran galyp dur. Şeýle ýagdaýy Köpetdagyň etegini bezäp oturan Arkadag şäherini synlanyňda başdan geçirýärsiň. Dogrusy, şäher dagy — tebigaty bezeýärmi ýa-da tersine, belli däl. Olar biri-birine görk berýän bolmaly. Şäheriň daşyndan seredýäň welin, gözýetimiň aňry ujy Köpetdagyna baryp direýär. «Gudrat görseň daglara bar» diýleni. Hakyt gudratyň özi şu dagda jemlenen ýaly. Eteginde bolsa XXI asyryň döwrebap «akylly» şäheri ýazylyp dur. Megerem, dagyň özi hem şunça ýaşap şeýle täsinligi gören däldir. Muny belent-belent dag gerişleriniň depesinde pelpelläp ýören goja bürgütler hem subut edýär. Daglar taryhyň nyşany, «akylly» şäher bolsa geljegiň taslamasy. Diýmek, bu nokat geçmiş bilen geljegiň bir ýere jemlenen merkezi.

Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si

Mer­da­na türk­men hal­ky­my­zyň sag­ly­gy hem-de ola­ryň bag­ty­ýar dur­muş­da er­ka­na ýa­şa­ma­gy bu gün­ki gün ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da hal­kyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni pug­ta­lan­dyr­mak esa­sy öňe sü­ren sy­ýa­sat­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Bu asyl­ly ýö­rel­ge­ler hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­myz — Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da hem üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň my­na­syp ta­rap­da­ry bo­lan türk­me­niň da­na akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­sa bol­maz­dan bu­run» di­ýen pa­ra­sat­ly se­tir­le­ri ýa-da:

Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek ba­ra­da yla­la­şy­ga gol çek­mek dabarasy boldy

Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň mej­lis­ler za­lyn­da şu ýyl paý­tag­ty­myz­da Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek ba­ra­da Yla­la­şy­ga gol çek­mek hem-de Hal­ka­ra Ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň baý­da­gy­nyň ýur­du­my­za gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Oňa gat­na­şy­jy­lar, il­ki bi­len, ko­mi­te­tiň mu­ze­ýin­dä­ki ser­gi bi­len ta­nyş­dy­lar. Da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň, ýur­du­my­zyň Ku­raş gö­reş fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň jo­gap­kär iş­gär­le­ri hem-de Hal­ka­ra Ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Haý­der Far­ma­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet gat­naş­dy. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, bu we­ki­li­ýet Hal­ka­ra Ku­raş as­so­sia­si­ýa­sy­nyň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry we oýun­lar bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­tin­den, baş kä­ti­bin­den, teh­ni­ki gu­ra­ma­çy­lyk bö­lü­mi­niň di­rek­to­ryn­dan hem-de as­so­sia­si­ýa­nyň ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­syn­dan yba­rat­dyr.

Güýz paslynda haýsy sport görnüşleri bilen meşgullanmak bolar?

Jöwzaly tomus paslynyň yssysy sowlup, jana ýakymly arassa howasy bilen güýz pasly geldi. Sport bilen meşgullanýanlar üçin bolsa güýz paslynyň birnäçe artykmaçlyklary bar. Geliň, bu pasylda haýsy sport görnüşleri bilen meşgullanyp bolýandygyna ser salalyň. 1. Pyýada gezelenç

Milli göreş

Her bir hal­kyň öz edim-gy­ly­my­na, aý­ra­tyn­ly­gy­na gö­rä mil­li gym­mat­lyk­la­ry bol­ýar. Şol gym­mat­lyk­lar­da hal­kyň aň-dü­şün­je­si, ýol-ýö­rel­ge­si, mil­li däp­le­ri jem­le­nen­dir. Ine, türk­me­niň asyr­lar­bo­ýy sün­nä­läp, ata-ba­ba­la­ryn­dan do­wam edip gel­ýän mil­li gym­mat­lyk­la­ryn­da hal­ky­my­zyň mä­hir-söý­gü­si, yh­la­sy ýa­tan­dyr. Müň­ýyl­lyk­la­ryň için­den baý tej­ri­be top­lap ge­len hal­ky­my­zyň dün­ýä nus­ga­lyk mi­ra­sy, mil­li gym­mat­lyk­la­ry, edim-gy­ly­my we aja­ýyp däp-des­su­ry ös­dü­ri­lip, kä­mil­leş­di­ri­lip, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­ri­lip­dir. Türk­men hal­ky ga­dym dö­wür­den bä­ri spor­ta, be­den­ter­bi­ýä uly üns be­ren halk. Ta­ry­ha ser sa­la­ny­myz­da, ata-ba­ba­la­ry­myz spor­tuň aý­ry-aý­ry gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, toý­lar­da at çap­dy­ryp, gö­reş tu­tu­lyp, ny­şa­na atyp mer­gen­çi­lik edip­dir­ler. Öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan türk­me­niň mil­li gö­re­şi hem hal­ky­my­zyň köp ýyl­lar meş­gul­la­nyp, kä­mil­leş­di­ren sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Türk­men mil­li gö­re­şi hat­da Oguz han ata­my­zyň döw­rün­de hem uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup­dyr. Ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri türk­men hal­ky­nyň için­den çyk­ýan mert ýi­git­ler ba­şa-baş tut­lu­şyp, güýç­le­ri­ni sy­nap­dyr­lar. Gö­reş türk­men hal­ky­nyň toý-to­ma­şa­la­ry­nyň hem esa­sy be­ze­gi bo­lup­dyr. Toý eýe­si gö­r