Baý­ra­ma öw­rü­len däp

26 Sentýabr 2023
274

«Türkmenistan Sport», № 3 (19), 2023

Asyr­la­ryň do­wa­myn­da baý dur­muş tej­ri­be­si­ni we aň kä­mil­li­gi­ni top­lan hal­ky­my­zyň aýt­ma­dyk za­dy ýok. «Kö­ne­si bol­ma­dy­gyň tä­ze­si bol­maz» diý­li­şi ýa­ly, dur­mu­şyň is­len­dik ug­ru­ny ala­nyň­da il­ki onuň ta­ry­hy, geç­mi­şi, ge­çen ýo­ly ba­ra­da gy­zyk­lan­ýar­syň. Bi­ziň şu gün­ki dur­mu­şy­myz­da ulan­ýan äh­li mad­dy we ru­hy baý­lyk­la­ry­my­zyň sün­nä­le­nip ne­pis­li­gi bi­len hä­zir­ki wag­ta ge­lip ýet­me­gin­de bol­sa ýa­şu­ly nes­li­mi­ziň tut­ýan or­ny bi­çak ulu­dyr. Olar gar­ry­sy­ny gaz­na de­ňän hal­ky­my­zyň ara­syn­da jan­ly en­sik­lo­pe­di­ýa ha­sap­lan­ýar. Ýa­şu­lu­la­ryň dur­muş­da tut­ýan or­ny, ola­ryň sar­pa­sy ba­ra­da pe­der­le­ri­miz «Gar­ry — öýüň sü­tü­ni», «Sen sy­la­saň gar­ry­ny, Taň­ry sy­lar ba­ry­ňy», «Ýi­git­lik — sö­weş­de, gar­ry — ge­ňeş­de» di­ýen ýa­ly bir­nä­çe na­kyl­lar­dyr ata­lar söz­le­ri­ni dö­re­dip­dir­ler.

Gül­şat JO­RA­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by.