Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň mejlisler zalynda şu ýyl paýtagtymyzda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekmek hem-de Halkara Kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň ýurdumyza gowşurylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, komitetiň muzeýindäki sergi bilen tanyşdylar.
Dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, ýurdumyzyň Kuraş göreş federasiýasynyň jogapkär işgärleri hem-de Halkara Kuraş assosiasiýasynyň prezidenti Haýder Farmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Ýeri gelende bellesek, bu wekiliýet Halkara Kuraş assosiasiýasynyň halkara gatnaşyklary we oýunlar boýunça wise-prezidentinden, baş kätibinden, tehniki guramaçylyk bölüminiň direktoryndan hem-de assosiasiýanyň administrasiýasynyň ýolbaşçysyndan ybaratdyr.