Ar­ka­dag şä­he­ri­nde sport we bedenterbiýe

26 Sentýabr 2023
227

Se­bit­de we Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji «akyl­ly» şä­her bo­lan Ar­ka­dag şä­he­rin­de ra­hat we sag­dyn dur­muş üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len des­ga­lar hal­ka bir­kem­siz hyz­mat ed­ýär. Ola­ryň ara­syn­da jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mek­de go­şant goş­ýan sport des­ga­la­ry hem bar. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni hö­wes­len­dir­mek we ös­dür­mek, oňa ila­ty, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, ýaş­la­ry giň­den çek­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler bi­len aý­ryl­maz baglanyşyklydyr.

Şä­he­riň gör­kü­ne görk ber­ýän sport des­ga­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­ni, Kö­pu­gur­ly sport top­lu­my­ny we Sport mer­ke­zi­ni (Suw-sport top­lu­my), 10 müň orun­lyk sta­dio­ny ag­za­mak bo­lar. Ola­ryň äh­li­si hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len­dir. Bu ýer­de spor­tuň ba­şa-baş sö­weş gör­nüş­le­ri, fut­bol, wo­leý­bol, bas­ket­bol, uly we stol us­tün­dä­ki ten­nis, agyr we ýe­ňil at­le­ti­ka, gim­nas­ti­ka, gy­lyç­laş­mak, küşt, şaş­ka we beý­le­ki­ler, şol san­da spor­tuň suw gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin äh­li şert­ler dö­re­di­len­dir.

Ogul­bagt Oraz­dur­dy­ýe­wa,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­lymy.