"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Täze athana

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplanýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2023-nji ýylda Hasyl toýunyň bellenilýän günlerinde açylyp ulanylmaga berlen Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň golaýyndaky 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana munuň aýdyň güwäsidir.

«Gö­rog­ly» des­san­çy­lyk sun­ga­ty we dün­ýä me­de­ni­ýe­ti

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 ÝU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak bo­ýun­ça ko­mi­te­ti­niň 2015-nji ýyl­da Na­mi­bi­ýa­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de «Gö­rog­ly» des­san­çy­lyk sun­ga­ty adam­za­dyň mad­dy däl medeni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Bu ta­ry­hy wa­ka hal­ky­my­zyň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len we kä­mil­li­ge ýe­ten bu aja­ýyp sun­ga­ty­nyň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň gym­mat­ly­gy hök­mün­de yk­rar edi­len­di­gi­ni aň­lad­ýar. ÝU­NES­KO-nyň ko­mi­te­ti­niň ýaý­ra­dan met­bu­gat be­ýa­nyn­da ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len eder­men Gö­rog­ly­nyň hem-de onuň kyrk ýi­gi­di­niň ba­tyr­ly­gy­ny be­ýan ed­ýän bu aja­ýyp ese­riň ady ag­za­lan sa­na­wa gi­ri­zil­me­gi­niň dil­den gür­rüň ber­mek däp­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy dü­şün­di­ril­ýär. Epi­ki ese­riň aý­dy­jy­la­ry bo­lan des­san­çy­lar Türk­me­nis­tan­da bu däp­le­ri sak­laý­jy­lar bo­lup dur­ýar­lar. Des­san aýt­mak gür­rüň ber­me­gi, aý­dym aýt­ma­gy we çal­ma­gy özün­de jem­le­ýär. Bu däp us­sat­lar ta­ra­pyn­dan res­mi däl gör­nüş­de öw­ret­mek we köp­çü­li­giň öňün­de çy­kyş et­mek ar­ka­ly ne­sil­den-nes­le ge­çip gel­ýär.

Hoş gel­diň, Tä­ze ýyl!

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň şöh­rat­ly iş­le­ri­ni do­wa­ma­ta atar­jak tä­ze, 2024-nji ýy­ly şat­lyk we da­ba­ra bi­len gar­şy­la­dy. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da, Ar­ka­dag şä­he­rin­de bol­sa il­kin­ji ge­zek baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li şow­hun­ly da­ba­ra­lar ge­çi­ril­di.

Türkmen milli oýunlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li oýun­la­ryň ga­dy­my däp­le­ri yl­my taý­dan öw­re­nil­ýär. Türk­men mil­li oýun­la­ry­nyň ga­dy­my kök­le­ri­niň esa­syn­da eme­le ge­len hä­zir­ki döw­re­bap oýun­lar ýaş ne­sil­le­riň sag­dyn ke­ma­la gel­me­gin­de özü­niň oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär.

Söz as­ly­ny yz­la­saň...

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Gö­reş spor­ty asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da uly orun eýe­läp­dir. Türk­men­ler­de toý-da­ba­ra­lar gö­reş­siz geç­män­dir. Di­ňe toý­lar­da or­ta çyk­ýan päl­wan­lar däl, eý­sem ba­şa tel­pek ge­ýen her bir ki­şi ça­ga­lyk­dan deň-duş­la­ry bi­len bil­le­şip, toý­lar­da päl­wan­la­ryň gö­re­şi­ne se­re­dip, bu sun­ga­tyň esas­la­ry­ny ele alyp­dyr, gö­re­şiň en­çe­me emel­le­ri­ni öz­leş­di­rip­dir we ze­rur ha­la­tyn­da, me­se­lem, sö­weş­ler­de ola­ry ulan­ma­gy ba­şa­ry­dyr. On­soň hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş dur­mu­şy­na şu­lar ýa­ly eriş-ar­gaç or­na­şyp gi­den gö­reş spor­tu­nyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz­de, aň-dü­şün­jä­miz­de, hu­su­sa­nam, söz baý­ly­gy­myz­da dür­li rö­wüş­ler­de öz be­ýa­ny­ny tap­ja­gy şüb­he­siz­dir. Şo­ňa gö­rä-de, türk­me­niň ga­dym­dan ga­lan kä­bir aýt­gy­lar­dyr na­kyl­la­ry­nyň asyl ge­lip çy­ky­şy hem, bel­ki, unu­dy­la­nam bol­sa, gö­reş spor­ty we oňa da­hyl­ly ga­ra­ýyş­lar­dyr däp-des­sur­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Yn­ha, ola­ryň kä­bi­ri.

Galkynan ykbal

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ýur­duň, hal­kyň gel­je­gi şu gün­ki ýaş­la­ra, ola­ryň ter­bi­ýe­si­ne we bi­li­mi­ne bag­ly. Hut şo­nuň üçin hem Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pä­him-pa­ra­sa­dy ne­ti­je­sin­de ýaş­lar ba­ra­da­ky ala­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.

Ýyl­dy­rym çalt­ly­gyn­da ös­ýän sport

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan mil­li spor­tu­my­zy ös­dür­mek ba­bat­da baş­lan­gyç­la­ry­nyň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän we tä­ze bas­gan­çak­la­ra çy­ka­ryl­ýan aja­ýyp za­ma­na­sy­dyr. Bu dö­wür­de spor­tuň ýur­du­myz­da däp bo­lup gel­ýän gör­nüş­le­ri bi­len bir­lik­de gyş­ky, ýag­ny bu­zuň üs­tün­de oý­nal­ýan gör­nüş­le­ri, şol san­da buz­da fi­gu­ra­la­ýyn typ­mak, tans spor­ty, hok­keý ýa­ly gör­nüş­le­ri ýyl­dan-ýy­la ro­waç­la­nyp bar­ýar.

Be­de­wiň gaý­dyp gel­me­gi

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 (hekaýa)

Gadymyýet we sport

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ga­dy­my­ýe­tiň ägirt­le­ri — Sok­ra­tyň, Gip­pok­ra­tyň, De­mok­ri­tiň,De­mos­fe­niň at­la­ry tu­tul­sa gür­rüň ylym ba­ra­da bo­laý­ma­ly­dy­gy­na öw­re­ni­şip­di­ris. Ýö­ne biz olar hak­da gür­rü­ňi­mi­zi spor­ta sy­ryk­dyr­mak­çy.

Mag­tym­gu­ly­ we Hindistan

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we da­na­sy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň eser­le­rin­de dün­ýä ýurt­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ady my­sal ge­ti­ril­ýär. Akyl­dar şa­hyr­la­ryn­da özü­niň da­na pi­kir­le­re baý goş­gu­la­ryn­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň at­la­ry­ny nyg­ta­mak bi­len, da­şa­ry ýurt­la­ra seý­ran et­me­gi ar­zuw­lan, bir­nä­çe ýurt­la­ra ba­ryp gö­ren şa­hyr­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 1977-nji ýyl­da «Türk­me­nis­tan» ne­şir­ýa­tyn­da çap edi­len goş­gu­lar ki­ta­byn­da Hin­dis­tan ha­kyn­da bir­nä­çe se­tir­le­re ga­bat gel­mek bol­ýar.

Türkmenistan — sport ýurdy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Hormatly Prezidentimiziň ta­gal­la­la­ry bi­len türk­me­nis­tan­ly tür­gen­le­riň ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­ke­zip, dün­ýä­niň sport gi­ňiş­li­gin­de ata Wa­ta­ny­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik et­me­gi üçin äh­li ze­rur çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de türk­men tür­gen­le­ri ýur­du­myz­da hem-de da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýar­lar, baý­rak­ly orun­la­ra we me­dal­la­ra my­na­syp bol­ýar­lar. Spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tä­lim­çi­ler hem da­şa­ry ýurt­ly kär­deş­le­ri bi­len tej­ri­be alyş­mak ar­ka­ly ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny we hü­när de­re­je­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ýar­lar.

Milli göreş — milli buýsanç

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Türk­men hal­ky toý tu­tan­da päl­wan­la­ra gö­reş tut­dy­ryp, ýi­git­le­re at çap­dy­ryp we ga­zan ata­ry­lyp, bag­şy aýt­dy­ry­lyp türk­men mil­li­li­gi­ne mah­sus bo­lan däp­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri türk­men mil­li gö­re­şi toý­la­ryň be­ze­gi ha­sap­la­nyp­dyr. Uly-uly toý­la­ra alys­dan we ýa­kyn­dan päl­wan­lar ça­gy­ry­lyp­dyr. Türk­men hal­ky­nyň kö­kü­ni asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýan mil­li gö­re­şi hal­kyň dur­mu­şyn­da bi­çak uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup­dyr. Mu­ňa ede­bi mi­ra­sy­my­za ser sa­la­ny­myz­da hem göz ýe­tir­ýä­ris.

Pasyl çalşygynda sagdynlyk ýörelgesi

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Adam sag­ly­gy dur­mu­şyň göz­ba­şy­dyr diý­sek ýal­ňyş­ma­rys. El­bet­de, adam sag­ly­gy­ny berk sak­la­mak esa­san ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şo­nuň üçin pa­syl­la­ra gö­rä ge­ýin­mek we iý­mit­len­mek örän wa­jyp­dyr.

Ýaş­la­ryň sö­zi — gel­je­giň ýa­ňy

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň ýa­nyn­da «Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» at­ly elekt­ron žur­na­lyň ne­şir edi­lip baş­lan­ma­gy türk­men ýaş­la­ry, hu­su­san-da, ýaş žur­na­list­ler üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy. Aý­da bir ge­zek ne­şir edil­ýän žur­nal il­kin­ji sa­nyn­dan oky­jy­la­ry­nyň söý­gü­si­ni ga­zan­dy, onuň her bir tä­ze sa­ny­na sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myzyň: «Ga­zet­ler­de sün­nä­le­nen ga­zet di­li­ni, žur­nal­lar­da pub­li­sis­tik di­li, ýa­zy­jy­la­ryň eser­le­rin­de şi­re­li çe­per halk di­li­ni gör­mek is­le­ýär­siň» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, «Ar­ka­dag­ly Ýaş­la­ryň» öz «ýü­zi» ke­ma­la ge­lip, onuň di­lin­de ýaş žur­na­list­le­riň ga­zet-žur­nal­la­ryň di­li, pub­li­sis­tik stil, dil me­de­ni­ýe­ti bi­len bag­ly taý­ýar­ly­gy­nyň ýo­ka­ry­dy­gy gö­rün­ýär.

Sport ulgamynyň wekilleri Türkmenistanyň ýaşlar baýragyna mynasyp boldular

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň gel­je­gi gö­nü­den-gö­ni ýaş­lar bi­len bag­la­nyş­dy­ryl­ýar. Ola­ryň oka­ma­gy, öw­ren­me­gi, dö­ret­me­gi, kä­mil­leş­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip, tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dy­ryl­ýar. Şun­dan ugur al­nyp, ýy­lyň-ýy­ly­na Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­di­len gü­ni my­na­sy­bet­li dur­mu­şyň dür­li ugur­la­ryn­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri üçin, şeý­le-de ýo­ka­ry dö­re­di­ji­lik ba­şar­ny­gy­ny hem-de iş­jeň­li­gi­ni gör­ke­zen ýaş­la­ra «Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy­nyň eýe­si» di­ýen hor­mat­ly at be­ril­ýär. Şu jä­het­den, öň­de­ba­ry­jy ýaş­la­ry­my­zyň 2020-nji ýyl­da 47-si, 2021-nji ýyl­da 62-si, 2022-nji ýyl­da 75-si bu hor­mat­ly adyň eýe­le­ri bo­lan bol­sa, Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ola­ryň 140-sy bu be­lent ada my­na­syp bol­du­lar. Şo­la­ryň ara­syn­da ýur­du­my­zyň be­den­ter­bi­ýe we sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de, tä­ze be­lent de­re­je­le­re çy­kar­mak­da my­na­syp go­şan­dy­ny go­şan ýaş­lar, tür­gen­ler hem bar:

Küşt oýnunyň ähmiýeti

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ulgamlarynda heniz görlüp-eşidilmedik ösüşler gazanylyp, belent derejelere ýetilýär. Döwlet Baştutanymyz halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi, ruhubelent hem gujurly bolmaklary üçin mekdeplerimizde bedenterbiýe dersiniň girizilmegi we şol ugurdan ylmy-barlag işleriň geçirilmegi bu meseläniň wajyplygyna şaýatlyk edýär.

Türk­menistanly pa­ra­lim­pi­ýa­çy­la­r: üs­tün­lik­ler we öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly­myz­da, her bir ul­gam­da bol­şy ýa­ly, mil­li sport ul­ga­my­myz­da hem uly üs­tün­lik­le­re, buý­san­dy­ry­jy ne­ti­je­le­re ýe­til­di. Mu­ňa ge­çen no­ýabr aýyn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Owa­za­sy dün­ýä do­lan be­de­wim

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 «At — my­rat» diý­ýän türk­men hal­ky­nyň be­dew ata bo­lan söý­gü­si, sy­lag-sar­pa­sy diý­seň ulu­dyr. Geç­miş­de müň kyn­çy­lyk­la­ry baş­dan ge­çi­ren türk­me­niň hem­syr­da­şy, we­pa­ly dos­ty — aty he­mi­şe ýa­nyn­da bo­lup­dyr. At ýi­gi­de uly güýç, ru­hy gol­daw be­rip­dir. Me­ge­rem, şo­nuň üçin­dir, akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy:

Sport we türkmen ýaşlary

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Sport diýlende, ilki bilen, güýç-kuwwat, hereket, hyjuw göz öňüňe gelýär. Olar bolsa adamyň ýaşlyk döwrüne mahsus alamatlar. Diýmek, sport gönüden-göni ýaşlyk we bu möwsümiň wekilleri bolan ýaşlar bilen baglanyşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary sport bilen dünýä tanalýarlar, sporty wagyz edýärler, Türkmenistanyň sport abraýyny has-da belende galdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar, bu ugurda ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýärler, sport ýaryşlaryny, oýunlaryny teswirleýärler.

Bedenterbiýe we sport — dostluk köprüsi

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň me­ka­ny­na öw­rü­len Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni yzy­gi­der­li wa­gyz et­mek hem-de ýaş­la­ry sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga giň­den ug­ruk­dyr­mak, be­den we ru­hy taý­dan kä­mil nes­li ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­möç­ber­dir. Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň hoş­ni­ýet­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny sport ar­ka­ly ös­dür­mek yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­my­zyň esa­sy­ny düz­ýär.