"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Hekaýa. Ýetginjegiň arzuwy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Jek Kendild, amerikan ýazyjysy.

Dil bi­len­ler ga­la­dyr

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Sport adam be­de­ni­niň sag­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär. Sun­gat bol­sa ru­hy sag­dyn­ly­gy­ny ke­ma­la ge­tir­ýär. Bi­lim al­mak, oka­mak, dil öw­ren­mek, tä­ze in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len ta­nyş­mak bol­sa ada­myň dün­ýä­ga­raý­şy­ny gi­ňeld­ýär, ýet­gin­jek­le­ri ru­hy taý­dan we ze­hin taý­dan öz­gerd­ýär. Ýur­du­myz­da­ky beý­le­ki ýo­ka­ry okuw jaý­la­ry bi­len bir ha­tar­da Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­tin­de hem ta­lyp­la­ryň oka­ma­gy, öw­ren­me­gi, dö­ret­me­gi üçin hem­me­ta­rap­la­ýyn müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ýü­zün­de we şol san­da ýur­du­myz­da dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ren­mek­li­ge we öw­ret­mek­li­ge uly üns be­ril­ýär.

Tebigatyň täsin gurşawy...

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Dün­ýä­de te­bi­ga­tyň adam sag­ly­gy­na ýe­tir­ýän tä­si­ri örän ulu­dyr. Şo­nuň üçin hem is­len­dik bir adam te­bi­ga­ty aýaw­ly sak­la­mak­da özü­niň yh­la­sy­ny gaý­gyr­man dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na eýer­me­li­dir.

Ilkinji zenan fotožurnalisti

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Dünýäde meşhurlyk gazanan žurnalistleriň, has takygy ilkinji zenan fotožurnalistleriň biri-de «boýun egmezek Meggi» ady bilen meşhurlyk gazanan Margaret Burk Uaýtdyr. Bu zenan köp ugurlarda — söweş hereketlerini surata düşürip, öňki Sowet Soýuzynda işlemäge rugsat berlen ilkinji günbatarly fotohabarçy. Onuň işleri Amerikanyň Kongresiniň kitaphanalarynda, Bruklindiň, Kliwlendiň muzeýlerinde saklanylýar. Onuň düşüren şekilleriniň biri Amerikanyň poçta markasynda ýerleşdirildi. Bu zenanyň terjimehaly bolsa dünýäde iň köp satylan kitaplaryň birine öwrüldi.

Be­dew was­py

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ahal­te­ke be­dew­ler­miz eý­ýam­la­ryň be­de­wi­dir,

Bedew - ýigidiň ýoldaşy ýa-da atlaryň taryhyna ser salsaň...

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Dünýäniň çar künjünde bedewiň gadyr-gymmatyny bilýän atşynaslaryň myradyna öwrülen ahalteke atymyz, hakykatdanam, aýamaga, apalamaga mynasyp.

At türkmen üçin ähli zatdyr

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hal­ky­my­zyň be­de­we bo­lan ide­gi, oňa ga­raý­şy has aňyr­dan gel­ýär. Olar be­de­wi­ne aý­ra­tyn göz bi­len se­re­dip, onuň ýe­tiş­di­ri­li­şin­e örän se­re­sap­ly çe­me­le­şip­dir­ler. Ahal­te­ke be­de­wi öň­ki dö­wür­ler­de her bir türk­men öýün­de bo­lup­dyr. Haý­sy öýe bar­saň te­lä­riň as­tyn­da süň­ňü­ne ýag çal­nan ýa­ly ýal­pyl­dap du­ran türk­men aty­na gö­züň dü­şüp­dir. Ola­ra maş­ga­la­nyň bir ag­za­sy hök­mün­de ga­rap­dyr­lar. Ata-ba­ba­la­ry­myz be­dew­le­ri hiç wagt ýa­dat­man­dyr­lar, ola­ra gam­çy çal­man­dyr­lar. Gam­çy­ny olar di­ňe be­zeg hök­mün­de ula­nyp­dyr­lar. Se­bä­bi ahal­te­ke be­dew­le­ri öz­le­ri­niň düş­bü­li­gi, syz­gyr­ly­gy, akyl­ly­ly­gy bi­len eýe­si­ne gam­çy çal­mak ze­rur­ly­gy­ny hem dö­ret­män­dir­ler. Bu­la­ry hal­ky­my­zyň şu aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na, be­dew­le­ri­ne bo­lan ga­ra­ýyş­la­ry­na haý­ran ga­lan sy­ýa­hat­çy­lar bel­läp geç­ýär­ler. Yn­ha, şo­nuň üçin hem, öz mil­li baý­ly­gy­nyň gym­ma­ty­na aň­ry­ýa­ny bi­len dü­şün­ýän hal­ky­myz bu gün be­de­wi­niň şan-şöh­ra­ty­ny dün­ýä iç­re be­lent de­re­je­le­re gö­ter­ýär.

Azi­ýa­nyň ku­bo­gyn­da­ky öz tanyşlarymyz

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ýa­zy­jy Ata Ata­ja­no­wyň «Öz ta­nyş­la­ryň» at­ly ro­ma­ny­ny okan bol­sa­ňyz ge­rek. Eser­dä­ki pel­se­pe ul­la­kan zat­dan söh­bet aç­ýa­nam bol­sa, aw­tor ro­man­da­ky gah­ry­man­la­ryň dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän her bir ki­çi­jik wa­ka­nam us­sat­lar­ça aý­dyp geç­ýär. Mu­nuň özi eser­dä­ki wa­ka­la­ryň ta­nyş adam­la­ryň dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän ýa­ly du­ýul­ma­gy­na ge­tir­ýär. Gah­ry­man­lar sa­ňa ta­nyş, ýö­ne wa­ka­lar baş­ga­rak. Dog­ry, gah­ry­man­la­ryň bi­ze ta­nyş ýa nä­ta­nyş­ly­gy şol wa­ka­la­ra nä­de­re­je­de gatnaşýandygy esa­syn­da kes­git­le­nil­ýär. Şo­nuň üçin umu­my bir or­ta­lyk bar­dyr, el­bet­de? Bu so­wa­la soň do­la­na­rys. Hä­zir biz Azi­ýa yk­ly­my­nyň uly fut­bol sah­na­syn­da çy­kyş eden öz ta­nyş­la­ry­myz ha­kyn­da söh­be­di do­wam ede­li.

Meşhur türgenler hakynda filmler

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Sport dün­ýä­si­ne güýç­li adam­lar gel­ýär. Ola­ryň için­de meş­hur bol­ýan­lar hem az däl. Sa­naw­da sport ta­ry­hyn­da ýat­da ga­lan gy­zyk­ly wa­ka­lar ha­kyn­da çe­per we do­ku­men­tal film­ler hem bar. Ola­ryň üs­ti bi­len dün­ýä bel­li tür­gen­le­riň dur­muş ýo­lu­ny öw­ren­mek müm­kin.

Ki­bers­port sportuň täze görnüşi bolup, onuň esasy aý­ra­tyn­lyk­la­ry

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ki­bers­port — bu wi­deo oýun ýa­ryş­la­ry­dyr. Mun­da oýun­çy­lar ýe­ke­le­ýin ýa-da to­par­la­ýyn gör­nüş­de hem çy­kyş edip bi­lýär­ler. Elekt­ron spor­ta baş­ga­ça komp­ýu­ter spor­ty ýa-da es­port — elekt­ron spor­ty hem di­ýil­ýär. Ol spor­tuň we komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ut­gaş­dy­ryl­ma­sy bo­lup, wir­tu­al gör­nüş­de ama­la aşy­ryl­ýar.

Sag­lyk bag­ta ba­ra­bar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Sag­lyk adam­za­dyň baş baý­ly­gy­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­myz ony baş­la­ry­nyň tä­ji­ne de­ňäp­dir­ler. Şu dü­şün­je ne­sil­den-nes­le ge­çip, bi­ziň şu gü­nü­mi­ze ge­lip ýe­tip­dir. Sag­lyk — esa­sy ha­zy­na. Emma Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň aý­dy­şy ýa­ly, onuň gym­ma­ty­na di­ňe syr­kaw­la­nyň­da dü­şün­ýär­siň:

100 ýaşly amerikaly uzak ýaşamagyň syryny paýlaşýar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 ABŞ-nyň ýa­şaý­jy­sy Çarlz Osing 100 ýa­şy­nyň do­lan­ly­gy my­na­sy­bet­li uzak ýa­şa­ma­gyň syr­la­ry­ny di­le ge­ti­rip­dir. Ol he­mi­şe he­re­ket­de bo­lan­dy­gy­ny, sagdyn iýmitlenendigini we yzy­gi­der­li maşk ed­ýän­di­gi­ni aý­dyp­dyr.

Şöhraty aýandyr älem-jahana

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek XXXIII Olim­pi­ýa oýun­la­ry ba­ra­da oý­la­na­nyň­da, onuň sa­na­wy­na gir­ýän grek-rim gö­re­şi ha­kyn­da oý­lar se­ri­ňe dol­ýar. Spor­tuň, oýun­la­ryň dö­re­ýiş, ösüş ta­ry­hy ha­kyn­da nä­çe oý­lan­dy­gyň­ça, bu ge­çi­len uzak ta­ry­hy ýo­luň do­wa­myn­da halk­la­ryň öza­ra dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň, bi­rek-bi­re­giň dö­re­den, dün­ýä be­ren gym­mat­lyk­la­ry­na go­ýan sar­pa­sy­nyň ta­ry­hy bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýar­syň.

Uky we saglyk

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ho­wa, suw, iý­mit ýa­ly ada­myň ýa­şaý­şy üçin wa­jyp zat­la­ryň bi­ri-de uku­dyr. Ka­da­ly uky ada­ma di­ňe bir dynç ber­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, gü­nüň do­wa­myn­da ka­bul edi­len mag­lu­mat­la­ry, wa­ka­la­ry, şeý­le hem ýat­la­ma­la­ry sel­jer­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Ka­da­ly uk­la­mak üçin kä­bir düz­gün­le­ri ber­jaý et­mek sag­ly­gy­my­zy go­ra­mak üçin örän äh­mi­ýet­li­dir.

Kitap okamak endigi

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Da­şar­da so­wuk şe­mal şuw­la­ýar. Gy­şyň or­ta­sy, ho­wa­nyň tüýs so­wa­ma­ly wag­ty. Al­la­ha şü­kür, öýüň içi ýylja­jyk. Peç gü­bür­däp ýa­nyp dur. Öňüm­de gy­zy­myň dem­läp ge­ti­ren gyz­gyn­ja ça­ýy. Pe­jiň go­la­ýyn­da ýa­zy­lan dü­şek­çä­niň üs­tün­de he­zil edip, düýr­le­nip ýa­tan pi­şi­jek. Ça­ga­la­ryň öý iş iş­läp otu­ryş­la­ry. Ara­syn­da je­del ediş­le­ri. Mek­dep­de bo­lan wa­ka­lar hak­da je­dir­däp gür­rüň be­riş­le­ri. Şu pur­sat­la­ry şeý­le bir go­wy gör­ýän. Dün­ýä­de şun­dan uly bagt ýok bol­sa ge­rek. Üm­süm­lik, asu­da­lyk, ýy­ly­lyk... Beý­ni­ňem dynç al­ýar, be­de­ni­ňem. Uzak­ly gün aýak üs­tün­de zäh­met çeki­len­den soň, ag­şam­ky peç ba­şyn­da­ky dynç alyş ja­ny­ňa mel­hem bol­ýar. Bu peç ba­şy­nyň my­la­ýym üm­süm­li­gi, pi­kir­ler ýu­ma­gy­my uzak­la­ra ti­gir­läp alyp gid­ýär. Ça­ga­lyk döw­rü­me ba­ryp düş­ýän.

Hasap (Iňlis tymsaly)

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Londonly bir kişi her gün säher bilen şäheriň merkezindäki seýilgähde ylgap, türgenleşik geçýär ekeni. Günüň-gününe-de ol gutap satylýan dükanjygyň deňinden geçmeli bolýar. Gutabyň bahasynyň näçediginden habarly türgen, her gün geçende satyja 50 pens berip, gutap alman geçip gidýän ekeni.

«Bir pökgi geçirmän» gazanylan ýeňiş

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Aw­to­bus­da­ky ýo­lag­çy­la­ryň gür­rü­ňi bir on­dan tut­dur­ýar­dy, bir mun­dan. Gür­rüň ahyr­so­ňy sport te­ma­sy­nyň üs­tün­den düş­di. Bir­den­kä otu­ran­la­ryň ara­syn­da gar­ta­şan­rak bi­ri ýa­nyn­da­ka ýüz­le­nip:

Aý­law­da dö­rän adal­ga

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri öz için­de met­bu­gat­çy žur­na­list­ler, te­le­žur­na­list, ra­dio­žur­na­list, in­ter­net žur­na­lis­ti, fo­to­žur­na­list ýa­ly dür­li ugur­la­ra bö­lün­ýär. Ola­ryň her­si­niň öz aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lup, her ug­ruň in­çe syr­la­ry bar. Mun­dan baş­ga-da, žur­na­lis­ti­ka­nyň pu­dak­lar bo­ýun­ça bö­lün­ýän­di­gem oky­jy­la­ra mä­lim­dir. Şo­la­ryň ara­syn­da gon­zo žur­na­lis­ti­ka­sy­na oky­jy­la­ryň ün­sü­ni çek­mek is­le­dik. Bu ugur aý­law­da bo­lan wa­ka­dan göz­baş al­ýar.

Türk­me­nis­tan bir mi­ze­mez da­ragt­dyr

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Döw­let­li döw­ran do­la­nan ça­gy dur­muş dur­şy bi­len dü­re dön­ýär. Bu bag­ty­ýar bar­ly­gyň her bir zer­re­si ba­dy-sa­ba­nyň owa­zyn­da ýaň­lan­ýan bagt ha­kyn­da­ky mu­kam bo­lup, ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak baý­ly­ga ba­ra­bar­dyr. Şeý­le aja­ýyp, eş­ret­li za­ma­na­nyň goý­nu­na ata­ran, ata ýur­du­my­zyň sars­maz dag deý ar­ka­sy bo­lan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­lent ady Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, dün­ýä dol­ýan be­ýik iş­le­riň, Türk­me­nis­ta­nyň ok­gun­ly ösü­şi­niň öz­bo­luş­ly şöh­le­len­me­si­ne, ruh­lan­dy­ry­jy­sy­na öw­rül­di. Çün­ki her bir ýe­ti­len sep­git­de Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­ny aý­dyň gör­mek bol­ýar. Se­bit­de we ýur­du­myz­da il­kin­ji «akyl­ly» şä­her bo­lan Ar­ka­dag şä­he­ri­ne, şo­nuň bi­len ady­bir ga­ze­te, te­le­ýaý­ly­ma Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ady­nyň da­kyl­ma­gyn­da ag­zy­bir, je­bis hal­ky­my­zyň Hak ho­wan­da­ry­na bo­lan bi­möç­ber söý­gü­si öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. «Ar­ka­dag» fut­bol to­pa­ry­nyň ga­zan­ýan ýe­ňiş­le­ri­niň aňyr­syn­da hem Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ady­nyň ru­hy gol­da­wy, berk yna­my bar.

Sport - agzybirlik we je­bis­li­k

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da mil­li spor­tu­my­zyň tä­ze be­lent­lik­le­re çyk­ma­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty giň­den wa­gyz et­mek, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ro­waç­lan­dyr­mak ug­run­da ba­şy­ny baş­lan köp­ta­rap­ly iş­le­ri­niň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li do­wam et­di­ri­lip, tä­ze sep­git­le­ri na­zar­la­ýan­dy­gy­nyň buý­san­dy­ry­jy gü­wä­si­dir. Onuň, ha­ky­kat­dan-da, şeý­le­di­gi­ne ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň 2023 — 2027-nji ýyl­lar üçin ÝU­NES­KO-nyň — Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň dü­zü­mi­ne saý­la­nyl­ma­gy aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.