Ilkinji zenan fotožurnalisti

29 Mart 2024
213

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024

Dünýäde meşhurlyk gazanan žurnalistleriň, has takygy ilkinji zenan fotožurnalistleriň biri-de «boýun egmezek Meggi» ady bilen meşhurlyk gazanan Margaret Burk Uaýtdyr. Bu zenan köp ugurlarda — söweş hereketlerini surata düşürip, öňki Sowet Soýuzynda işlemäge rugsat berlen ilkinji günbatarly fotohabarçy. Onuň işleri Amerikanyň Kongresiniň kitaphanalarynda, Bruklindiň, Kliwlendiň muzeýlerinde saklanylýar. Onuň düşüren şekilleriniň biri Amerikanyň poçta markasynda ýerleşdirildi. Bu zenanyň terjimehaly bolsa dünýäde iň köp satylan kitaplaryň birine öwrüldi.

Rejepnur GURBANNAZAROW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika kafedrasynyň mugallymy.