«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň ähli ulgamlarynda heniz görlüp-eşidilmedik ösüşler gazanylyp, belent derejelere ýetilýär. Döwlet Baştutanymyz halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň sagdyn ösmegi, ruhubelent hem gujurly bolmaklary üçin mekdeplerimizde bedenterbiýe dersiniň girizilmegi we şol ugurdan ylmy-barlag işleriň geçirilmegi bu meseläniň wajyplygyna şaýatlyk edýär.