«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda, her bir ulgamda bolşy ýaly, milli sport ulgamymyzda hem uly üstünliklere, buýsandyryjy netijelere ýetildi. Muňa geçen noýabr aýynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň geçirilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.