Söz as­ly­ny yz­la­saň...

29 Dekabr 2023
194

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023

Gö­reş spor­ty asyr­la­ryň do­wa­myn­da hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da uly orun eýe­läp­dir. Türk­men­ler­de toý-da­ba­ra­lar gö­reş­siz geç­män­dir. Di­ňe toý­lar­da or­ta çyk­ýan päl­wan­lar däl, eý­sem ba­şa tel­pek ge­ýen her bir ki­şi ça­ga­lyk­dan deň-duş­la­ry bi­len bil­le­şip, toý­lar­da päl­wan­la­ryň gö­re­şi­ne se­re­dip, bu sun­ga­tyň esas­la­ry­ny ele alyp­dyr, gö­re­şiň en­çe­me emel­le­ri­ni öz­leş­di­rip­dir we ze­rur ha­la­tyn­da, me­se­lem, sö­weş­ler­de ola­ry ulan­ma­gy ba­şa­ry­dyr. On­soň hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş dur­mu­şy­na şu­lar ýa­ly eriş-ar­gaç or­na­şyp gi­den gö­reş spor­tu­nyň mil­li me­de­ni­ýe­ti­miz­de, aň-dü­şün­jä­miz­de, hu­su­sa­nam, söz baý­ly­gy­myz­da dür­li rö­wüş­ler­de öz be­ýa­ny­ny tap­ja­gy şüb­he­siz­dir. Şo­ňa gö­rä-de, türk­me­niň ga­dym­dan ga­lan kä­bir aýt­gy­lar­dyr na­kyl­la­ry­nyň asyl ge­lip çy­ky­şy hem, bel­ki, unu­dy­la­nam bol­sa, gö­reş spor­ty we oňa da­hyl­ly ga­ra­ýyş­lar­dyr däp-des­sur­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Yn­ha, ola­ryň kä­bi­ri.

Gurt ÜÝŞ­ME­KOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Türk­men­ba­şy şä­her bir­leş­me­si­niň teh­ni­ki gö­zeg­çi­si.