Saglyk we sport medeni ösüşiň sazlaşykly binýadydyr

19 Iýun 2023
438

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda saglyk, sport we medeniýet ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar. Eziz Diýarymyzda ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.Şol mümkinçilikerden peýdalanyp, türkmen türgenleri ýurdumyzdaky hem-de halkara derejesindäki ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler.

Saglyk durmuşyň ynsana eçilen iň naýbaşy gymmatlygy hasaplanylýar. Saglygy gorap saklamak we berkitmek üçin sport bilen meşgullanmak gerek. Şonuň üçin adamyň durmuşynda sporta aýratyn orun berilýär. Sport şahsyýetiň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy we kämilleşmegi bilen birlikde bellibir düzgünlere görä ýeňiş ugrundaky göreşde üstünlik gazanmaga gönükdirilen hereketdir. Häzirki döwürde jemgyýeti sagdyn durmuşa gönükdirmekde sport wajyp orny eýeleýär.

Güljemal SOLTANOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.