50 mile aňrybaş ylgawdaky aňrybaş aldaw

19 Iýun 2023
462

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023

Durmuşda, onda-da sportda şan-şöhrat gazanmaga bolan höwes gaty uly bolarly. Kimseler bu maksada ýetmek üçin aýlap-ýyllap surnukdyryjy türgenleşik geçýärler, öwrenýärler, yhlas edýärler. Olaryň yhlasy hem, köplenç halatda, myrat bolýar. Ýöne sport üstünligini gazanmak üçin her-hili pyssy-pyjurlyk edýänlerem ýok däl. Olar üstünlik gazanmagyň aňsat usulyny gözläp, her zada baş urýarlar. Ilçilik-dä, süri agsaksyz bolýarmy, näme? Onça-onça zatlar sportda bolman duranok, indem bolar. Ýöne Mançesterden Liwerpula çenli 50 mil (80 kilometr töweregi) aralyga geçirilen ylgawda şotlandiýaly türgen gyz Ýosiýa Zakşewskiniň çykaran hokgasy sportuň müň bir öwüşginli dünýäsinde ençeme çarşenbäni başdan geçiren žurnalistleriňem ýakasyny tutdurdy. Dogrusyny aýtsaň, Zakşewskiýniň türgen hökmünde abraýy ýetik, ol geçen ýyl Taýbeý ultramarafonynda dünýäniň rekordyny goýdy, şonda ol 48 sagadyň dowamynda 255,66 mil (411,45 km) aralygy ylgap geçipdi. Şeýle hem ol 200 km aralykda Britaniýanyň rekordynyň eýesi. Onuň başga gazanan üstünlikleri hem bar. Ýöne bu gezek bu türgeniň ylgawyň belli bir böleginde görkezen tizligi öňküleriň çeni-çaky bolmady, ol şol bölegi heniz görlüp-eşdilmedik tizlik, ýagny sagatda 35 mil tizlik bilen ylgap geçipdir. Şeýle ýüwrük adamyň ýanynda, Useýn Bolt dagy nämejik, tozanyna eýgerjekmi onuň? Ýöne bu ylgawda şotland türgeni... Geliň, gowusy, şu «ýöneleriň» üstünde has jikme-jik durup geçeliň. 

Taýýarlan Maýsa MEREDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.