Sport we kino: kämilligiň gözleginde

19 Iýun 2023
306

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023

Kino atly jadylaýjy sungatyň güneşli Diýarymyza sary ilkinji gadamlary sportdan we sporty söýüjileriň guramaçylygyndan başlanypdy. Türkmenistanyň ýaşaýjylary ХХ asyryň ilkinji ýylynda ilkinji gezek Aşgabadyň welosipedçiler jemgyýetiniň klubynda hereket edýän suratlara tomaşa etdiler. Aşgabadyň ýaşaýjylary üçin bu uly täsinlikdi. Tomaşa diňe saýlama ýolbaşçylar, käbir atly adamlar üçin elýeterlidi. 1901-nji ýylyň 22-nji aprelinde welosipedçileriň klubynda ikinji gezek kino görkezişi bolýar. Şonda tomaşaçylar 80 sany gysgajyk filmi görüpdirler. Bu barada Bütindünýä welosiped gününi bellemek başlangyjynyň esasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gürrüň bermegi aýratyn buýsançlydyr.

Sähragül JANMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.