Sportuň rowaçlanýan ýurdy

19 Iýun 2023
640

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Katarda dünýä çempionaty geçirildi. Bu ägirt uly sport baýramçylygy diňe bir halklary ýakynlaşdyrman, eýsem, döwletiň içerki ykdysady ösüşine-de uly täsir etdi. Edil şunuň ýaly, iri taryhy ähmiýetli sport baýramçylygy biziň ýurdumyzda-da 2017-nji ýylda ýaýbaňlandyrylyp, giň gerime eýe boldy. Bütin Aziýa yklymynyň ähli halklaryny sportuň 20-den gowrak görnüşi boýunça özünde jemlän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçirilip, halklary jebisleşdirdi. Täze dostluga, täze ösüşlere, täze hyzmatdaşlyklara ýol açdy.

Magtymguly MEREDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň magistranty.