Oýun bilen sazlaşykly terbiýe

19 Iýun 2023
336

«Türkmenistan Sport», № 2 (18), 2023

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty köpugurly ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Dünýä ýaryşlarynda, olimpiada oýunlarynda Watanymyzy şöhratlandyrmak üçin ukyply, zehinli türgenleri taýýarlamak we kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hasaplanylýar. Sporty we olimpiýa hereketlerini ösdürmek hem-de oňa ýaşlarymyzy çekmek işi umumy orta bilim berýän mekdeplerden başlanýar. Şeýlelikde, bu iş ýaşlarda zähmet endiklerini kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek, halkymyzyň ruhy medeni gymmatlyklaryny döredijilikli baýlaşdyrmak ýaly asylly sypatlar bilen utgaşdyrylmalydyr. Elbetde, ýaşlarda zähmet endiklerini terbiýelemekde türkmen milli oýunlaryň hem ähmiýeti uludyr.

Gülälek SÖÝEŞOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň magistranty.