Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän gymmatlykdyr. Ýurdumyzda bu ulgamy ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurtda bu ugurda hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Olimpiýa hereketi ösdürilýär.
Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgeleri kemala gelýär. Sportuň dürli görnüşleri boýunça milli türgenlerimiziň ösüp ýetişmegi netijesinde, sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňeýär.