"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

Welaýatlardan habarlar

Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Türkmenistanyň taryhynda ilkinji olimpiýa medalyny gazanan, agyr atletika boýunça ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň agzasy Polina Gurýewany we onuň tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu taryhy waka mynasybetli Balkan welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň TMÝG-niň Balkan welaýat geňeşi, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda Baş müdirligimiziň hünärmenleriniň we tälimçileriniň gatnaşmagynda «Sporta sarpaň üçin, sag bol, eziz Arkadag!» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler türkmen sportunyň ösmegi ugrunda edýän taýsyz tagallasy üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Sagdyn jemgyýet — kuwwatly watan

Raýatlaryň sagdynlygynyň ýurduň baş baýlygy hasaplanylýan döwletimizde ynsan saglygyny goramak durmuşyň esasy we mizemez kadasyna öwrüldi. Sagdynlygy we ruhubelentligi kemala getirmekde bolsa sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ähmiýeti örän uludyr. Çünki sport sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň baş şertidir, bagtyýarlygyň gözbaşydyr, parahatçylygyň we dost-doganlygyň ilçisidir. Sport ýurdumyzda öňe sürülýän ýaşlar syýasatynyň-da esasy ýörelgesidir. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym ― sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr. Sporta söýgi durmuşa söýgidir!» diýip nygtamak bilen, türkmen ýaşlaryny beden we ruhy taýdan kämil, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän nesiller edip ýetişdirmegi aýratyn alada bilen gurşap alýar. Soňky ýyllarda sport watandaşlarymyzyň her biriniň durmuşynyň gündelik hemrasyna öwrüldi. Ýurdumyzda dürli sport baýramçylyklarynyň bellenilmegi, oba-şäherlerimizde sport mekdepleridir toplumlaryň, stadionlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi we olarda döredilen şertler ildeşlerimiziň bu peýdaly endige bolan höwesini has-da artdyrýar. Bu bolsa nesil saglygynyň ilkinji şertleriniň biridir. Halkara we döwlet derejesindäki sport ýaryşlarynda türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri netijesinde ýaşyl Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bolsa türkmen sportuny dünýäde şöhratlandyryp, ho

Ýe­riň dar­tyş güý­ji

Agyr atletikaçylar Tokioda Türkmenistanyň Olimpiýa däbini esaslandyrdylar Türkmen sportunyň şöhratly gadamlarynyň jümle-jahana dolmagynda agyr atletikanyň wekilleriniň mynasyp paýynyň bardygyny bilmeýän barmy diýsene?! Hiç zatdan bihabar adamdan hem haýsy türgeni tanaýaň diýseň, säginmän «Altymyrat» diýer. Bu biziň neslimiziň futbolda «Maradona» diýşini ýatladar. Altymyrat Maradonanyň futbol meýdançasynda «ot ýakdyrmaýan» wagtlary ýetginjekleriň dünýä çempionatynda özüne taý tapanokdy.

“Atletiko” we “Milanyň” täze transferleri

Ispaniýanyň çempionaty La Liganyň çempiony Atletiko Madrid nemes kluby Herta Berlin toparynyň braziliýaly ýarymgoragçysy Mateus Kunýany transfer etdi. 22 ýaşyndaky futbolçy üçin ispan kluby berlinlilere 26 million ýewro hem-de indiki transferiň 10 göterimini berer. Matrasçylar Kunýa bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdylar. ***

Gurban Berdiýew “Kaýrat” toparynyň baş tälimçiligine bellenildi

Türkmenistanly meşhur tälimçi Gurban Berdiýew ýene-de tälimçilige dolandy. Ol maý aýynda maslahatçy hökmünde işe başlan topary Gazagystanyň “Kaýrat” klubunyň tälimçiligine bellenildi. Şu gün 69 ýaşyny dolduran ussat tälimçi şu ýylyň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. Şertnamanyň möhleti gerek bolan ýagdaýynda ýene-de iki ýyllyk uzaldylyp bilner. Soňky gezek 2017-2019-njy ýyllar aralygynda “Rubine” tälim beren Berdiýew futbolçylyk ýyllarynda 5 möwsüme golaý “Kaýratda” oýnaýar. Gurban Berdiýew 1994/1995 möwsüminde “Kaýrat” toparynyň baş tälimçisi wezipesinde işläpdi.

“Bawariýanyň” 12 süňňi abat

Germaniýanyň Kubogy ýaryşynyň birinji tapgyrynda “Bawariýa” myhmançylykda 5-nji liganyň wekili “Bremer” bilen duşuşdy. Myhmanlaryň hökmürowanlygynda geçen oýunda münhenliler 12-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Bawariýa” taryhy hasap bilen ýeňiş getiren gollary Çupo-Moting (8, 28, 35, 82), Musiala (16, 48), Warm (27, ö.d.), Tillmann (47), Sane (65), Kuisanse (80), Sarr (86) hem-de Tolisso (88) geçirdi. Ýer eýelerinden Nobile 77-nji minutda gyzyl kart aldy. Bu ýeňiş “Bawariýanyň” 1997-nji ýyldan bäri gazanan iň uly hasaply ýeňşidir. “Bawariýanyň” ikinji tapgyrdaky garşydaşy 29-njy awgustda belli bolar.

“Şerif Tiraspol” – UEFA Çempionlar ligasynyň täze wekili

UEFA Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlary tamamlanyp, toparçalarda çykyş etmäge hukuk gazanan ähli toparlar belli boldy. Öz meýdançasynda “Dinamo Zagrebi” 3-0 ýeňen Moldowanyň “Şerif Tiraspol” topary myhmançylykda golsuz deňme-deň oýnady (0-0) we taryhynda ilkinji gezek läheňleriň ligasyna adyny ýazdyrdy. Ol bu ýaryşda çykyş ilkinji moldowan kluby bolar. “Şerif” topary Çempionlar ligasynda çykyş etjek 146 klub bolsa, Moldowa bu ýaryşa wekil ugradan UEFA-nyň 34-nji agzasy boldy. Ýaryşyň birinji saýlama tapgyryndan başlan Şerif bu tapgyrda Albaniýanyň Teuta toparyny myhmançylykda 4-0, öz meýdançasynda-da 1-0 ýeňdi. Şerif 2-nji saýlama tapgyrynda Ermenistanyň Alaşkent toparyny myhmançylykda 1-0, Tiraspolda 3-1 utdy. 3-nji saýlama tapgyrynda-da Serbiýanyň güýçli kluby Srwena Zwezdany 1-1 we 1-0 hasaplardan soň ýaryşdan çykardy.

Southempton 8-0, Arsenal bilen Aston Willa 6-0 ýeňdi

Angliýanyň Liga Kubogy ýaryşynda 2-nji tapgyrynda ýeňiş gazanan toparlar uly hasaplar bilen garşydaşlaryny utdy. Çempionata soňky ýyllardaky iň şowsuz başlangyç eden Arsenal myhmançylykda West Bromwiç Albiony 6-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Pier-Emerik Obameýang 3 gezek tapawutlandy. Şeýle-de, Southempton topary myhmançylykda 4-nji liganyň wekili Nýuport Kaunti klubundan 8-0 üstün çykdy. Oýunda Elýunussi 3, Broža 2 gol geçirdi. Aston Willa hem 4-nji liganyň topary Berrow klubunyň derwezesinden jogapsyz 6 pökgi girizdi. Gollaryň 3-sini Arçer, 2-sini El Gazi, beýleki birini-de Gilbert öz atlaryna ýazdyrdylar.

“Ahal” “Nasafdan” asgyn geldi

AFK-nyň Kubogy ýaryşynda ýurdumyňyz wise-çempiony “Ahal” myhmançylykda Özbegistanyň Garşy şäheriniň “Nasaf” toparyndan 3-2 asgyn geldi. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 1-nji ýarymda Marko Stanoýewiçiň (26) hem-de Andriýa Kaluderowiçiň (32) gollary bilen 2-0 öňe saýlandylar. Ildeşlerimiz 2-nji ýarymda Elman Tagaýewiň (60, 69 p) gollary bilen hasaby deňleselerem, 76-njy minutda 11-nji metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Husain Norçaýew özbek toparyny Inter zolagyň finalyna çykardy. “Nasaf” zolagyň finalynda ýa-da ýaryşyň ýarym finalynda Hindistanyň “ATK Mohun Bagan” topary bilen duşuşar.

Türgen doganlar

Çagalar, araňyzda sport bilen meşgullanýanlaryň kändigini-hä bilýäris, köpiňiz jigileriňize-de görelde görkezýärsiňiz. Araňyzda doganlarynyň göreldesine eýerip, sporta gyzygyp giden çagalar az däl. Sizi tanyşdyrmak isleýän oglanlarymyz hem söweş sungatynyň kumite, şahsy kata, uşu görnüşleri boýunça ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýan türgen doganlar Merdan we Amangylyç Hudaýnazarowlardyr. Olar Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň takyk ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 6-njy we 2-nji synp okuwçylary. Doganlar Kerki etrabyndaky 1-nji sport mekdebine yzygiderli türgenleşiklere gatnap başlaýarlar. Ilkibaşda sport mekdebiniň çägindäki ýaryşlarda Merdanyň üstünlik gazanyp başlamagy onuň öz güýjüne bolan ynamyny artdyrýar. Şeýdip, 8-9 ýaşlaryna ýetende, ol welaýatyň açyk çempionatlarynda baýrakly orunlary eýeläp başlaýar. Doganynyň gazanýan üstünlikleri Amangylyç üçin hem görelde bolýar. Oglanjyk ýaňy 4-5 ýaşlarynda öz ýaşytdaşlarynyň arasynda etrabyň ýeňijisi bolmagy başarýar. Doganlar diňe bir sport ulgamynda şowlulyk gazanmak bilen çäklenmän, eýsem, mekdepde hem göreldeli okuwçylaryň hatarynda tanalýarlar.

Sazlaşykly ösüşe hemaýat

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna barýan güneşli Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek maksady bilen giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Köpçülikleýin çäreleriň netijesinde ýaşlarymyz bu gün sport bilen yzygiderli meşgullanyp, sazlaşykly ösüp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýärler. Biz hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýylyň dowamynda ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmegi maksat edinip, dürli ýaryşlary, bäsleşikleri yzygiderli geçirip durýarys. Bu çärelere ýaşlar işjeň gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Şeýle çäreleri ýokary, orta we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle hem orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda guradyk. Geçen döwürde «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň 151-sini geçirdik. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna öwüşgin çaýýan bu bäsleşikler özüniň täsirliligi hem-de çekeleşikliligi bilen tapawutlandy. Ýeňiji bolan ezber türgenlerimize bolsa guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdyk.

Güýçlüleriň güýçlüsi

«Güýç synanyşmak» oglanjyklaryň arasyndaky iň «meşhur ýaryşlaryň» biri. Şeýle dälmi? Ilki öz göwräňe görä daýawrak çiginleriňi deňeşdirersiň. Oňa-da ynanmasalar, eliňe ilen daşy ýa-da kesegi uzaga oklap, «ukybyňy görkezersiň». Güýjüňi onda-da «ykrar etmeseler», daş-töwerekden nähilidir bir agyrlyk tapyp, şony ýerden galdyrarsyň. Şol agyrlygy galdyryp bildiňmi, soň saňa dostlaryň «güýçli» diýer. Şol ady bir alyp bilseň hezildir, synpdaş oglanjyklaryň arasynda saňa taý tapylmaz. Özüňe bolan ynamyň has artar. Ýöne agyrlyk götermek gyzjagazlara mahsusmyka? Ýok, olaryň aralarynda başga-başga ýaryşlar. Mundan 12-13 ýyl ozal Polina atly bir gyzjagaz hem şol pikire uýup, ilki gimnastika gatnap başlady. Ýöne beýleki gyzlardan tapawutlylykda, ony agyr atletika özüne çekdi. Şeýlelikde, ol 11-12 ýaşlarynda bu sportuň bir gyrasyndan girdi. Bu sport bilen meşgullanyp başlanyna 10 ýyl geçensoň bolsa ýurdumyzyň taryhynda Olimpiýa medalyna mynasyp bolan ilkinji türgen bolmagy başardy...

Sürüjiniň ilkinji çempionlygy

«Formula E» boýunça möwsümiň 14 — 15-nji ýaryşlary Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilip, 2020 — 2021-nji ýyllaryň dünýä çempionaty tamamlandy. 14-nji ýaryşda «Audi» toparynyň braziliýaly sürüjisi Lukas Di Grassi 38 aýlawy 46 minut 22,528 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki ikinji ýeňşini gazandy. 15-nji ýaryşda bolsa «Venturi-Mercedes» toparynyň fransiýaly sürüjisi Norman Nato hemmeden öň pellehana geldi. Netijede, 15-nji ýaryşdan soň umumylykda utugyny 99-a ýetiren «Mercedes» toparynyň niderland sürüjisi Nik De Wris «Formula E» boýunça 2021-nji ýylyň çempiony bolmagy başardy. 14-nji ýaryşda 22-nji, 15-nji bäsleşikde-de 8-nji ýeri eýelän Nik De Wris ikinji ýeri eýelän şweýsariýaly topardaşy Eduardo Mortaradan 7 utuk öňe saýlandy. Mortara, şol sanda 15-nji bäsleşigiň öňüsyrasynda çempionlyk gazanmaga mümkinçiligi bolan britaniýaly Jeýk Dennis («Andretti-BMW»), Täze zelandiýaly Mitç Ewans («Jaguar») dagy möwsümiň soňky ýaryşyny tamamlap bilmedi. Şunlukda, Nik De Wrise çempionlyk üçin sekizinji ýer hem ýeterlik boldy. Mortara çempionaty 92 utuk bilen 2-nji, Dennis 91 utuk bilen 3-nji hatarda tamamlady.

Sportuň dabaralanýan şäheri

Aşgabadyň binagärlik keşbini aýratyn görke eýe eden täsin desgalardyr binalar, ýaşaýyş toplumlary, şäherçeler bu gün diňe bir paýtagtlylaryň däl, eýsem, ähli halkymyzyň guwanjyna öwrüldi. Şeýle şäherçeleriň hataryndaky Olimpiýa şäherçesi ýaşlaryň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedir. Olimpiýa şäherçesi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde sporty we olimpiýa hereketini ösdürmäge ýardam edýän ägirt uly taslama hökmünde mermer paýtagtymyz Aşgabadyň günorta böleginde kemala getirildi. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. 157 gektar ýeri öz içine alýan Olimpiýa şäherçesi Merkezi Aziýada iň iri sport toplumlarynyň biri bolmak bilen, Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan köpugurly sport desgalaryna bildirilýän ähli talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan desgalaryň 40-a golaýyny öz içine alýar.

Üstünlik erjele ýaran

Golf boýunça zenanlaryň arasynda 45-nji gezek geçirilen «Britan Açyk» ýaryşynda şwesiýaly Anna Nordkwist çempion boldy. Ol Şotlandiýanyň Karnousti şäherçesinde guralan bu ýaryşda 276 utuk toplap, ýeňiş gazandy. Ýeňijä 870 müň dollarlyk pul sylagy gowşuryldy. 34 ýaşly golfçy «PGA Championship» hem-de «Evian Championship» bäsleşiklerinden soň, uly ýaryşlaryň 5-siniň 3-sinde çempion bolmagy başardy. Bu onuň umumylykda 12-nji kubogydyr. Ýaryşda angliýaly Georgiýa Holl, şwesiýaly Madelen Sagström hem-de amerikaly Lizette Salas birmeňzeş utuk gazanyp, ikinji orny eýelediler.

Ýaşlaryň bäsleşigi

Ýeňil atletika boýunça Keniýada 20 ýaşa çenlileriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Çempionata 116 ýurtdan 958 türgen gatnaşyp, olar ýeňil atletikanyň 22 görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Onlarça rekordyň goýlan çempionatynda iň köp altyn medaly ýer eýeleri — keniýaly ýeňil atletikaçylar gazandylar. Olar 8 altyn, 1 kümüş, 7 bürünç, jemi 16 medal gazanmagy başardylar. 4 altyn medal gazanan iki ýurduň arasyndan Finlýandiýa (4 altyn, 1 kümüş) kümüş medalda Nigeriýadan (4 altyn, 3 bürünç) öňe saýlanyp, 2-nji ýeri eýeledi. Efiopiýaly, ýamaýkaly, Günorta afrikaly, botswanaly hem-de şwesiýaly ýeňil atletikaçylar çempionaty 3 altyn medal bilen tamamladylar. Ýeňil atletikanyň iň esasy ýaryşy hasaplanýan 100 metre ylgamakda erkekleriň arasynda botswanaly Letsile Tebogo 10,19 sekuntda pellehana gelip, altyn medala mynasyp boldy. Bu ugurda zenanlardan ýamaýkaly Tina Kleýton 11,09 sekuntlyk görkeziji bilen beýleki ylgaýjylardan öňe saýlandy.

Muhammed Aliniň agtygy ýeňiş bilen başlady

Ady rowaýata öwrülen boksçy Muhammed Aliniň agtygy Niko Ali Walş sport ýolundaky ilkinji tutluşygynda nokaut bilen ýeňiş gazandy. Ol ABŞ-nyň Oklahoma Siti şäherinde Jordan Wiks bilen geçiren duşuşygynyň ilkinji raundynda garşydaşyny tehniki nokaut bilen ýeňlişe sezewar etdi. 21 ýaşly boksçy bu duşuşykda babasynyň sowgat beren boks sport eşigi bilen çykyş etdi. Muhammed Aliniň gyzy Raşida Ali Walş bilen onuň ýanýoldaşy Robert Walşyň ogly bolan Niko Ali özüniň ilkinji duşuşygyndan soň, ýeňşini 2016-njy ýylda aradan çykan babasyna bagyş edýändigini aýtdy. Ol: «Köplenç babam barada pikir edýärin. Ony göresim gelýär. Onuň agtygy bolmagym, üstümde agyr ýük bar ýaly, meni hemişe köp zatlara borçlandyrýar. Ýöne ol meniň babamdy. Ähli döwürleriň iň meşhur boksçusy, belki-de, iň beýik ynsanlarynyň biridi» diýip gürrüň berdi.

Dünýä birinjiligi

Welosportuň BMX ugry boýunça Dünýä birinjiligi tamamlandy. Niderlandlaryň Arnhem şäherinde geçirilen çempionatda erkekleriň arasynda ýer eýelerinden Niek Kimmann 2-nji gezek ýeňiş gazandy. Ol 34,337 sekuntlyk görkeziji bilen altyn medala mynasyp boldy. 2015-nji ýylda-da dünýä çempiony bolan Niek Kimmann mundan 18 gün öň tamamlanan Tokio 2020 Olimpiadasynda altyn medal gazanypdy. Fransiýaly Silwain Andre 34,500 sekuntlyk netije bilen ikinji ýeri eýeledi. 34,852 sekuntda ýaryşy tamamlan şweýsariýaly Dewid Graf münberiň üçünji basgançagyna çykdy.

Ussatlar «Interiň» düzüminde

Italiýanyň çempionaty «Serie A-da» 11 ýyldan soň çempionlyk gazanan «Inter» topary düzümine 2 futbolçy goşdy. Esasy hüjümçisi Romelu Lukakuny «Çelsä», Aşraf Hakimini-de PSŽ toparyna ugradan «Inter» iki oýunçysynyň hem öwezini dolmagy başardy. Lukakunyň ornuna «Romanyň» bosniýaly hüjümçisi Edin Jeko bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşan «Inter», Hakiminiň deregine-de PSW-niň gollandiýaly sag gyraky goragçysy Denzel Damfrizi transfer etdi. «Inter» topary 25 ýaşly Damfrizi 12,5 million ýewro transfer edip, onuň bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Antonio Konteniň ornuna Simona Inzagini tälimçilige bellän «Inter» topary «Milan» bilen şertnamasy tamamlanan Hakan Çalhanogluny hem edil Edin Jeko ýaly tölegsiz düzümine goşupdy. «Serie A-nyň» çempiony Belgiýanyň «Standard Liež» toparynyň goragçysy Zinho Wanheusdeni hem 16 million ýewro transfer edipdi. Galyberse-de, «Inter» topary «Parmanyň» tejribeli italýan goragçysy Matteo Darmian bilen hem 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Türkmen türgeniniň halkara ýeňşi

Watany beýgelden ynsanlaryň atlary taryha ebedi ýazylýar. Mukaddes Watan özüniň ägirtleri bilen tanalýar. Islendik kärde, islendik hünärde zähmet çekip, ata ýurduň, il-ulsuň abraý-mertebesiniň goragynda gezmek, megerem, bagtyň ulusydyr. Şeýle ynsanlary Watan hemişe sarpalaýar. Ine, ýakynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewanyň kümüş medala mynasyp bolup, göteren agyrlygy bilen birlikde türkmen sportunyň abraýyny hem belende galdyrandygy ildeşlerimiziň köňül guşuny has-da ganatlandyrdy. 21 ýaşly türgeniň ynamly ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykmagy we milli buýsanjymyz bolan Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmagy berkarar Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şanyna şan, şöhratyna ýene bir mertebe şöhrat goşdy.