Türkmen türgeniniň halkara ýeňşi

25 Awgust 2021
919

Watany beýgelden ynsanlaryň atlary taryha ebedi ýazylýar. Mukaddes Watan özüniň ägirtleri bilen tanalýar. Islendik kärde, islendik hünärde zähmet çekip, ata ýurduň, il-ulsuň abraý-mertebesiniň goragynda gezmek, megerem, bagtyň ulusydyr. Şeýle ynsanlary Watan hemişe sarpalaýar.

Ine, ýakynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewanyň kümüş medala mynasyp bolup, göteren agyrlygy bilen birlikde türkmen sportunyň abraýyny hem belende galdyrandygy ildeşlerimiziň köňül guşuny has-da ganatlandyrdy. 21 ýaşly türgeniň ynamly ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykmagy we milli buýsanjymyz bolan Döwlet baýdagymyzy belende galdyrmagy berkarar Watanymyzyň Ýer ýüzündäki şanyna şan, şöhratyna ýene bir mertebe şöhrat goşdy.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant.