Sürüjiniň ilkinji çempionlygy

25 Awgust 2021
862

«Formula E» boýunça möwsümiň 14 — 15-nji ýaryşlary Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilip, 2020 — 2021-nji ýyllaryň dünýä çempionaty tamamlandy. 14-nji ýaryşda «Audi» toparynyň braziliýaly sürüjisi Lukas Di Grassi 38 aýlawy 46 minut 22,528 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki ikinji ýeňşini gazandy. 15-nji ýaryşda bolsa «Venturi-Mercedes» toparynyň fransiýaly sürüjisi Norman Nato hemmeden öň pellehana geldi.

Netijede, 15-nji ýaryşdan soň umumylykda utugyny 99-a ýetiren «Mercedes» toparynyň niderland sürüjisi Nik De Wris «Formula E» boýunça 2021-nji ýylyň çempiony bolmagy başardy. 14-nji ýaryşda 22-nji, 15-nji bäsleşikde-de 8-nji ýeri eýelän Nik De Wris ikinji ýeri eýelän şweýsariýaly topardaşy Eduardo Mortaradan 7 utuk öňe saýlandy. Mortara, şol sanda 15-nji bäsleşigiň öňüsyrasynda çempionlyk gazanmaga mümkinçiligi bolan britaniýaly Jeýk Dennis («Andretti-BMW»), Täze zelandiýaly Mitç Ewans («Jaguar») dagy möwsümiň soňky ýaryşyny tamamlap bilmedi. Şunlukda, Nik De Wrise çempionlyk üçin sekizinji ýer hem ýeterlik boldy. Mortara çempionaty 92 utuk bilen 2-nji, Dennis 91 utuk bilen 3-nji hatarda tamamlady.