Ussatlar «Interiň» düzüminde

25 Awgust 2021
984

Italiýanyň çempionaty «Serie A-da» 11 ýyldan soň çempionlyk gazanan «Inter» topary düzümine 2 futbolçy goşdy. Esasy hüjümçisi Romelu Lukakuny «Çelsä», Aşraf Hakimini-de PSŽ toparyna ugradan «Inter» iki oýunçysynyň hem öwezini dolmagy başardy. Lukakunyň ornuna «Romanyň» bosniýaly hüjümçisi Edin Jeko bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşan «Inter», Hakiminiň deregine-de PSW-niň gollandiýaly sag gyraky goragçysy Denzel Damfrizi transfer etdi. «Inter» topary 25 ýaşly Damfrizi 12,5 million ýewro transfer edip, onuň bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Antonio Konteniň ornuna Simona Inzagini tälimçilige bellän «Inter» topary «Milan» bilen şertnamasy tamamlanan Hakan Çalhanogluny hem edil Edin Jeko ýaly tölegsiz düzümine goşupdy. «Serie A-nyň» çempiony Belgiýanyň «Standard Liež» toparynyň goragçysy Zinho Wanheusdeni hem 16 million ýewro transfer edipdi. Galyberse-de, «Inter» topary «Parmanyň» tejribeli italýan goragçysy Matteo Darmian bilen hem 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.