Sazlaşykly ösüşe hemaýat

25 Awgust 2021
911

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna barýan güneşli Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek maksady bilen giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Köpçülikleýin çäreleriň netijesinde ýaşlarymyz bu gün sport bilen yzygiderli meşgullanyp, sazlaşykly ösüp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýärler. Biz hem jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýylyň dowamynda ýaşlary köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä çekmegi maksat edinip, dürli ýaryşlary, bäsleşikleri yzygiderli geçirip durýarys. Bu çärelere ýaşlar işjeň gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Şeýle çäreleri ýokary, orta we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň, şeýle hem orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda guradyk. Geçen döwürde «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleri» atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň 151-sini geçirdik. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna öwüşgin çaýýan bu bäsleşikler özüniň täsirliligi hem-de çekeleşikliligi bilen tapawutlandy. Ýeňiji bolan ezber türgenlerimize bolsa guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdyk.

Babakuly HOJAMKULYÝEW,
«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat boýunça hünärmeni.